03.05.2023 Gollanma56 .

Milletiň mertebesini beýgeldýän gymmatlyk


Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň mertebesi has-da belende galýar. Ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşy saýylýar. Şonuň üçin olar milletimiziň mertebesini beýgeldýän gymmatlykdyr. Häzirki wagtda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ganatly bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň taryhy ähmiýetli gudraty bolmagynda galmak bilen, ýurdumyzyň üstünlikleriniň nyşanyna, ata-babalarymyzyň hasyl bolan arzuwlarynyň alamatyna öwrüldi.

Atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumynyň ýanynda ýapyk manežli okuw merkezi açyldy, bu ýerde sportuň at çapyşygy, marafon, konkur ýaly görnüşleri boýunça türgenler taýýarlanylýar. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäherinde gurulýan desgalaryň arasynda Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binasynyň bolmagy hem has begendirýär. 2018-nji ýylda Akhanyň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Çarpaýa galyp, gysga wagtda art aýaklarynyň üstünde iň uzak aralygy geçmekdäki ýokary görkezijisi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur Akhan bedewine bagyşlanan «Akhan monumentiniň» hem şu döwrebap şäherde bina edilmegi bedewiň sarpasynyň uludygyny subut edýär. Akhanyň adynyň «Aşgabat — 2017» bilen baglanyşyklydygy hemmä mälim. Ýurdumyzyň paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesine Aziadanyň alawy hem Akhanda getirilipdi.

Arkadag şäherinde halkymyzyň bedewe bolan söýgüsini goşalandyrýan ýene bir ajaýyp bina bar. Ol şäheriň merkezi seýilgähinde döwrümiziň görnükli syýasatçysy, Gahryman Arkadagymyzyň ady dakylan «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylýan binadyr, bu bina türkmen sungatynyň taryhynda täze sahypany açdy. «Arkadag Binasy» — Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewine atlanan aýgytly keşbi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. Bu bina «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen buýsançly çagyryşyň binagärlik nusgasydyr, şeýle hem ol döwletimiziň parahatçylyksöýüjilikli syýasatyny şöhlelendirýär.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz bedewiň sarpasyny belende galdyrmak ugrunda köp işleri edýärler. Ähli halkara talaplara laýyk gelýän okuw-usulyýet we karantin-weterinariýa merkezleri döredildi. Welaýatlarymyzyň ählisinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary guruldy. At münmek, at üstünde oýnalýan oýunlar bilen meşgullanmak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgämiz täze röwüşlerde ösüp ugrady. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmeniň bedew terbiýesinde bar bolan ata-babadan gelýän däp-dessurlarymyzy dikeltmäge örän amatly şertleriň döredilmegi sportuň bu görnüşi boýunça ösüşlere täze bir itergi berýär.

Madina RAHMANOWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 27.04.2023

Tmpedagog