01.01.2024 Gollanma286 .

Hoş geldiň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly!


Bagtyýar türkmen halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen Täze — 2024-nji ýyly garşy aldy. Ynha-da, Täze — 2024-nji ýyl uly şatlyk-şagalaň, egsilmez joşgun bilen jümle jahana doldy. 2024-nji — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly gutly, düşümli ýyl bolsun!

Täze — 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçer. Bu şygar Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp, öňe sürüldi. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda, bu şygar aýratyn mana eýedir.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat gymatlygydygyna doly şaýatlyk edýär.

Goý, luw ýyly asly halal her bir ojaga rysgal-bereket, döwlet, saglyk, bagtyýarlyk, agzybirlik, jebislik, şatlyk-şowhun eçilsin! Bagtyýarlygy baýdak edinip, aýdyň ertirlere sary ynamly barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz güllesin, gül açsyn!

Arzuw ÝAZYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.



ashgabat.in

Tmpedagog