Buýan — gadymy dermanlyk ösümlik
Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşen Watanymyz haýwanat dünýäsi bilen bir hatarda ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ülkämiziň dagdyr düzlerinde, gözýetmez sähralarynda, suw akabalarynyň kenarlarynda dermanlyk ösümlikleriň dürli görnüşiniň ösýändigini aýratyn belläp geçmegimiz gerek. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda duş gelýän melhemlik ot-çöpleriň ýaýrawy giňden beýan edilýär. Şolaryň biri-de Amyderýanyň kenarlarynda giň ýaýran adaty buýandyr.
Esasy çig mal hökmünde buýanyň köki ulanylýar. Onuň köki 5 — 7 metre çenli uzalyp gidýär. Tohumyndan we wegetatiw ýol bilen kökünden köpeldilýär. Iýun — awgust aýlarynda gülleýär. Sentýabr aýynda tohumy ýetişýär. Tohumyndan ekilende, haryt görnüşindäki köki 4 — 6 ýyldan alyp bolýar. Kökünden ekilende, 2-3 ýyldan kemala gelýär. Gowy guradylan kök 10 ýyla çenli saklanylyp bilner. Esasan, buýan köki lukmançylykda hem-de derman senagatynda giňden peýdalanylýar. Bu gymmatly ösümligiň köküniň dermanlyk häsiýetleri barada maglumatlar biziň eýýamymyzdan 2800 ýyl çemesi ozal hytaýly tebipler tarapyndan berlipdir. Hytaý halk lukmançylygynda buýan köki ilkinji nobatdaky derman serişdesine degişli edilip, dermanlyk garyndylaryň düzümine goşulypdyr. Buýan kökünde himiki elementleriň we çylşyrymly organiki gelip çykyşly birleşmeleriň birnäçesi saklanýar. Onuň täsir ediş başlangyjynyň esasy häsiýetlendiriji aýratynlygy düzümindäki glisirrizin bolup, arassa görnüşinde süýjüligi şekerden 40 esse güýçlüdir. Glisirrizin turşusy — saponin görnüşindäki çylşyrymly organiki birleşme bolup, buýan kökünde 23 göterime golaý duş gelýär. Onuň ulanylyş çägi örän giňdir.
Buýan gadymyýetden bäri alymlaryň ünsüni özüne çekýän dermanlyk ösümlikleriň biri bolup, halk lukmançylygynda üsgülewük, süýji, guragry, deri, böwrek, onkibarmak içegäniň kesellerinde giňden ulanylýar. Şeýle-de buýan köküni dem alyş ýollarynyň kataral kesellerinde gakylyk goparyjy serişde hökmünde peýdalanmak maslahat berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip beren giň mümkinçilikleriniň netijesinde Diýarymyzda buýan kökünden dermanlyk serişdeleriniň önümçiligi giňden ýola goýulýar. Buýan dermanlyk serişdeleriň 350-siniň düzümine goşulýar. Esasan-da demlemeler hökmünde ulanylýan melhemlik çaýlar, dürli görnüşdäki dermanlyk şerbetler ýurdumyzyň dermanhanalarynda giňden satuwa goýberilip, uly islege eýe bolýar.
Buýanyň azyk senagatynda tagam we hoşboý ys beriji serişde hökmünde giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Buýandan alynýan birleşmeleriň goşulmagy bilen dürli süýjüler hem-de kofe, kakao, marinad, kisel ýaly içgiler taýýarlanylýar. Senagat maksady bilen buýanyň ulanyş ähmiýeti hem artýar. Soňky döwürde buýan şekeriň ornuny tutujy önüm hökmünde azyk senagatyna ornaşdyrylýar. Metallurgiýada gazylyp alynýan magdanlary köpürjikler arkaly baýlaşdyrmak usulynda buýan köki ulanylýar. Sebäbi ondan alynýan önümler köpürjik emele getiriji häsiýetine eýedir. Kwas görnüşli alkogolsyz içgilerlerde hem buýan köpürjigi ulanylýar. Ot söndürijileri doldurmakda buýanyň köpürjik emele getirmek häsiýeti işjeň peýdalanylýar. Syýa, tuş, gutalin ýaly reňkleri öndürmekde buýanyň birleşmeleriniň ähmiýeti uludyr. Kawkazda we Merkezi Aziýa döwletlerinde goýun ýüňi we keçeler buýan köküniň goşulmagynda gaýnadylyp reňklenilipdir. Owadanlyk, kosmetiki serenjam beriş serişdesi hökmünde hem buýandan alynýan önümler giňden ulanylýar.
Geçen ýylda Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen buýan köküniň has-da çuňlaşdyrylyp gaýtadan işlenilmegine giň şertler döredildi. Täze işe girizilen kärhana ýylyň dowamynda 4500 tonna buýan köküni işlemäge hem-de 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenilendir. Öňler buýan köki çig mal hökmünde daşary ýurtlara eksport edilen bolsa, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk kuwwatly kärhanada buýan köki gaýtadan işlenilip, glisirrizin turşusy öndürilýär hem-de bu gymmatly önüm daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu döredilýän amatlylyklar we kuwwatly önümçilikler üçin halkymyz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýar.
Sadap JUMAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 02.01.2025