21.04.2024 Döredijilik72 .

«Owadan gelin» rowaýaty


Bir gün Mollanepes söwda edýän kerwene goşulyp, Hywa gezelenje gidipdir. Ol ep-esli wagt Hywada bolup, bilim alan medresesine, talyplyk ýyllarynyň geçen ýerlerine aýlanypdyr. Ol ýerler şahyryň ruhy dünýäsine egsilmez ganat beripdir. Şeýdibem, birnäçe günden soň ol kerwene goşulyp, yzyna ýola rowana bolýar. Kerwen ep-esli ýol geçenden soň, Mollanepes kerwenbaşa ýüzlenip:

— Siz ýoluňyzy dowam etdiriberiň. Biz çöl-beýewanda güýmenip, kere-mara gitmekçi — diýip, dört-bäş atly bolup kerwenden aýrylyp galýarlar. Kerwen mazaly arany açandan soň, bular hem ýola düşýärler.

Çöl gözelligi — aňňat-aňňat gum depeleri, bahar aýy bolansoň göýä başy kürteli gelin deýin başyny aşak salyp, pür-pudak ýaýradyp oturan sazak-selinler... şahyryň kalbyna ylham berýär. Şol mahal ol köňli joşup, ýoldaşlaryna şygyr okap berýär.

Çöl howasy tiz-tizden üýtgemek häsiýetine eýe bolansoň, birdenem gara ýel turýar-da, Mollanepes dagy barýan ugurlaryny ýitirip azaşýar.

Ara wagt düşüp, ýel ýatansoň, atlylar ýodajyklary yzarlap, bir guýuly oýa barýarlar. Olar biçak suwsapdyrlar. Guýudan bolsa suw almaga hiç hili gaplary ýok. Onsoň olar bialaç garaşmaly diýen pikire gelýärler. Birden guýa suw almaga bir gelniň gelmegi atlylary ukudan oýaran ýaly edýär. Atlylar gelne:

— Yssyda azaşdyk, bize suw berip, bir sogap iş ediň! — diýip ýüzlenýärler.

Emma gelin özüne hiç zat diýilmeýän ýaly, ýüzüni hem galdyrmaýar. Gelniň ol ýerden tiz giderinden ätiýaç eden Mollanepes şahyr suwsuz galmak gorkusy bilen desbi-dähel oňa şygyr bilen ýüzlenýär:

Eýran, Turan, arap, ajam ilinde,
Görmedim seniň deý owadan gelin.
Jahan ragnasynda, bagyň gülünde,
Bolmaz seniň kimin gül beden gelin...

Joşgunly kalpdan çykan sözler gelni biparh goýmaýar. Şol pursat Nepes sözüni dowam etdirýär:

Nepes diýer, aşnalygym ýat olmaz,
Bir görmesem, hergiz köňlüm şat olmaz,
Ýer ýüzünde sen deý perizat olmaz,
Meger, ýere düşdüň howadan, gelin!

Gelin şol pursat ýüzüni galdyraga-da, olara ýüzlenýär:

— Suwy bir özüňiz içmekçimi ýa-da atlaryňyzy-da suwa ýakmakçymysyňyz?

Päk göwün gelniň sözleri şahyr bilen uzak ýoldan gelenlerde oňa bolan uly hormaty döredýär.

— Biz azaşdyk, özümizem, atlarymyzam suwsady. Size duşanymyz gowy boldy. Goý, siziň baky hemraňyz bilen ömrüňiz uzak bolup, ýamanlyk ýüzüni görmäň. Biz siziň ýagşylygyňyzy unutmarys.

Ine, şol ýerde Mollanepes «Owadan gelin» diýen şygryny döredipdir. Ony aýdym edip ilki şahyryň özi aýdypdyr. Soňra bolsa ol goşgy bagşylaryň iň joşgunly aýdymyna öwrülipdir.

Altynjemal REJEPOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
144-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Zenan kalby" žurnaly, №4-2024

Tmpedagog