23.03.2023 Bäsleşikler189
«Arkadagly Serdar bilen ýaşlarymyz bagtyýar» atly döredijilik bäsleşigi
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hem-de «Türkmen dünýäsi» gazetiniň bilelikde guramagynda döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryndaky bedew batly ösüşlerimizi, ýaşlarymyzyň gazanýan üstünliklerini, milli medeni miraslarymyzy wagyz etmek maksady bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän «Arkadagly Serdar bilen ýaşlarymyz bagtyýar» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary baş ýörelgesine öwren Arkadagly Serdarymyzyň yhlas-aladasy netijesinde Türkmen döwleti diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, hiç mahal gaýtalap döredip bolmajak milli medeni gymmatlyklary bilen-de bütin dünýäde tanalýar. Bu günki gün giň halkara jemgyýetçiligi Türkmenistany il-ýurt bähbitli ägirt işleriň amala aşyrylýan, älemgoşar öwüşginli halylaryň, ýelden ýyndam bedewleriň, wepaly alabaýlaryň, saryja goýunlaryň dörän hem asyrlaryň dowamynda kämillik derejesine ýetirilen mekany diýip bilýärler. Halkymyzyň ynsanperwer däp-dessurlarydyr edebi, medeni gymmatlyklary hem ajaýyplygy bilen meşhurdyr. Onsoň, şeýle gymmatlyklarymyzyň ruhunda terbiýelenen ýaş nesilleriň ynsançylygyň iň gowy sypatlaryny özünde jemlän hakyky watançylar bolup ýetişjekdigine ynanýarys.
Bäsleşigiň maksady
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan köpugurly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň ruhy dünýäsini açyp görkezýän medeni, edebi, taryhy gymmatlyklarymyz giňden wasp edilmegine mynasypdyr. Şu nukdaýnazardan, bäsleşigiň esasy maksady makalalaryň, hekaýalaryň we goşgularyň üsti bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyrylýan köpugurly ägirt işleri töwerekleýin düşündirmekden; köpöwüşginli milli medeni miraslarymyzy halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň, dünýä türkmenleriniň arasynda wagyz etmekden; hemişelik Bitarap döwletiň Baştutany hökmünde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer işleriniň dünýäniň parahat ösüşlerine, halklaryň birek-biregi bilen ynanyşyp ýaşamaklaryna ýetirýän oňyn täsirlerini açyp görkezmekden; mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soň ata Watanyny köňül nagmasyna öwren dünýä türkmenleriniň, şeýle hem her ädimde döwletimiziň özleri hakynda edýän aladasyny duýup, bagtyýarlykda ýaşaýan halkymyzyň eşretli durmuşyny beýan etmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň şertleri
— Kärine, ýaşyna seretmezden, her bir adam öz döreden makalasyny, hekaýasyny we goşgusyny bäsleşige hödürläp biler.
— Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özleri hakyndaky gysgajyk maglumaty (doglan ýyly, işleýän we ýaşaýan ýeri, hünäri, telefon belgisi) goşmalydyrlar.
— Eserler kompýuterde ýyglyp, iki nusgalykda (disk ýazgysy bilen) şu salga ýollanylmalydyr: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly-100, Erkin döredijilik mekany, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasy.
— Bäsleşige hödürlenýän eserler 2023-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.
— Bäsleşikde ýeňiji bolan eserleri «Türkmen dünýäsi» gazetinde çap etmeklik meýilleşdirilýär.
— «Arkadagly Serdar bilen ýaşlarymyz bagtyýar» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlar Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylýar. Baýraklaryň maliýe çykdajylary Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi tarapyndan üpjün edilýär.
— Bäsleşigiň guramaçylyk işlerini Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi we «Türkmen dünýäsi» gazeti ýerine ýetirýärler.
Bäsleşigiň jemini jemlemek
— Eminler topary bäsleşige gelen makalalara, hekaýalara we goşgulara aýratynlykda serederler hem-de ýeňijileri kesgitlärler.
— Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň sentýabrynda jemleniler.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi, «Türkmen dünýäsi» gazeti.
"Türkmen dünýäsi" gazeti, 22.03.2023
www.turkmenmetbugat.gov.tm