22.11.2024 Gollanma126

Dil bilenler dana bolar


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri ýörite meýilnamalar esasynda öwredilýär.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleri olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, gözýetimleriniň giň bolmaklary üçin ähmiýetlidir. Biziň ýurdumyzda ene dili bilen bir hatarda iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, ýapon, arap, pars dillerini öwrenmeklik giňden ýola goýuldy. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mekdeplerde dil öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hut biziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebimiziň okuwçylary hem iňlis, rus, nemes dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Olar bu dilleri öwrenmek arkaly öňdebaryjy ylymlar we tejribeler, daşary ýurtlaryň medeniýeti, ýaşaýşy bilen giňden tanyşýarlar. Biz döwrebap tehnologiýalardan, dürli edebiýatlardan giňden peýdalanýarys. Mugallymlarymyz Angliýa, Germaniýa ýaly ýurtlarda okatmagyň has kämil usullaryny öwrenip, iş tejribelerini baýlaşdyrýarlar. Mugallymlarymyzdan Gülnara Tursunkulowa, Gülsenem Gurdowa şeýle iş saparlarynda bolup, tejribelerini artdyryp geldiler. Olaryň guramaçylygy bilen mekdebimizde diňe daşary ýurt dillerinde gürleşilýän günler, hepdelikler yzygiderli geçirilýär. Daşary ýurt dilini öwrenip başlan ilkinji günüňden şol dilde gürlemäge, daş-töweregiňdäki ähli görýänleriňi beýan etmäge çalyşmagyň zerurdygyny düşündirýäris. Özleşdirýän diliňde eşidenleriňi gaýtalamagyň möhümdigini ýatladýarys we yzygiderli bilelikde gaýtalaýarys. Öwrenilýän diliň esasy gurluşlaryna düşünip başlanylandan soň, şol dilde pikirlenmäge çalyşmak hem örän peýdalydyr. Mugallymlarymyz okatmagyň has netijeli bolan görnüşlerine, ýörelgelerine köp ýüzlenýärler, sapaklaryň hilini gowulandyrmak babatynda yzygiderli tejribe alyşýarlar.

Mekdebimizde iňlis, rus, nemes dillerini öwretmegiň döwrebap usullaryny okuw işine ornaşdyrmakda we yzygiderli kämilleşdirmekde alnyp barylýan işlerden ene-atalar hem hoşal bolýarlar. Daşary ýurt dillerini öwretmekde interaktiw usul, ýagny, söhbetdeşlik, gepleşik, labyzly okamak, gürrüň bermek arkaly sapak geçmek has oňat netijeleri berýär. Sapakda multimedia okuw-tehniki serişdeleri işjeň ulanmak, elektron sözlüklerden peýdalanmak hem okuwyň hiline oňyn täsir edýär. Ýaşlarymyzyň sowatly bolmaklary ugrunda şeýle uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Akmyrat DURDYÝEW,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen
45-nji orta mekdebiň müdiriniň orunbasary.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 21.11.2024

Tmpedagog