29.09.2023 Gollanma176 .

«Goýaňa gulan ýagy...»


«Agşam çygy samany ýumşadýar» diýip, goýny tomusda gije gezdirip, gündiz gabalansoň, çopanam ukusyny gündize geçirýär. Daşyna petde aýlanyp her ýerden körük goýlan çertegimizde ýaňy bir gyşarypdyk welin, itleridir mallary örüzip geldi «UAZ-69» ulagy. Hangöter edibem gaňňyl bolan birini düşürdiler çertege. «Guragyry büren inimizi bejerip bersin, gyzgyn çägä gömsün» diýip, Ata aga ugratdy» diýibem çopanyň uguny ýekelediler. Çopan hassany synlap birneme oturansoň: «Munuň suwy sykylypdyr, indem gyzgyn çägä gömseň heläk bolar. Onsoňam ýigitde guragyry däl-de, goýaň bar. Damarlaryny gatyja üşedipdir. Ine, şu ýerlere goýnuň guýruk ýagyny ýuka kesip, gyzdyryp, dözer-dözmez edip basmaly. Gulanyň ýagyny siňdirip, owkalap, tebibiň tapbady bilenem ýumşatmaly. «Gulan ýagy gurat eder» diýipdirler. Bu gulan ýagy hem 1969-njy ýylyň garly, gazaply gyşyndan galypdy maňa. Şol ýyl gyrda galan 5-6 sany gulanyň üstünden baryp, «Aw eti porsamasa halaldyr» diýip, etini, iri ýilikli süňklerini gaýnadyp-gaýnadyp ýagyny aldyk. Ine, gulanyň ýagy şu» diýip, aýna gapdan ýag çykaryp, dertlä em etmäge başlady. Ýag bilen ýagşy owkalap, sypalap ýumşadansoňam, aýagynyň başam hem külembike barmaklarynyň aşak ýüzüni ýiti päki bilen dilip, jübtek bilen çekip daşy iriňli, uzynja gök sapak ýaly zady çekip çykardy...

...Bu wakadan ýarym asyr geçensoň, bagtyýarlyk döwründäki täze dermanhanalaryň birinde ýüzi arapçamy, parsçamy hatly, daşy gulan suratly çalgy ýagyny görüp, şo-ol goýaňly waka ýadyma düşüp: «Ata-babalarymyzyňam etmedik emi, bilmedik emeli ýok» diýip içimi gepletdim.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 29.09.2023

Tmpedagog