06.11.2024 Gollanma172

Bilimli nesliň kämilligi ugrunda


«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde möhüm ugurlaryň biridir. Konsepsiýada bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işleriň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmelidigi beýan edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň zähmetsöýer, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep-kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjyň we söýginiň kemala getirilmegine gönükdirilmelidigi aýdylýar. Bu işleriň binýady mekdebe çenli çagalar edaralarynda tutulýar.

Mekdebe çenli bilim edaralary çagalaryň intellektual — döredijilikli ösüşi üçin şert döretmäge we olaryň mekdebe taýýarlygyny ýokary derejede amala aşyrmaga niýetlenendir. Döwlet bilim resminamalary bilimleri öwretmegiň we bilim bermegi guramagyň dürli usullaryny, ýollaryny salgy berýär. Şolara esaslanyp, bu işler biziň çagalar bagymyzda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak, alnyp barylýan işleri dünýä tejribesine laýyklykda guramak boýunça birnäçe işler meýilleşdirildi. Ol işler, ilkinji nobatda, çagalary körpeliginden terbiýelemekden, olaryň fiziki we ruhy taýdan saglygyny goramakdan, okuw-terbiýeçilik işleriniň alnyp barlyşyny has-da kämilleşdirmekden ybarat bolup, döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Sagdyn çagalaryň pikirlenmesi hem, işjeňligi hem ýokary bolýar. Olar sapaklarda öz erjelligini, sapaga bolan gyzyklanmasyny görkezmegi başarýarlar. Körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri has-da kämil häsiýete eýe bolýar. Bu işlerde körpeleriň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, çagalaryň tebigy zehinini, başarnygyny, şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we ösdürmek bilen birlikde, halkymyzyň milli aýratynlyklary barada hem düşünje berilýär. Çagalary mekdebe taýýarlamak işleri öz maksadyna eýe bolýar. Konsepsiýa laýyklykda, okatmagyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, has-da kämilleşdirmek esasy maksadymyzyň biri bolup durýar.

Konsepsiýada: «Mekdebe çenli bilim maksatnamasy boýunça çagalaryň umumy hereketiniň, duýgularynyň, durmuş-emosional, ownuk hereketleriniň, medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmak maksady bilen, terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramak dowam etdiriler» diýlip bellenilýär. Biziň çagalar bagymyzyň işgärleri bu wezipeleri öz öňünde durýan esasy borçlaryň biri hökmünde kabul etmek bilen, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen pedagogik tehnologiýalary döredijilikli peýdalanýarlar.

Terbiýe bilen okatmak biri-birinden üzňe işler bolman, eýsem, biri-biri bilen mäkäm utgaşýan, biri-biriniň üstünlikli bolmagyny üpjün edýän işlerdir.

Okatmak çagalary okuw maksatnamasyna laýyklykda bilimler, başarnyklar we endikler bilen üpjün etmäge gönükdirilýän bolsa, terbiýe olarda ahlak sypatlaryny, erki we häsiýeti, özüňi alyp barmak endiklerini kemala getirmegi, jemgyýetçilik işiň endiklerini öwretmegi, özüňi terbiýelemek islegini döretmegi hem ony guramagy maksat edinýär. Şu nukdaýnazardan, okatmagyň usulyýetiniň kämil bolmagyny gazanmak esasy işimiziň biri bolup durýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegiň didaktiki esaslary bu işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyna ýardam edýär. Okuw maksatnamasyndaky temalar çagalara dürli usullaryň üsti bilen öwredilip, başarnyklardyr endikler kemala getirilýär. Düşündirmek, gürrüň bermek terbiýeleýji oýunlaryň usuly bilen utgaşdyrylyp, terbiýeçi tarapyndan çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna, bilim derejelerine laýyklykda amala aşyrylýar. Okuw maglumatlarynyň mazmunyny diňe aýtmak, gürrüň bermek bilen çäklenmän, oýun, sungat pedagogik tehnologiýalaryň üsti bilen alnyp barlanda netijeli bolýar. Okuw maglumatlary belli bir yzygiderlilikde beýan edilýän mahalynda, çagalary şol gürrüňe gatnaşdyrmak niýeti bilen oňa degişli okuw-görkezme esbabyndan, interaktiw tagtadan peýdalanmak, çaga durmuşyndan alnan täsirli mysallary getirmek, çeper eserleri okap bermek, pikir alyşmak ýaly tärleri ulanmak hem netijelidir. Sözleýşiň üsti bilen körpeleriň matematiki taýýarlygyny hem ýokarlandyrmak esasy işleriň biri bolup durýar. Biz sapaklarda utgaşdyrylan usullary ulanmak bilen, her sapagyň öz maksadyna ýetmegini gazanýarys.

Oguljennet MOMODOWA,
Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 06.11.2024

Tmpedagog