26.02.2023 Bäsleşikler116

Paýtagtymyzda binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçiriler


 «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» - şeýle at bilen türkmen paýtagtynda şu ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýanyň Tehnologiýalar merkezinde binagärlik-taslama döredijilik sergisi geçiriler.

 Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesi hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty guraýarlar.

 Binagärlik sergisine umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, orta hünärment mekdepleriniň, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş mugallymlar, ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň ýaş hünärmenleri, şeýle hem türkmen ýaşlarynyň sungata çuňňur höwesli döredijilik zehinli wekilleri çagyrylýar.

 Sergi: ýaşaýyş jaýlary; medeni-durmuş ähmiýetli binalar we seýilgähler; göwrümli maket ýa-da 3D-animasiýa ýaly esasy üç ugurda geçirilýär. Teklip edilýän täze taslamalar ozal beýleki döredijilik çärelerine gatnaşmadyk we metbugatda çap edilmedik işler bolamlydyr.

 Sergä hödürlenýän taslamalara bildirilýän talaplar bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň resmi saýtynyň habarlar / bildirişler bölüminde tanşyp bilersiňiz. Goşmaça maglumatlary (+99365) 81-44-82 telefon arkaly alyp bolar.

 Emin agzalary awtorlaryň işlerine baha berende taslamalaryň oňaýlylygyny (ulanyş amatlygyny) we taslamalaryň konstruktiw çözgütlerini (uzak möhlete niýetlenendigini), ykdysady taýdan maksadalaýyklygyny, estetiki we milli aýratynlyklaryny ýa-da binanyň, desganyň, seýilgähiň häzirki zaman arhitekturasyny göz öňünde tutarlar.

 Serginiň üç ugrunyň hersinden eminler tarapyndan iň köp ses alan üç taslama kesgitlener. Sesleriň köplügine esaslanybam şol eserleriň awtorlary I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Ýaş zehinleriň sergisinde göze ilýän işleri döredenlere Hormat hatlary gowşurylar.

 Binagärlik-taslama döredijilik sergisi binagärlik pudagynda taýýarlanan özboluşly milli we innowasion taslamalara garamak hem-de baha bermek, ýurdumyzyň ýaşlaryny ýerli binagärlik we şäher gurluşygyny has-da kämilleşdirmek, olary ylma we döredijilige höweslendirmek, özbaşdak ylmy gözlegleri geçirmäge we çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Anastasiýa Kasýanowa


turkmenistan.gov.tm

Tmpedagog