14.04.2023 Gollanma208 .

Öwgiň özüň bilen, jan bedew atym!


Ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly pederlerimizden miras galan asylly däpler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, şahsy göreldesi bilen dowam edýär we ösdürilýär. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan işlerdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinde, goşgy setirlerinde ahalteke bedewleriniň waspy belentden-belent ýaňlanýar.

Türkmen edebiýatynýň taryhynda bedewleriň çeper keşbi nusgalyk derejesine ýetirilipdir. Önuň şeýledigine türkmen edebiýatynda waspy ýetirilýän Isgender Zülkarneýniň aty Busefalyň, Rüstem Zalyň aty Rahşyň, Muhammet pygamberi Magraja aşyran aty Byragyň, Hezreti Alynyň Düldüliniň, Göroglynyň Gyratynyň, Magrupynyň “Ýusup-Ahmet” dessanyndaky Ýusup begiň aty Margiriniň, “Döwletýar” dessanyndaky Döwletýaryň aty Serhoşyň, Şabendäniň “Gül-Bilbil” dessanyndaky Bilbiliň aty Ýyldyrymyň, Zeliliniň Ýel atynyň atlaryny ýatlamak ýeterlikdir.

Atlar barada dürli döwürlerde alymlaryň, akyldarlaryň ençemesi kän gymmatly ýazgylary galdyrypdyrlar. Gadymy Rim taryhçysy Oppian biziň eramyzdan öňki ikinji asyrda: “Nusaý atlary beýleki at tohumlarynyň içinde iň owadanydyr. Dabarasy dag aşan patyşalar hem bu atlaryň tohumyny edinmegi arzuw edipdirler. Nusaý atlary çapyşykda uzyn egri boýunlaryny buýsanç bilen dik tutup, döşlerini gaýşardýarlar. Günüň şöhlesine bolsa endamlary altyn öwsüp lowurdaýar” diýip bellese, taryhyň atasy hasaplanýan Gerodot biziň eramyzdan öňki bäşinji asyrda “Nusaý düzlügi şeýle bir ajaýyp atlaryň mekanydyr” diýýär. Rim harby taglymatçysy Wegesiý biziň eramyzdan öňki bäşinji asyrda bu barada: “Bu atlar ýeňil gopuşy, üstüniň rahatlygy bilen beýleki atlardan tapawutlanýarlar. Boýunlary şeýle bir uzyndan egri, dodaklary döşüne degäýjek bolýar” diýip, bedewleriň waspyny ýetirýär. Dünýä belli syýasatçylardan Fýodr Konýuhow hem bedewlere, onda-da biziň behişdi bedewlerimize biparh garap bilmeýär. Ol bu barada şeýle diýýär: “Bu atlar iň gadymy we üýtgewsiz atlardyr. Bu atlar Aleksandr Makedonskini gören atlardyr. Haçan-da, bu atlary elläp göreniňde, eliň aşagynda bakylygy duýýarsyň. Meniň pikirimçe, kyn, agyr şertlerde uzak aralyklara ýöriş edilende iň çydamlysy ahalteke atlarydyr”. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Omar Haýýamyň dünýä belli “Nowruznama” atly eserinde türkmenler barada şeýle ýazgylar bar. “Aýdýarlar ki, dört aýakly jandarlaryň iň ajaby atdyr. Çünki, bedew dört aýakly jandarlaryň şasydyr...”.

Gadymy Nusaý argamak bedewleriň, ýagny, ahalteke bedewleriniň ata mekany hasaplanýar. Bar bolan maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde 250 töweregi at tohumy bolup, olaryň iň gadymysy, iň argamagy, iň owadany Nusaý atlary hasaplanýar. Olar häzirki wagtda “Behişdi bedewler”, “Asmany bedewler”, “Ahalteke bedewleri” diýen ýaly atlar bilen meşhurdyrlar.

Şu güne çenli halk düşünjelerine görä atlaryň ýarany, goragçysy Düldülbaba (Düldülata), hasaplanýar. Onuň Düldül atly ganatly aty bolup, ol türkmen bedewleriniň nesilbaşysy hasaplanypdyr. Düldül gadymy rowaýatlara görä, kyn pursatlarda daglary we derýalary geçip, öz eýesini halas edip gorap gelipdir. “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen türkmen halk nakyly türkmenleriň durmuşynda atlaryň ähmiýetini görkezýär.

Ahalteke atlary Türkmenistanda geçirilýän ähli döwlet baýramçylyklarynyň, dabaraly ýörişleriniň, köpçülikleýin çäreleriň, toý dabaralarynyň gatnaşyjysydyr. Ýanardag atly ahalteke atynyň şekili Türkmenistanyň Gerbini bezeýär. Ol bedew 1999-njy ýylda Moskwada geçirilen çempionatyň ýeňijisi boldy. Ýeri gelende, halkymyzyň bedew atyny gadymy döwürlerden bäri dürli şaý-sepler bilen bezäp-besläp gelendigini hem ýatlap geçmek zerurdyr. Türkmen ahalteke bedewleriniň şaý-sepleri, esasan, atşaýy, göwüsbent, alagaýyş we kellelikdir. Bu şaý-sepleri ata-babalarymyz kümüşe altyn çaýyp, hakyk daşy bilen gön ýonup ýasapdyrlar. Kellelik atyň maňlaýyna, burun giňişligine we döşüne bezeg beripdir. Haçan-da, bedew at seýkin basyp, uz ýörände, bu şelpeli şaý-sepler kalba aram berýän mylaýym owaz eder eken.

Ahalteke bedewleriniň bezeg şaý-sepleriniň ýene bir görnüşi gözlük şaý-sepidir. Bu şaý-sepi hem zergärlerimiz kümüşden gönüň üstüne hakyk daşyny oturdyp ýasapdyrlar. Bedewlere dakylýan ýene bir şaý-sepiň ady tokadyr. Bu bezeg hem kümüşden gönüň üstüne takyk daşy oturdylyp ýasalypdyr. Umuman aýdylanda, bu önümler bedew atyň tebigy gözelligine gözellik goşup, zynatyny nurlandyrypdyr. Biziň pähimdar pederlerimiz: “Ajap eser, ajap sazdyr bedewler” diýip, jaýdar aýdýar. Muny Milli Liderimiziň döwet galamynyň astyndan çykan we dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly göwher diwanlary dolulygyna beýan etdi. Bu günki gün bu ajaýyp eserler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ýan kitabyna öwrüldi. Munuň özi Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň her bir başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýandygynyň güwäsidir.

Ejegül ATABAÝEWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň müdiriniň
okuw işleri boýunça orunbasary.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 13.04.2023

Tmpedagog