12.05.2023 Gollanma216
Akyldar şahyryň edebi mirasy
Türkmen halky hemişe özüniň beýik şahsyýetlerini hormatlapdyr, sarpalapdyr. Halkymyz olaryň abraý-mertebesini, hatyrasyny belent tutupdyr. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki günlerde hem üstünlikli dowam edýär. Biz muňa akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormatyň, onuň beýikliginiň ykrar edilmeginiň mysalyndan-da göz ýetirýäris.
Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp goşgulary bilen diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, Gündogar edebiýatyny-da baýlaşdyrdy. Şahyr:
Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar —
Akyldar şahyrymyzyň beýikliginiň ýene-de bir ykrary onuň arzuwlarynyň hasyl bolandygy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa beýik şahyr hökmünde ykrar etmäge esas döredýär. Muňa şahyryň:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —
Magtymguly Pyragy öz döredijilik kämilligi, ussatlygy bilen türkmen halkyna şöhrat getirdi. Bu hem onuň beýikliginiň görkezijisidir. Taryhyň, durmuşyň görkezişi ýaly, diňe beýik şahsyýetler halkyna şan-şöhrat getirýärler, iliniň, Watanynyň mertebesini belende göterýärler.
Akyldar şahyrymyz ajaýyp goşgularynda durmuşyň ähli ugurlaryny, ähli meselelerini dogruçyllyk bilen şahyrana beýan edýär welin, aýdýan her bir pikiri ýüregiňe jaý bolýar. Hut şonuň üçin halkymyz aýtmakçy ýa-da tassyklatjak bolýan pikiriniň ynandyryjy bolmagy üçin «Magtymguly şeýle diýipdir» diýip, şahyryň goşgularyna salgylanýar. Sözüniň halkyň ýüreginde orun almagy akyldar şahyrymyzyň beýikliginiň ýene-de bir ykrarydyr.
Şahyryň goşgularynyň ýurdumyzda, şeýle hem dostlukly döwletlerde yzygiderli çap edilmegi, heýkelleriniň dikilmegi, halkara maslahatlaryň geçirilmegi beýikligiň aýdyň beýanydyr. Hut şonuň üçin ýurdumyzda dünýä derejesinde ykrar edilen akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýär.
Akyldar şahyryň abraý-mertebesini belende göterýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gunça ROZNAZAROWA,
Türkmenabat şäherindäki 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 10.05.2023