05.01.2023 Bäsleşikler132

Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler!


«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» giňden belleniljek Halkara zenanlar gününi has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy «Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady:
 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri wagyz etmek, zenanlaryň ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki, edep-ekram bermekdäki ornuny, maşgala mukaddesligini, şeýle-de milli el hünärlerimiziň aýratynlyklaryny döredijilikli beýan etmek bäsleşigiň esasy maksady bolup durýar. Döredijilik bäsleşigi dürli kärlerde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň çeper döredijilige bolan höwesini ýokarlandyrmagy hem maksat edinýär.

 Bäsleşigiň şertleri:
 «Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler!» atly döredijilik bäsleşigine berkarar Watanymyzyň her bir raýaty öz döreden çeper eserleri bilen gatnaşyp biler. Bäsleşige iberilýän eserlerde täze taryhy döwürde ýurdumyzda zenanlar hakda edilýän aladalar, jemgyýetimizde olaryň orny, watansöýüji nesilleri terbiýelemekleri, döredijilikli we netijeli zähmet çekmekleri babatynda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler, maşgala mukaddesligi, ýaş gelin-gyzlaryň el hünärine yhlasy we ajaýyp dünýäsi, bir-birege sylagy hem açylyp görkezilmelidir. Eserler şahyrana, çeper beýan edilmelidir.

 Bäsleşigiň jemini jemlemek.
 «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasyna iberilýän makalalaryň, oçerkleriň, şahyrana eserleriň, goşgularyň, çekilen suratlaryň iň gowulary gazetde çap ediler. Döredijilik bäsleşiginiň emin agzalary 3-nji martda bäsleşigiň jemini jemläp, makalalar, oçerkler, goşgular, hekaýalar, suratlar we beýleki çeper eserler boýunça ýeňijileri aýratynlykda kesgitlär.

 «Bahar gelse begres geýer ene Ýer, Zeminiň görküdir eziz eneler!» atly döredijilik bäsleşiginde her ugur boýunça 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar. Bäsleşikde höweslendiriji baýraklar hem göz öňüne tutulýar.


www.turkmenmetbugat.gov.tm
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti


Tmpedagog