Beýik dananyň keşbi çeperçilik sungatynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny halkara derejesinde toý-dabaralara besläp bellemek barada taýýarlyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu şanly senä bagyşlap, milli kinematografiýaçylarymyz tarapyndan ýörite filmi surata düşürmek işleri ýola goýulýar.
Dünýä edebiýatyna ägirt uly goşant goşan ajaýyp söz ussadynyň çeper keşbi türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde hem mynasyp orun alyp gelýär. Şahyryň ilkinji hyýaly (kanoniki) keşbini döreden Aýhan Hajyýew bilen bir hatarda bu ugurda ajaýyp işleri bilen adygan ussatlaryň hatarynda Atabally Kiçigulyýewiň ady hem hormat bilen tutulýar.
Türkmenistanyň at gazanan suratkeşi, Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy Atabally Kiçigulyýew Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen aýratyn gyzyklanyp, bu ugurdan birnäçe ýatda galyjy eseri döredipdir. Suratkeşiň söz ussadynyň şygryýet dünýäsine goýan belent sarpasy 1968-nji ýylda döreden «Magtymgulynyň goşgulary» atly işinde aýdyň görünýär. Bu belent sarpa suratkeşiň 1983-nji ýylda döreden «Pyragy», 1990-njy ýylda dörän «Magtymguly», 1991-nji ýylda döreden «Magtymgulynyň keşbi» ýaly surat eserlerinde has-da kämil suratlandyrylýar. Suratkeşiň baý dünýägaraýşy, pikirleri, reňk duýuş ukyby ady agzalan eserler arkaly şahyryň döredijilik dünýäsini açyp görkezmekde özboluşly usuly emele getirýär. Bu işlerde şahyryň keşbi arkaly türkmen psihologiýasy, filosofiýasy we dünýägaraýşy şöhlelenýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 1947-nji ýylda döreden «Magtymguly» atly hyýaly keşbinde dana Pyragy bir tarapa seredip otyr. Şondan soň her bir türkmen suratkeşi şahyryň keşbini janlandyranynda şol öwrümi gaýtalaýar. Atabally Kiçigulyýew hem «Magtymgulynyň keşbi» (1991) atly işini döredeninde bu öwrümden peýdalanypdyr. Eserde şahyr uzaklara seredýär. Onuň joşup gelýän ylhamyny dodaklarynyň müňküldeýşinden aňmak bolýar. Şahyr, göwnüňe bolmasa, bu keşbi bilen tomaşaça:
Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öwser ýeli türkmeniň.
Gül gunçasy gara gözmüň garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň —
diýip, watançylyk duýgularyny ündäp duran ýaly.
Şahyryň arkasynda ikinji hatarda türkmen obasynyň deňinden hatar gurap geçip barýan kerwen görünýär. Mele çägäniň ýüzündäki öwrümli ýollar jaňyň sesini hyýalyňda duýmaga ýardam berýär. Gündogardan jahan ýagtylyp gelýär. Daglaryň üstüne gök hem-de sary öwüşginler çaýylypdyr. Bu eziz Watan — şahyryň ylham çeşmesi. Gyzyl reňkleriň sazlaşygy şahyryň şekilini has-da dabaralandyrýar.
Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde aýdyň şöhlelenýär. Munuň özi halypa we ýaş suratkeşleriň beýik söz ussadynyň şahsyýetine we döredijiligine goýýan belent sarpasyndan nyşandyr.
Ýazgül BEGNIÝAZOWA,
Gyzylarbat etrabynyň G.Kulyýew adyndaky
20-nji orta mekdebiniň mugallymy, sungaty öwreniji.
"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 11.09.2023