18.01.2023 Bäsleşikler178

Üns beriň, bäsleşik!


 Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Ýaşlaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

 Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýär. Şeýle-de ýaşlaryň hukuklaryny goramak, ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleriniň gerimini giňeltmek baradaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklaýar.

 Arkadagly Serdarymyzyň hossarlyk aladasy netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerinde häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hut şunuň netijesinde türkmen ýaşlary ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar.

 Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça hem netijeli işleri alnyp barylýar.

 Olar hakynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda söhbet açmak we olary çeper beýan etmek yglan edilýän bäsleşigiň baş maksadydyr.

 Döredijilik bäsleşigi makalalar, hekaýalar, goşgular žanrlary boýunça geçirilip, oňa ýurdumyzda giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýeleýji, ýokary hilli bilim almaga, döredijilik we sport bilen meşgullanmaga, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmaga höweslendiriji, olarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdüriji mazmunly, şeýle-de halk hojalygynyň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän ýaşlaryň görüm-göreldesini ýokary çeperçilik derejesinde wasp edýän eserler gatnaşdyrylar.

 Döredijilik bäsleşigine eserler 2023-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul ediler we olaryň gowulary welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemi Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda jemlenilip, onuň ýeňijilerine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

 Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler aşakdaky salga ýa-da gazetiň elektron poçtasyna (turkmengundogary-gazeti@online.tm) ugradylmalydyr: Türkmenabat şäheriniň S.A.Nyýazow köçesiniň 42-nji jaýy, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy. «Ýaşlaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy» atly döredijilik bäsleşigine.


"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 17.01.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog