PISA, TIMSS, PIRLS maksatnamalary
PISA — halkara derejesinde okuwçylaryň bilimini barlamagyň maksatnamasy bolup, ol 2000-nji ýylda Fransiýada döredildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy tarapyndan esaslandyrylan bu maksatnama 15 ýaşly mekdep okuwçylarynyň okamak sowatlylygyny, matematika we tebigy bilimler boýunça başarnyklaryny barlamaga niýetlenendir. Maksatnama dünýä ýurtlarynyň 81-si gatnaşyp, halkara synaglar üç ýyldan bir gezek geçirilýär. Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda dünýä ýurtlaryndan okuwçylaryň 690 müňüsi PISA synagyny tabşyrdy. Munuň özi maksatnamanyň okuwçylaryň alan bilimlerini seljermekde örän netijelidigini görkezýär.
TIMSS — matematika we tebigy bilimler boýunça halkara maksatnamasy. Bilimde gazanylan üstünliklere baha beriş birleşigi (IEA) tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynda döredildi. 4-nji we 8-nji synp mekdep okuwçylarynyň matematika we tebigy bilimler boýunça bilimlerini kesgitlemek maksatnamanyň esasy wezipesidir. Onuň halkara synaglary ilkinji gezek 1995-nji ýylda geçirildi. Dört ýyldan bir gezek geçirilýän halkara synaglar okuwçylaryň dört ýyl öňki we dört ýyl soňky netijelerini deňeşdirip, olaryň üstünligine baha bermäge gönükdirilendir.
PIRLS — Bu maksatnama hem Bilimde gazanylan üstünliklere baha beriş birleşigine (IEA) degişli bolup, ol 2001-nji ýylda Niderlandlar Patyşalygynda döredildi. Okuwçylaryň okamak sowatlylygy boýunça barlag işlerini geçirmekde, bahalandyrmakda, alýan bilimlerini seljermekde PIRLS maksatnamasy örän ähmiýetlidir. Şeýlelikde, bu maksatnama tarapyndan okamagyň hili we tekste düşünmek boýunça halkara barlag ilkinji gezek 2001-nji ýylda geçirilip, oňa agza ýurtlaryň 35 sany bilim ulgamy gatnaşdy. Bäş ýyldan bir gezek geçirilýän barlaglaryň iň soňkusy 2021-nji ýylda guralyp, oňa 57 sany döwletiň bilim ulgamy gatnaşdy.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, PIRLS barlagy edebiýat we maglumat bölümlerinden ybarat bolup, çeper edebiýat, halk döredijiligi, durmuşdan hekaýalar, şeýle hem ylmy makalalar, biografiýalar, maglumat kitapçalary bilen bagly tekstleri öz içine alýar. Barlaglara 4-nji synp, ýagny 9-10 ýaşlaryndaky okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Şunda test sowallary, ýazmaça jogap bermek we tablisalarda berilýän maglumatlary peýdalanyp, dürs jogaplary tapmak ýaly usullar ulanylýar.
Kakajan AGAJYKOW,
Gujurly bilim merkeziniň baş direktory.
"Nesil" gazeti, 02.11.2024