17.11.2024 Gollanma113

Körpeler we kompýuter


Ylmyň, tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde kompýuterler ynsan durmuşyna ymykly ornaşýar. Häzirki wagtda her bir maşgalada kompýuter bolup, ol hut telewizor ýa-da telefon ýaly adaty enjam hökmünde ulanylýar. Käbir ata-eneler çagalarynyň eýýäm 3-4 ýaşlarynda kompýuteriň düwmelerine ussatlyk bilen basyp, oňa erk edýändiklerini görenlerinde, buýsançly duýgulary başdan geçirýärler. Emma kompýuterden peýdalanmagyň hem öz kada-düzgünleri, şertleri bar. Şolar berjaý edilmese, ýaş çaganyň saglygyna zeper ýetmegi mümkin. Mysal üçin, kompýuter sebäpli skolioz, görejiň ýaramazlaşmagy we semizlik ýaly näsazlyklar ýüze çykyp biler. Ýöne kompýuteriň zyýany diňe onuň nädogry ulanylmagy zerarly ýüze çykýar. Öýlerde ata-eneler muňa ýol bermeli däldirler. Çagany kompýuteriň täsirlerinden gorap, doly derejede howpsuz we peýdaly kömekçä öwrüp, zyýanlaryndan goramak olara bagly bolup durýar. Munuň üçin bolsa şu şertleri berjaý etmeli:

Çaga üçin kompýuter ulanmagyň ýaşyny anyklamaly
Köpsanly bilermenleriň aýtmaklaryna görä, öýlerde mekdebe çenli ýaşly çaga üçin aýratyn kompýuteriň zerurlygy ýok. Sebäbi ýurdumyzyň ähli ýerindäki çagalar baglarynda kompýuter enjamlary ornaşdyrylan. Çagalar bu ýerde terbiýeçileriň gözegçiliginde kompýuter bilen meşgullanýarlar. Öýlerde bolsa çagalar ata-eneleri bilen käwagt bilelikde kompýuterde gysga wagtlap oýunlary oýnap bilerler. Şu ýaş topary üçin reňkleme, pazl we beýleki bilim beriji oýunlar bar. Mekdep ýaşyna ýetmedik çagalary kompýuter oýunlaryna aşa höweslendirmek maslahat berilmeýär, çünki stoluň üstündäki oýunlar we beýleki hereketli çäreler olaryň ösüşi üçin has peýdalydyr.

Täze programmalary saýlanyňyzda seresap bolmaly
Çagalar üçin kompýuter programmalaryny saýlanyňyzda, olaryň mazmunyny we maksatlaryny doly öwreniň! Oýunlary çagalaryň ýaşyna we gyzyklanmalaryna laýyklykda saýlaň! Bu oýunlar diňe bir güýmenje üçin däl-de, eýsem, bilim almakda we döredijilikde peýdaly bolmaly.

Kompýuteri ulanmagyň çägini kesgitlemeli
Çaganyň gündelik iş tertibinde kompýuter üçin belli bir wagt bölünip berilmeli. Çagalaryň kompýuteri ulanmakda wagt çäklendirmesi bolmaly. Kiçi ýaşly çagalar 20-30 minut, ulurak çagalar bolsa 1-1,5 sagat kompýuteri ulanyp bilerler. Şeýle düzgünler çaganyň saglygyna, esasan hem, gözüň görüş ukybyna peýdaly bolar.

Kompýuteriň ýerini dogry saýlamaly
Çaganyň kompýuter ulanyş ýerini dogry tertiplemek möhümdir. Monitoryň ululygy we aralygy gözüň derejesinde bolmaly, ýagtylyk tebigy bolmaly ýa-da otagy ýagtylandyrýan yşyk dogry ulanylmalydyr. Mebeller we iş oturgyjy bilen dogry üpjün etmek çaganyň saglygyna peýdaly.

Iň möhümi – aragatnaşyk
Hiç bir enjam ata-eneleriň çagalar bilen geçiren wagtyny çalşyp bilmez. Çagalar üçin iň gymmatly zat — ata-eneleri bilen özara gatnaşygy we bilelikde edilen işlerdir. Wagtyňyzy çagaňyz bilen geçiriň, ony durmuşda güýçli we işjeň bolmaga ugrukdyryň! Şonuň üçin kompýuter oýunlaryndan daşary, başga ugurlara hem çaganyň ünsüni çekmek örän möhümdir.

Diňe dogry we ýerlikli ulanylmak bilen, kompýuter çagalaryň bilim almakda we kämilleşmekde ygtybarly kömekçisi bolar. Çagalar kompýuteri ýerlikli ulananlarynda, olara üstünlikler ýaran bolar.

Maýa ESENOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
41-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 14.11.2024

Tmpedagog