10.06.2023 Gollanma81 .

Keşdeçilik kesbi


Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň — zenanlaryň, aýratynam, ýaş gyzlara keşde çekmegi öwredýän zähmet mugallymlarynyň başyny göge ýetirdi.

Işe başlan ilkinji ýylymda mekdebimiziň zähmet otagynyň diwarynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köýnege salynýan nagyşlar ýerleşdirilip, otaga özboluşly bezeg berip duran eken. Olaryň arasynda «Gyzgyran» nagşy hem bardy. Ol bolsa ýaşlyk döwürlerimde aňymda galan bir rowaýaty ýadyma salypdy. Onsoň ony goşgy setirlerine geçiripdim. Her gezek okuw ýylynyň ahyrynda okadýan synplarymyň arasynda bäsleşik geçirenimde, keşdäni wasp etmek şertinde şol goşgyny synplaryň biriniň okuwçylaryna aýtdyrardym. Olaryň ählisiniň soňky setirleri hor bolup aýdan pursatlarynda okuwçylaryma tüýs ýüregimden guwanyp, göwnüm joşa gelerdi.

Ynha, indi bolsa biziň ajaýyp keşdämiz dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Elbetde, oňa begenjimiň, buýsanjymyň çäginiň ýokdugyny dile getirip, söhbedimi ýokarda agzan goşgym bilen jemlemek isleýärin.

Gadym zaman bir ýurduň soltany,
Gyz ýygnapdyr kyrk döwletden kyrk sany.

Patyşa haýbatly gelip ýanyna,
Wehim salan gözelleriň janyna.

Görkezmegi tabşyrypdyr hünäri:
«Goý, her kimi azat etsin öz käri».

Şol gözel gyzlaryň içinde biri,
Türkmeniň guwanjy, gözüniň nury.

Ýatlap türkmen sährasynyň keşbini,
Oňa bolan söýgüsini, yşkyny.

Taryp edip ajap keşde çekipdir,
Soltan oňa haýran galyp bakypdyr.

Patyşa diýipdir gyzlara garap:
«Keşdäni tikiň-de, boluň siz halas!»

Gyzlaň birem oňarmandyr bu işi,
Zar-zar aglap, döküpdirler gözýaşy.

Türkmen gyzy üçin iň bir eziz zat,
Indi ol erkindi, azatdy-azat.

Keşde bilen azat boldy oň jany,
Gyzlar boldy bu keşdäniň gurbany.

Şondan bäri ajap keşde — «Gyzgyran»,
Türkmen eşiginiň bezegi bolan.

Türkmeniň gyzy biz — türkmeniň nesli,
Biz dowam etmeli bu ajap kesbi.



Täzegül JAPAROWA,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 08.06.2023

Tmpedagog