22.08.2023 Gollanma155 .

Kärizler


Hormatly Arkadagymyzyň belent başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda daşky gurşawy, ekologiýany, biosferany arassa, aýawly saklap, içgin öwrenip, geljek nesillere ýetirmek döwlet derejesinde alnyp barylýan işleriň birine öwrüldi. Geljek nesillere galdyrmaga mynasyp zatlaryň hatarynda kärizleri agzamak bolar.

Käriz ýerasty suw akabasy bolmak bilen, peşahyrdan jalawa çenli birnäçe dikanalary öz içine alýan ulgamdyr.

Häzirki döwürde Bäherden etrabynyň çäginde 16 käriz bar. Olar Döwgala obasynda Döwüň kärizi, Akdepe obasynda Hanyň kärizi, Garagan obasynda Injirewäniň kärizi, Durun obasynda Hüntüşiň, Goturyň kärizleri, Bäherden şäherinde Garajanyň, Çopanyň kärizleri, Mürçe obasynda Janabadyň, Ahyranyň kärizleri, Sünçe obasynda Gury çaýyň, Gara suwuň, Tejewäniň kärizleri, Arçman obasynda Gara agylyň kärizi, Börme obasynda Köne Börme, Täzäniň kärizleri, Bamy obasynda Bamy atanyň kärizleridir.

Käriz gazmak üçin, ilki bilen, şol ýerdäki topragyň häsiýetini öwrenipdirler. Munuň üçin çil toprakly pessejik baýyrlaryň 200 — 300 metr aňyrsyndaky ýeri peýläpdirler. Ýerasty suwlary özüne siňdirmän saklaýan topraga «çil» diýilýär. Ol toprak howasyz, çygly ýerde örän berk bolup, suwy geçirmeýär, edil ýelimli ýaly, ondan nämäniň şekilini ýasasaň, köp wagtlap durkuny saklaýar. Emma howa çalsa pytraýar, dagaýar.

Ýer astynda näçe mukdarda suwuň bardygyny bilmek üçin, ilki, dikligine dikana gazylýar. «Dikana» diýlip kärizleriň dik guýularyna aýdylýar. Olarda suw ýok mahaly «dikana», suw gelensoň, «guýy» diýilýär. Gazylýan dikananyň diametri iki garynyň uzynlygynda bolýar. «Gary» diýip, adamyň goşaryndan, tirsegine çenli aralyga aýdylýar. Gözbaşdaky suwy gözlemek üçin gazylýan dikana, käriziň iň çuň guýusy bolup, ol kähalatlarda 60 gulaja ýetýär. «Gulaç» diýip iki eliňi gereniňdäki uzynlyk ölçegine aýdylýar. Ol, takmynan, 170 — 180 santimetre deň bolýar. Aşak gazylyp başlananda adamboýy çuňluk bolýança çagylly gowany el bilen çekip çykarýarlar. «Gowa» — aýlaw torba görnüşli gönden taýýarlanan gap. Onuň agzy mydama açyk bolar ýaly agaçdan haçja ýasalyp berkidilýär.

Gazylýan dikananyň çuňlugy adam boýundan geçensoň, ýokarsynda çarh oturdylýar. Çarhyň ortasyndan geçýän oky dikananyň iki tarapyndan dikilen utunlaryň (agajyň) üstünde erkin aýlanar ýaly ýarym Aý şekilli ýatak ýasaýarlar.

Çarhyň dört tarapynda deň agramly ganatlary bolýar. Şol ganatlaryň daşyndan urgan atylýar. «Urgan» diýlip ir döwürlerden bäri köp bölegi çöpürden, galan bölegine pagta, ýüň, kendir ýaly tebigy zatlar goşulyp işilen, bükdürilen ýa-da örülen ýüpe aýdylýar. Urganyň ujundaky iltewaja «gaňyrçak» diýilýär. Ondan gowa ýa-da «eşek» asylýar. «Eşek» diýlip käriz ussalarynyň iki aýagynyň uýlugyna çenli sokulýan halka aýdylýar. Ol üç gary uzynlykdaky ujy halkaly ýüplerden we olaryň arasyny birikdirýän ýüpden ybarat. Onda ussalar oturan ýagdaýda dikananyň düýbüne düşýär ýa-da dikananyň düýbünden ýokaryk daşyna çykýar. Urganyň gapdalyndan çarhyň utunyna baglanyp, aşakdaky işler tamamlanýança asylyp goýulýan ýüpe «hammal ýüpi» diýilýär. Hammal ýüpi ätiýaçlyk üçin goýlup, aşakda işleýänlere howp abananda, urgandan hem çalt hereket etmek üçin ýa-da urganyň aşak-ýokaryk gatnaýan wagty ulanmak üçin niýetlenýär. Hammal ýüpüniň uzaboýuna, ähli ýerinde halkalary ýa-da düwünleri bolýar.

Dikana gazylyp çygly topraga barlanda diwarda bellik goýulýar. Ikinji dikana diňe şol bellikden ugur alnyp gazylýar. Töwerekden nemleriň syzylyp gelşine üns berlip, bellikden aşak adamboýy gazylýar-da, töwerege giňeldilip başlanýar. Alty ýa-da sekiz ganat ak öýüň mysalynda giňlik döredilýär. Onuň diwarlaryndan syzylyp suw akýar. Şol giňeldilen dikananyň 4-5 ýerinden dürli tarapa 5 — 10 metr töweregi uzynlykdaky söwjagazlar darajyk edip gazylýar. Şolardan gözbaşa suwlar ýygnanyp başlaýar. «Söw» diýlip dikanalary birikdirýän ýerasty ýaba aýdylýar. Gözbaş we söwler gazylýarka, içinden çykýan ownuk çagyllar bilen topur daşyna çykarylýar. Uly daşlary düýbünde alnyp galynýar. Olardan gözbaşyň hem söwleriň iç ýüzüne palana örülýär. «Palana» diýlip söwlerde, gözbaşda, dikanalarda diwarlary opurylmaz ýaly agaçdan, daşdan, kürede bişirilen kerpiçlerden örülen örtgä aýdylýar.

Peşahyrda (gözbaşda) aşaklygyna 3-4 sany köljagaz gazylýar. Şol köljagazlara bir gije-gündizde ýygnanýan suwuň mukdary anyklanylýar. Şol ýygnanýan suwlardan ussa bir meşigi ýeriň üstüne alyp çykyp, adamlara paýlaýar. «Meşik» diýlip geçiniň derisinden taýýarlanan suw gaba aýdylýar. Adamlar suwuň tagamyny barlap görýärler, ol suw süýjümi, talhymy ýa-da şormy kesgitleýärler. Suw göwünlerine ýarasa, käriziň indiki dikanalaryny gazmak işine başlaýarlar.

Peşahyrdaky ýörite taýýarlanan giňişlik suwdan dolansoň, söw gazylyp, suw ýeriň ýüzüne çykarylýar. Suwuň ýeriň ýüzüne çykýan ýerine «jalawa» diýilýär. Suwy gerekli ýere akdyrmak üçin jalawa gazyljak tarapda aralyk iki tanap töwereginden ikinji dikana gazylýar. Şondan hem jalawa tarap söw alnyp gaýdylýar. Söwüň ini iki garynyň uzynlygynda, boýy dört garynyň beýikliginde, düýbi tekiz düşer ýaly gazylýar. Düýbüniň tekiz düşmegi üçin içi suwly tulum ulanypdyrlar. «Tulum» diýlip, iki geçiniň derisinden tikilen ýumşak suw gaba aýdylýar. Suw guýlanda tulkuldap duran, ýumşak tulumlar diňe söw gazylanda ulanylýar. Suw daşamak üçin düýä atylýan tulumlar öküziň hamyndan taýýarlanýar. Tulum söwüň düýbünde goýlanda, tulumyň haýsy tarapyna suw az ýygnansa, şol ýer beýik hasap edilipdir. Söwüň düýbi tekiz bolsa suw kadaly akypdyr, belent ýerleri suwuň haýal akmagyna sebäp bolup, suw çişýär we gapdallary yzgar alyp ýumşaýar, opurylýar. Pes tarapynyň suwy gaty akýar we käriziň düýbünde bir ýere daş sürýär-de, kiçijek bent emele getirýär.

Söwi göni alyp gitmek üçin arasy iki gulaç bolan üç yşygy bir hatara düzüpdirler. Yşyklar howasy az, çygly ýerlerde-de gowy ýanmak ukyby bolan geçi ýagyndan taýýarlanypdyr. Pagtany ýörite işip, pelte ýerine yşykdanda ulanypdyrlar. Yşykdanlary toýun toprakdan ýa-da şykgydan taýýarlapdyrlar. Olaryň kürelerde bişirilen görnüşlerini hem ulanypdyrlar. Ýer astynda iri daşlaryň selçeň ýerlerinde, suw çalt akyp çagyl sürmez ýaly her 30 — 40 metrden bir metr saga ýa-da çepe sowgut edilipdir. Çil toprakly ýerlerde göni gazylypdyr.

Söwler gazylýarka ýerasty dag gaýalarynyň ýa-da has uly daşlaryň hem gabat gelýän wagtlary seýrek bolmandyr. Şonda gaýany deşip geçipdirler. Ýerasty gaýany deşmek üçin ýeriň üstünde kerkaw agajyny ýakyp, közler deşiljek ýere guýlupdyr. Gaýanyň belli bölegi gowy gyzanda bolsa şol ýere suw sepipdirler. Gyzyp duran daşa suw degende jaýryklar emele gelipdir.

Söwler gazylanda topragy ýeriň üstüne çykarmak üçin çagylly, daşly ýerlerde 35 — 40 metrden, toprakly ýerlerde 25 — 30 metrden dikanalar gazylýar. Peşahyrdan jalawa çenli iň uzyn kärizlerde 70 — 80 dikana bolup, ol kärizleriň uzynlygy 2000 — 3000 metre ýetýär. Kärizleriň iň soňky gazylanlaryna-da 2-3 asyr bolupdyr, has irkileriniň 2500 — 3000 ýyllyk taryhy bar.

Kärizi gazmak üçin ussa bilen ýanyndaky kömekçisiniň üç iş guraly bolýar. Esasysy külüň. Ol gysgajyk agaç saply, iki ýüzli, bir tarapy teşä meňzeş, beýleki tarapynyň ujy çişlenen. Gysgajyk agaç saply, gaňyrçagy giňeldilen hem uzaldylan kätmenleri hem-de gysgajyk agaç saply pilleri bolýar. Ussa bilen kömekçisi aşak girenlerinde eginlerine geçiniň derisinden çöpürli ýüzi daşyna edilip tikilen eşik geýýärler. Ol çyglylykdan hem dikananyň agzyndan gaçýan daşlardan goraýar. Şeýle hem dikana girilip-çykylýan wagtynda olar kellelerine agaçdan taýýarlanan ýörite çanak geýýärler. Ýokardan gaçýan ownujak daşlar guýynyň düýbüne barýança tizligi ýokarlanyp, degen ýerine zeper ýetirýär.

Ähli söwler taýýar bolandan soň, iň aýgytlaýjy iş bolan peşahyr bilen ikinji dikananyň arasyna söw gazylýar. Bu işler amala aşyrylan wagtynda bent alyp duran ähli suw birden gaýdar gorkusy bolany üçin, her gün öňki gazýanlarynyň ondan biri ýaly gazyp, eserdeň işleýärler. Ätiýajy elden bermän, aşakda ady belli halypalar kömekçisiz ýeke özleri işleýärler.

Şol döwürde suw üçin ekerançylyga, maldarçylyga amatly akabany çekmeli bolupdyr. Şonda jalawadan başlap, alaşa atyň üstüne onuň adatça göterýäninden iki esse artyk ýük ýükläp, özbaşyna goýberýärler. Ýüki agyr bolan alaşa duýgurlyk bilen ýeriň niresi pes bolsa, şol ýerden ýöreýär. Yzyna düşýän adamlar bolsa suw geçiriljek ýabyň ugruny kesgitläpdirler. Kärizden gelýän suw durlanan badyna bolsa oba adamlary käriziň piri bar diýip, jalawanyň boýunda sadaka beripdirler.

Käriz suwunyň obanyň içinden ýa-da deňinden geçýän ýerlerinde suw almak üçin, obanyň çetinde suwa düşer ýaly, obadan çeträkde bolsa atlary ýuwmak üçin birnäçe güzerleri taýýarlaýarlar.

Häzirki döwürde «Ahalagyzsuw» birleşiginiň «Bäherdenagyzsuw» müdirliginde 70-den gowrak kärizgen zähmet çekýär. Olar gatnar ýaly awtoulaglar, işlemek üçin dürli senetler, metal çarhlar, häzirki zaman başgaplar, el çyralar bilen doly üpjün edilen.

Arkadagly Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp zähmet çekýän «Bäherdenagyzsuw» müdirliginiň işgärleriniň öňünde goýan esasy maksady Bäherden etrabynyň halkyny arassa, jana şypaly käriz suwy bilen üpjün etmekden ybarat.

Salyhmuhammet HOMMADOW,
Bäherden etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň müdiri, mirasy öwreniji.

"Watan" gazeti, 22.08.2023

Tmpedagog