Akyl bolsaň gulak goýgul öwüde
(Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna)
Türkmen halkynyň milli guwanjy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy il-gününe ýagşy adam, oňat gylyk-häsiýetli, eliaçyk jomart, tüýs Watan ogly, il ogly bolmagy ündäpdir. Muňa şahyryň:
Sözüni diňlese bir bilen belke,
Myradym nesihat etmekdir halka
— diýen setirleri-de güwä geçýär. Beýik akyldar öwüt-nesihat temasyndan onlarça goşgy döredipdir. Şahyr “Baş üstüne” goşgusynda il-gün üçin, Watan üçin gara başyny orta goýmaga taýýar goç ýigitleri taryplasa, onuň tersine saçak başynda men-men diýip döşüne kakýan, söweş güni tapylmaýan namartlary, gorkaklary pisleýär. Goşgy şeýle başlan ýar:
Namart kimdir biler bolsaň,
Ne diýseň diýr “Baş üstüne!”,
Ezmaýyşyn kylar bolsaň,
Hiç tapylmaz iş üstünde.
Magtymguly namart ýigitlere ýüzlenip: “Sen hiç haçan öwünme, goý, seni il öwsün. Ýersiz-ýere har dek harlama, çünki jeň-söweş iýip ötägider ýaly nan däl” diýip ýangynly sözler bilen olary duzlaýar, halka gulluk etmegi sargaýar.
Çöl ýerde göwre galdyrma,
Ol-da hoş dur syr bildirme,
Lap edip, dahan doldurma,
Jeň nan degil diş üstünde.
Öňden belleýşimiz ýaly, goçýigitler şahyryň diliniň senasy. Ýoldaşyna wepaly, her demde halkym diýip, namys-ar diýip ýanyp-bişýän gerçekleri şeýle taryp edýär:
Magtymguly söweş bolar,
Ýigidiň syry paş bolar,
Ýa başyn biýr, ýa baş alar,
Goç ýigit ýoldaş üstünde.
“Görüm görülmegen ýerde” atly şygry şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli goşgularynyň içinde iň naýbaşylarynyň biri diýsek sözümi zegalat diýen tapylmasa gerek.
Yzzat hormat syn etmegin,
Görüm-görülmegin ýerde.
Akyl bolsaň söz aýtmagyn,
Nobat berilmegen ýerde
— diýmek bilen şahyr nobat berilmedik ýerde geplemezligi, gadyryňy gaçyrmazlygy nesihat edýär. Magtymguly şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli goşgulary häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirenok, geljekde hem ýitirmez.
Sylap BABAÝEW,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky
31-nji orta mekdebiň türkmen dili
we edebiýaty mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 12.01.2023.