30.11.2023 Gollanma134 .

Watan mukaddesligi


Öý, ojak, maşgala, döwlet, Watan bu mukaddes düşünjeleriň ählisi ynsan üçin ezizdir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde: «Akyldarlarymyz şeýle diýipdir: Üç zada hyzmat eden owal-ahyrda bagtyýardyr: Hudaýa hyzmat eden; ene-ata hyzmat eden; Watana hyzmat eden» diýip belleýär. Hakykatdan hem, Watanyňy janyňdan eziz görüp, gülledip ösdürmek her bir adamyň borjudyr. Watanyňa wepaly gulluk etmek, iliňe wepaly bolmak ýaly düşünjeleri entek çagalykdan körpe nesilleriň gulagyna guýupdyrlar. Sebäbi dünýä inen çagalara ýagşy dileg edenlerinde hem: «Watanyna wepaly oglan-gyzlaryň biri bolup ýetişsin!» diýip aýdýarlar. Sebäbi ilki göbek ganynyň daman ýeri — Watanyna wepaly hyzmat eden adam maşgalasyna-da wepaly bolýar. Ata-babalarymyz Watanyna kerem-keramat hökmünde garap, bu düşünje barada birnäçe nakyllary hem döredipdirler: «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen, Watany söýer», «Är dogan ýerini küýsär, it — doýan ýerini», «Towşana — dogduk depe», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy», «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan — ölinçä», «Ýeri ýokda Watan ýok», «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol!». Nakyllardan görşümiz ýaly, Watan ynsan üçin ähli zatdan zyýada. Muňa mysal edip, «Görogly» şadessanynda Jygalybegiň agtygy Röwşene:

Ýalňyz balam, algyn pendim,
Watany terk ediji bolma!

— diýip aýdan öwüdinde hem türkmeniň Watanyny janyndan ileri görýändigini aýdyň görmek bolýar. Mundan başga-da, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Dert bolmaz» atly goşgusynda:

Eşit adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz

— diýip, Watan mertebesini has-da belende galdyryp, haýsy illere rowana bolsaňam, öz Watanyňa taý geljek ýeriň ýokdugyny nygtaýar. Rowaýatlaryň birinde aýdyşlaryna görä, soltan Jelaleddin söweşleriň birinde agyr ýaralanypdyr. Bu gezek öňler dessine aýaga galyp gidýän soltanyň tenine düşen ýaralaryň bitmesi kyn bolupdyr. Tebipdir lukmanlar dürli melhemleri tapyp getirip, ýarany bitirjek bolupdyrlar, emma hiç haýsy netije bermändir. Ahyry soltanyň özi: «Maňa öz topragymyň gumuny, Jeýhunyň suwuny getiriň! Watan topragy ähli derdiň dermany» diýipdir. Aýdyşy ýaly, Watan topragyny ysgap, suwuny içip soltan aýaga galypdyr. Tiz wagtdan hem derdinden gutulypdyr.

Watan halkymyzyň başynyň täjine deňelýär. Watan her bir adamyň ýaşaýşynyň özeni, durmuşynyň manysydyr. Öz Watanyňda halal zähmet çekip, onuň ösüşine mynasyp goşant goşmak hemme üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly her bir ynsanyň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjy, alkyşy çäksizdir.

Aýnabat GAÝYPGULYÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 30.11.2023

Tmpedagog