09.05.2023 Bäsleşikler133

«Tarypyň dillerde dessan Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigi


Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde yglan edýän «Tarypyň dillerde dessan Aşgabat» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy:

Bäsleşigiň maksady:
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durnukly gazanylýan ösüşler bagtyýarlygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şanşöhrata besleýär. Bu gün Türkmenistan Garaşsyz hem özygtyýarly döwlet hökmünde dünýäniň üns merkezindäki ýurtlaryň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler watandaşlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere ser salyp, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen paýtagtynyň aýratynlygyny, gözelligini, ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň guramaçylyk toparyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň wekilleri girizilýär.

Bäsleşigiň düzgünleri
: Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, mugallymlar, talyplar we okuwçylar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşigiň jemi boýunça «Tarypyň dillerde dessan Aşgabat» şygary astynda Aşgabat şäherini, onuň gözelligini, ajaýyp binagärlik gurluşyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde eýe bolan belent ornuny açyp görkezýän edebi we žurnalistiki eserler 1000 sözden az bolmadyk möçberde ugradylyp bilner.

Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň işgärlerinden düzüler.

Bäsleşigiň jemi boýunça Aşgabat şäheri hakynda žurnalistikanyň dürli žanrlarynda taýýarlanylan materiallardan we edebiýatyň dürli žanrlarynda döredilen eserlerden ýeňijiler we höweslendiriji baýraklaryň eýeleri belli ediler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda edebiýat we žurnalistika boýunça ýeňijiler aýry-aýrylykda yglan ediler.

Eminler topary tarapyndan yglan edilen ýeňijileriň arasyndan baş baýraklaryň (2 sany baş baýrak), baýrakly orunlaryň (2 sany 1-nji orun, 2 sany 2-nji orun, 2 sany 3-nji orun) we her ugur boýunça 6 sany höweslendiriji baýraklaryň (jemi 12 sany höweslendiriji baýrak) eýeleri kesgitleniler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary, sowgatlar we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sanlary gowşurylar.

Bäsleşigiň geçiş tertibi
: Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda ýa-da resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler. Bäsleşige gatnaşýanlar öz maglumatlaryny (ady, familiýasy ,atasynyň ady, okaýan ýa-da işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgileri we internet salgysy) doly görkezmedik halatynda olaryň materiallary kabul edilmez.

Elektron salgy: turkmenistansport@sanly.tm
Telefon: 22-81-38



"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 08.05.2023

Tmpedagog