07.02.2023 Gollanma89 .

Işiňizde üstünlik gazanmak üçin 10 sargyt
(wesýet)


 Iş durmuşyňda üstünligiň bolmagy oňatlygyň biridigi şühbesizdir. Ynsanlar iş ýerinde öz eýeleýän kärinde gazanylýan üstünlige, bu Seniň çeken azabyň, irginsiz zähmetiň ýerine düşdügi diyip kabul edyärler. Egerde Sen neberäňe özüňden yz galdyrmak isleseň,üstünlige yetmek isleseň, belli bir görkezmäniň ýokdugyny,azapsyz üstünligiň bolmaýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Eý okyjy! Bu aýdylanlara ýetmek üçin diňe öňe gitmeli, Size berjek 10 sargydym bu maksada ýetmek üçin size kömek eder diýen umydymyz bar. Çünki Seniň Iş durmuşyň mekdebi ýa-da ýokary okuw jaýyny tamamlansoň başlanýar.

  1.Özüňi düşünmäge çalyş.
 Ilki bilen Özüňi tanamak mümkinçiligiňi döredip,sahsy ahlagyny saldarlap, ony akyl eleginden geçirmeli. Bu ýerde hiç bir gypynçsyz özündäki ejizligiňi, gayratlylygyňy çuňňur öwrenmeli. Durmuşda gabat gelip biläýjek çarkandakly ýollaryň bilen Seniň ýüzbe-ýüz bolmalydygyňy düşünmäge çalyşmaly, şonda ejizlige ýol bermani,oňa bakyp, kynçylygyň sebäbini tapmaly,ony başardygyndan maksadaokgunly hereket etmeli. Yetilen sepgit Seni durmusdaky ejizligiňi ýeňip, taplanmagyňa getirer.

  2.Özüňi dogryçyllyga (ýagşy pikirlere) türgenleşdir.
 Ýagşy pikirler-bu Seniň agyp-dönüp duran dünýäde ýüzleşip biljek ýeke-täk ýaragyňdyr.Bilşiň yaly, kitaplar okalar, yöne käbir halatda ondaky ýazylan zatlar Seniň durmuş ýoluňda peýdalanmazlygyň mümkindir. Emma yagşy niýetler,pikirler Seniň kalbyňy tämizlap, ýüze çykan kynçylygy ýerinde çözmäge kömek eder.

  3.Iş durmuşyňy şatlyk we begenç bilen doldur.
 Oňatlyga ymtylmak-öňe gitmek bilen güýçlenýär. Ýadawlygyňy ýeňletjek güýjüňi gaygyrma. Durmuşa bagtly ýylgyryş bilen garamak,bu işinde üstünlik isleýän ynsana mahsusdyr.Bu dünýädäki çözülmesi kyn sowallara, iň ajaýyp, owadan jogaplaryndan kalbyňy doldurmaly we gelejekde işindaki boljak gowulyklara garaşmaly.Kimdir biri haçanda durmuşa şatlyk bilen garasa, ýüze çykýan ýadawlygy mylaýymlyk bilen kabul etse,onuň üstünlige ýetjekdigi gumanyzdyr.

  4.Adamlaryň duygularyna şärik bol.
 Elbetde bu şäriklik zerur we möhümdir. Başgalaryň durmuşda ýüze çykan kyn meselelerini diňlemäge çalyş. Ynsanlaryň arasynda ylalaşykly ýol goýmaga gatnaş. Olaryň şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanmagy başar.Adamlaryň adamlar bilen elmydama duygudaşlygyny we dürli yakymly aragatnaşygy olary gözelleşdirýändigini göz öňüňe tut.

  5.Ulumsy w gopbam (şöhratparaz,öwünjeň) bolma.
 Käbir ýaşlar ilki iş durmuşa girişenlerinde,özleriniň ähl zady ýeňip bilýändiklerine,ýüze çykan ähli meseläni aňsatlyk bilen çözüp bilýändiklerine düşünip,birnäçe säwliklere baglanýarlar.Olar özlerine degişli bolan düzgünlerden we berilýän maslahatlardan gulaklaryny gapyarlar. Emma ulumsylygyň soňunyň adaty şowsuzlyk bilen tamalanýandygyny durmus görkezýär. Ulumsy,gopbam adamlaryň köplenç dostlary az bolýar. Tersine agras ,sada adamlar bolsa özgelere göwniýetmezçilik etmäni, gaytam daş-töweregini söýgi bilen gaplap,mähir bilen doldurýarlar.

  6.Şowsuzlyklar sebäpli hiç bir zatdan umydyňy üzme,ondan durmuşyň üçin ýol al.
 Durmuş ýoly tikenlidir. Ynsan öz durmuşynda kynçylyk bilen birnäçe gezek gabatlaşýar. Kynçylyk bilen göreşmek,ony öz başarnygyň bilen ýeňmek,seni söweşden çykarýar. Ine, şu ýoly geçmedikleriň üstünlige ýetmedikleri gaty azdyr. Esasy zat haçanda kynçylyk bilen ýüzleşeňde onuň sebäplerini öwrenmegi ýatdan çykarma, bu soňkylara sapak bolar.

  7.Her bir kynçylygy düzgünleşdirmek bilen başlamaga çalyş.
 Mekdepde synplarda sapak bermek,durmuşy öwretmekden düýbünden tapawutlydyr.Ýüze çykan meseläni ýerinde çözmek üçin,onuň haysy tarapyndan we haysy wagtda başlamalydygyny düzgünleşdirmek üstünlik getirip biler. Iň soňky sözüňi aýtmaga,netije çykarmaga howlukmaly däldigini, haysy wagtda nähili hereket etmelidigini , geçilen durmuş tejribäňe salgylanyp karar bermelidir.

  8. Az sözle rehimli bol.
 Oňat söz sadakaňdyr. Oňat söz adamlary jadylap bilýär. Mysal üçin: “Haýyş edýärin!” ýa-da “Rugsat berseňiz!” diýen ýaly sözler bilen başlasaňyz, hökman oňat täsir galar. Şeýlede Siz olardan gowulygy eşidersiňiz we onuň peýdasyny görersiňiz.

  9.Ýüze çykan ähli işlerden tiz jeza garaşma.
 Käbir adamlar öz şahsy bähbidiniň ýesiri bolup, Isleýşi ýaly baýrak ýa-da sowgat bolmasa işini ýerine ýetirmek islemeýärler.Olar dostlarynyň, bastutanlarynyň ýumuşlaryny bayrak berilmese, kömek ýa minnetdarlyk üçin ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýarlar. Sen adamlara kömek et we haýyş-ýumuşlaryny ýerine ýetirmek bilen olary begendir.

  10.Elbetde adamlaryň birmeňzeş däldigini bil.
 Adamlaryň ýüz keşbiniň tapawutly bolşy ýaly,olaryň häsiýetindäki aratapawut birmeňzeş däldir.Ähli zady birmeňzeş bolanlary köplügiň içinden tapmarsyň.Ynsanyň şekli,reňki,gurluşy,şahsyýeti,hyjuwlylygy dürlüdir.Şu ýerde Sen şol durli häsiýetdäki adamlar bilen iş salyşaňda başarsaň her bir biriniň ýüregine barýan ýoly tapjak bol.Şeýle hem olaryň häsiýetini içgin öwrenip,olaryň garaýyşy bilen Seniň garaýşyň çapraz gelmezligini gazanjak bolmaklyga çalyş.Onsoňam olar diňe Sen bilen däl,eýsem başga adamlar bilende iş salyşýandygyny yadyňdan çykarmany däl. Sen adamlary nähili kabul edip bilseň,Özüňem olardan şoňa garaş.

 Sözümiň ahyrynda egerde sen öz iş ýeriňde hakyky üstünligi isleýän bolsaň, şu 10 sargyda gulak sal we “her bir ynsanyň seniň bilen işleşmegi oňat görşi ýaly, sen hem olara bilen akýürekden yhlas bilen işleş” diýen şygaryň bolsun.

Arap dilinden terjime eden:
Hesel Öräýewa,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiň arap dili mugallymy.



Tmpedagog