13.11.2023 Gollanma255 .

Kitap oka­mak bag­ty


Dur­mu­şyň gad­yry­ny bil­ýän adam üçin bu dün­ýä gel­mek bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan­dyr. Dün­ýä ge­leň­soň dö­ret­mek we gur­mak mi­ýes­ser eden­li­gi yk­ba­lyň sa­ňa be­ren peş­ge­şi­dir. Onuň üçin oka­mak, öw­ren­mek müm­kin­çi­li­gi­niň ber­len­li­gi bol­sa iş­le­riň şow­la­ýan­dy­gy­ny we oňu­na bol­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Sal­lan­çak­dan bü­tin öm­rüň do­wa­myn­da oka­ma­gyň, öw­ren­me­giň sar­gyt edil­me­gi yn­sa­nyň kä­mil ýa­şa­ma­gy ha­kyn­da­ky pel­se­pe­den ugur al­ýar.

Dog­lan gü­nü­niň 300 ýy­lly­gy­ny bel­le­mek üçin taý­ýar­lyk görül­ýän be­ýik akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dür­dä­ne dö­re­di­ji­li­gi­ne sal­gy­lan­saň, oka­ma­gyň äh­li üs­tün­lik­le­riň aça­ry­dy­gy ha­kyn­da­ky ga­nat­ly jüm­lä­niň ma­ny gi­ňiş­li­gi­ne düş­ýär­siň. Mag­tym­gu­ly ata­myz: «Ki­tap okan gul­lar mag­ny­dan dok­dur...» di­ýe­nin­de oka­ma­gyň yn­sa­ny kä­mil­leş­dir­ýän­di­gi­ni nyg­ta­sa, Gün­do­ga­ryň ýe­ne bir akyl­da­ry Ab­dy­rah­man Ja­my ki­ta­byň iň ýa­kyn dost­du­gyny nyg­tap şeý­le diý­ýär:

Ki­tap­dyr yn­sa­nyň ba­ky hem­ra­sy,
Oňar­saň bol­gun sen onuň güm­ra­sy.
Ki­tap dost­dur, as­la ga­ma ba­tyr­maz,
Päh­mi­ňi go­ýal­dar, pi­kir­leň şa­sy.

Akyl­dar­la­ryň bi­ri­niň: «Go­wy ki­ta­by il­kin­ji ge­zek oka­ny­myz­da, biz tä­ze dost tu­tu­nan ýa­ly bol­ýa­rys. Öň okan ki­ta­by­my­zy gaý­ta­dan oka­ny­myz­da bol­sa, kö­ne dos­tu­my­za sa­ta­şan ýa­ly bol­ýa­rys» di­ýen se­tir­le­rin­de-de ki­tap oka­ma­gyň öm­rü­mi­ze ma­ny gat­ýan­dy­gy aý­dyl­ýar. Çün­ki yn­san öz öňün­de go­ýan mak­sa­dy­na sa­ry alyp bar­ýan men­zil­ler­de do­wam­ly zäh­met çek­ýär, oka­ýar, öw­ren­ýär. Şol ta­gal­la­lar bol­sa öz mi­we­si­ni ber­ýär. Türk­men hal­ky­nyň «Yh­la­sa — my­rat» di­ýip, iki söz­de aňy­my­za jä­hek­län jüm­le­si­niň my­sa­lyn­da ir­gin­siz okap, öw­re­nen yn­san­la­ryň mak­sa­dy­na ýet­ýän­di­gi dog­ru­syn­da­ky pel­se­pe bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýa­rys.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň çy­kyş­la­ry­ny diň­lä­niň­de, pä­him-paý­ha­sa ýug­ru­lan ki­tap­la­ry­ny oka­nyň­da, äh­li şow­lu­lyk­la­ryň göz­ba­şyn­da oka­mak du­ran­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­deri­niň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len ça­pa taý­ýar­la­ny­lyp, oky­jy­la­ra hö­dür­le­ni­len «Paý­has çeş­me­si» at­ly aja­ýyp ki­tap­da oka­ma­gyň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da on­lar­ça na­kyl­lar ýer­leş­di­ri­lip­dir:

Ki­tap oka­ma­ýan gör­ýä­ni­ni gö­rer, ki­tap oka­ýan dün­ýä­ni gö­rer;
Bil­me­ýän za­dy­ňy ki­tap­dan so­ra;
Ki­tap oka­ma­ýan bir di­l bi­ler, ki­tap oka­ýan kän di­l bi­ler;
Ki­ta­by mag­şuk saý, özü­ňi — aşyk;
Ki­tap eneň-ataň ýa­ly ter­bi­ýe­çi­dir;
Ki­ta­by har sak­la­mak gü­nä­dir;
Ki­tap­syz okal­maz, mer­di­wan­syz çy­kyl­maz;
Işiň us­sa­sy — oka­mak;
Oka­mak — iň­ňe bi­len gu­ýy gaz­mak.


«Paý­has çeş­me­sin­dä­ki» dür­dä­ne pi­kir­ler oka­ma­gyň bagtd­ygy­ny, öw­ren­me­giň de­re­je­di­gi­ni, kä­mil­leş­me­giň şert­di­gi­ni ýat­lad­ýar. Şo­nuň üçin «Kitap oka­mak bag­ty» di­ýen jüm­lä­niň aňyr­syn­da jem­gy­ýe­tiň ta­lap ed­ýän esa­sy ýö­rel­ge­si­niň ýa­tan­dy­gy­ny ýaş­la­ra ýat­lat­mak is­le­dim. Se­bä­bi biz ýaş nes­le bi­lim we ter­bi­ýe be­ren wag­ty­myz ola­ryň kä­mil bol­ma­gy ha­kyn­da­ky dur­nuk­ly ýö­rel­ge­den ugur al­ýa­rys. Ylym­ly-bi­lim­li ýaş­lar bol­sa okan ki­tap­la­ryn­dan kä­mil­leş­me­gi, diý­mek, Wa­ta­ny söý­me­gi, döw­re­bap ne­sil bol­ma­gy, za­ma­na my­na­syp ýa­şa­ma­gy kalp­la­ry­na siň­dir­ýär­ler. Oka­mak ar­ka­ly mak­sa­dy­na ýet­mek üçin ta­gal­la ed­ýän ýaş­la­ry­my­za üs­tün­lik we ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­ris! Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr» di­ýen pa­ra­sat­ly ýö­rel­ge­si­niň ma­ny çuň­lu­gy­na ara­laş­saň, onuň her bir ada­myň Wa­ta­ny­ny beý­gelt­mek üçin kä­mil bol­ma­ly­dy­gy­na, ýag­ny oka­ma­ly­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­siň.

Gül­nar GEL­DI­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len
42-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 13.11.2023

Tmpedagog