27.01.2024 Bäsleşiker275

«Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigi


«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, söz ussadynyň gymmaty egsilmejek edebi mirasyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, şeýle hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerine höweslendirmek maksady bilen, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň: «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr!» diýen sözlerinden ugur alnyp yglan edilýän bäsleşigiň baş maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ösüşlerini döredijiligiň dürli ugurlarynda giňden wasp etmekden, zehinli ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşik döredijiligiň şu ugurlary — goşgulary, poemalary, hekaýalary we oýlanmalary ýazmak boýunça geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar döredýän eserlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän, şeýle-de erkin temalar boýunça taýýarlan döredijilik eserlerini 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli bäsleşige hödürläp bilerler.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Berkarar döwletiň ylham joşguny» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 2 sany 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

Bäsleşige hödürlenen işleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary döredilýär.

Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň maý aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli:
Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy.
E-mail: nesil-gazeti@sanly.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
«Nesil» gazetiniň redaksiýasy:
39-95-27, 39-96-36.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi:
44-89-99, 44-88-81.



"Nesil" gazeti, 27.01.2024

Tmpedagog