03.02.2024 Bildirişler640

“Oguz hanyň zehinli nesilleri” saýlanar


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary we matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça 2-nji integrirlenen olimpiadany guraýar. Olimpiada etrap, welaýat we döwlet derejesinde 3 tapgyrda geçiriler.

Geçen ýyl ýurdumyzda ýokary derejede ilkinji gezek geçirilen bu olimpiada umumybilim berýän orta mekdepleriň 9-10-11-nji synplaryndan 30 müň töweregi okuwçy işjeň gatnaşdy. Integrirlenen olimpiadanyň her tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar degişlilikde “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznanyň agzalygyna kabul edildiler. Jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolanlar bolsa, diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda gutardyş synpda okaýan “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly altyn gaznasynyň agzalarynyň içinden ýokary netije gazanan, iňlis dili taýýarlygy ýokary bolan okuwçylara Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler döredildi.

Integrirlenen olimpiada “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, şeýle hem ýokary we orta bilimiň arabaglanyşygyny ýola goýmak, orta mekdep okuwçylaryny okuwa höweslendirmek, olaryň aýratyn zehinlilerini saýlap almak, geljekde kämil inženerleri ýetişdirmek maksady bilen geçiriler.

“Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadanyň I etrap tapgyry üçin hasaba alynyşyklar başlady. Düzgünnama laýyklykda bir mekdepden her synp boýunça 5 sany (IX synpdan 5, X synpdan 5, XI synpyň her birinden 5 okuwçy jemi 20 okuwçy) iň zehinli okuwçy gatnaşyp bilýär. Bu tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň sanawyny mekdep müdiriniň möhri bilen tassyklanan görnüşini, onuň elektron nusgasyny her bir mekdep etrap bilim bölümine tabşyrmaly we elektron görnüşini etrap bilim bölümi jemläp oguzzehin@gmail.com elektron salgysyna 25.02.2024ý senesine çenli tabşyrmaly. Etrap tapgyry tertibe laýyklykda 2024-nji ýylyň mart aýynyň 9-14-i aralygynda geçirilýär. Geçen ýylda geçirilen olimpiadanyň her tapgyrlar boýunça netijesine laýyklykda ýeňji bolan okuwçylar ýeňiş gazanan tapgyryna görä, 2-nji integrirlenen olimpiadanyň degişli tapgyryna mekdep sanawyndan daşary göni gatnaşmaga hukuklydyr. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly 2-nji integrirlenen olimpiadany guramak we geçirmek hakyndaky düzgünnamasy hem-de geçirmegiň tertibiniň goşundy bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz:
https://etut.edu.tm/news/87,
https://etut.edu.tm/news/88


Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99365330333,
+99365878870,
+99363703520,
+99365810810,


Elektron poçta: oguzzehin@gmail.com




Tmpedagog