21.04.2024 Döredijilik51 .

Mährem dünýä


Türkmen zenanlarynyň söýgüli neşiri bolan «Zenan kalby» žurnalynyň her sanyny elime alanymda, ilki bilen, mähriban käbeler hakynda ýazylan makalalary okap çykýaryn. Mukaddeslige deňelýän eneler barada ýazylanlary okamak ýakymly. Olary okanymda, ejem jany ýatlaýaryn. Ejem jan zehinli, işeňňir, çeper elli, mylaýym, arassaçyl zenandy. Zehinli diýmegimiň sebäbi türkmen halk döredijiliginden eserleriň köpüsini, esasan-da, dessanlary gürrüň bererdi. Çagalykda köp gezek diňlänimdenmi ýa-da käbämiň sada dilde düşnükli edip aýdyp berenindenmi, şol dessanlar daşa ýazylan ýaly bolup, aňymda baky galypdyr.

Ol döwürler suwy guýudan çekip içerdik. Ejem bize suwuň her damjasynyň tygşytly ulanylmalydygyny aýdardy.

Ejem el işlerinden, biçim-tikimden oňat baş çykarardy. Obamyzyň gelin-gyzlary gymmat bahaly panbarhat matadan köýnek tikinjek bolsalar, ejeme biçdirerdiler. Uly maşgalanyň eýesi, sekiz çaganyň enesidigine garamazdan, gyzlardyr gelinler köýnek biçdirmäge gelseler, güler ýüz bilen garşylardy. Öýe gelen gyz-gelinleri: «Toýda geýiň» diýip, gowy arzuwlar bilen işini bitirip ugradardy.

Käbäm ugurtapyjydy. Ýadyma düşýär, has kiçijik wagtlarymdy. «Gyzym, saçyň ýüpek ýaly bolupdyr» diýip, saçymy ýuwup, darap, sypap-sypap örerdi. Ulugyz bolanymdan soň hem saçymy ýuwanymda: «Eje, saçym nähili bolupdyr?» diýip sorardym.

Hatarymyzyň gelinlerine baş bolup, obamyzyň toýuna, ýasyna ählisini jemläp alyp barardy. Hatarymyzyň uludan-kiçä hemmesiniň «Dürjemal gelnejesidi!» Olar bir işiň başyny tutjak bolsalar, ejemden maslahat sorardylar. Hatda biri-birinden göwni galan ýagdaýda-da onuň ýanyna gelerdiler. Ejem el işlerine gümra bolup oturan ýerinden göwni galanyň göwnüni awlap, mylaýym sözler bilen ugradardy.

Aýtäç ADYÝEWA,
Tejen etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Zenan kalby" žurnaly, №4-2024

Tmpedagog