18.08.2023 Bäsleşiker226

«TÜRKMENARAGATNAŞYK» AGENTLIGI ÝAŞLARY «SANLY ÇÖZGÜT-2023» BÄSLEŞIGINE GATNAŞMAGA ÇAGYRÝAR


Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi açyk diýlip yglan edildi.

2023-nji ýyl üçin açyk diýip yglan edilen «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigiň ugurlary kesgitledi.

 Bäsleşigiň ugurlarynyň sanawy:

  1.    1.Saglygy goraýyş;

  2.    2.Ylym we bilim;

  3.    3.Ulag-logistika;

  4.    4.Elektron senagaty;

  5.    5.Oba hojalyk;

  6.    6.Hyzmatlar ulgamy;

  7.    7.Robototehnika.

Bäsleşige ähli fiziki we ýuridiki şahslary özleriniň programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalary bilen gatnaşyp biler.   

Ýaşlaryň her biriniň işlerine, taslamanyň jemgyýetçilik, ykdysady, önümçilik we dolandyryş meselelerindäki ähmiýeti, ylymyň we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanýan täze çözgütleri köpeltmek mümkinçiligi,  şeýle hem onuň özboluşlylygy, elýeterliligi, hili we dizaýny boýunça baha berler.

«Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň söwda we senagaty edarasynda geçiriljek, «Türkmentel – 2023» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň  çäklerinde yglan ediler. Ýeňiji bolan ýaşlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

Her ýylda, ýokary guramaçylykly geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion bäsleşiginiň baş maksady, adam durmuşyny aňsatlaşdyrmak üçin tehnologiýalary yzygiderli ösdürmekden hem-de şol kämil we çylşyrymly tehnologiýalardan peýdalanyp, täze sanlylaşdyrylan döwri kemala getirmekden ybaratdyr.

Bu bolsa algoritmlerden, paradigmalardan, düzüjilerden we platformalardan baş alyp çykýan, döwrebap pikirli IT hünärmenleriň ussatlylygyny talap edýär. IT hünärmen ýaşlary bolsa öz gezeginde, täze sanly çözgütleriň her bir adamyň we umuman jemgyýetiň durmuşyny amatlaşdyrmak üçin has möhümdigine gowy düşünýärler.    






salamnews.tm

Tmpedagog