13.02.2024 Bäsleşiker420

«Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi


Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy döredijilik bäsleşigini geçirýär.


BÄSLEŞIGIŇ MAKSADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüni we dürdäne eserlerini, parasatly pikirlerini täzeden öwrenmekde hem-de onuň at-owazasyny dünýä ýaýmakda döredijilikli çemeleşmelere badalga berildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçiriljek çäreleri göz öňünde tutup, dünýä döwletleriniň we ýurdumyzyň wekilleriniň türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hakyndaky pikir-garaýyşlaryny, söz ussadyna goýýan hormat-sarpasyny, onuň döredijiligi babatda ylmy, çeper-publisistik makalalary, şahyra bagyşlanan, şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerine degişli döreden eserlerini okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.


BÄSLEŞIGIŇ ŞERTLERI

Bäsleşige gatnaşyjylar Magtymguly Pyraga hem-de onuň edebi mirasyna bagyşlanan, dürli žanrlardaky çeper-publisistik makalalary hem-de şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde ýerine ýetirilen eserleri hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenjek eserler türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazylyp bilner.

Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumatlary (işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, doglan ýyly, hünäri, 3x4 ölçegli fotosuraty, elektron salgysyny) hem goşmalydyr.

Eserler kompýuterde ýyglyp, elektron görnüşinde (Times New Roman 14-lik şrifti, 1,5 setirara ölçeglerinde) şu salga ýollanylmalydyr: diyar-zurnaly@sanly.tm

Bäsleşigiň guramaçylyk işlerini «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy ýerine ýetirýär.


BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK

Bäsleşige hödürlenen iň gowy eserler «Diýar» žurnalynda yzygiderli çap ediler. Bäsleşigiň ýeňijileri žurnalyň döredijilik işgärlerinden ybarat eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener.

Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenip, ýeňijiler Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de işjeň gatnaşanlar höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanar.

Habarlaşmak üçin «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynyň telefon belgileri:
39-95-30,
39-95-22,
39-96-13

Elektron salgymyz:
diyar-zurnaly@sanly.tm


"Diýar" žurnaly, №1-2024

Tmpedagog