Dünýäniň we ýaşaýşyň bezegi
Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berkarar döwletimiz ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşi dowam edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň esasy ýol görkezijisine öwrüldi.
Bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Ýene bir zerur bellemeli ýagdaý döwletimiziň ekologik syýasatynda häzirki zamanda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigi esasy öňe sürülýän ýörelgedir. Hut şonuň üçin ýurdumyzda oba-kentlerimizi bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça düýpli işler amala aşyrylýar. Her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbi oturdylýar. Bag ekmek işi sogap işe öwrüldi. Sogaply işleriň netijesinde tutuş ýurdumyzda tokaý zolaklary, seýilgähler döredilýär. Ruhuňy göterýän owadan güllerdir ýaşyl öwsüp oturan saýaly we miweli baglar şäherlerimize we obalarymyza bezeg berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de ylmy işläp düzmeleri ornaşdyrmak bilen howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylyk mümkinçiliklerini güýçlendirmek ugrunda hem ýörite işler alnyp barylýar. Ekologiýa taýdan arassa jemgyýeti we daşky gurşawa, howamyza ýaramaz täsirleri örän az bolan ykdysadyýeti ösdürmäge tarap alnan ugur hem barha berkeýär. Türkmenistan bu ugurda dünýä görelde bolýar. Munuň üçin senagat pudaklaryna innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Hut biziň welaýatymyzyň çäginde gurlan kuwwatly elektrik stansiýalarydyr beketler, Lebap sement zawody, dokma kärhanalary muňa mysaldyr. Oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ýerlerde suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, tokaýlary täzeden dikeltmek hem-de ýerden peýdalanylmagyny gowulandyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Döwletimiziň howanyň üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, Hazar deňziniň gurşawynyň arassalygyny, biologik dürlüligini saklamak ýaly ugurlarda durmuşa geçirýän işlerinde nusga alarlyk oňyn tejribeler toplanyldy. Ýurdumyzyň çäginde şor suwlaryny ýygnap, ulanmak işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmegiň hasabyna daşky gurşawy goramakda möhüm ähmiýete eýe bolan bu başlangyçlar dünýä ýurtlarynda hem uly goldawa eýe bolýar.
Aýna ÝAGMUROWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
28-nji orta mekdebiň himiýa-biologiýa mugallymy.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 31.10.2024