Biologiýa sapagynda täze usullardan peýdalanmak.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Döwrüň iň ösen enjamlary, kompýuterleri ornaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary ösdürilýär. Bu bolsa ylym-bilimi ösdürmäge, bilim ulgamyny düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, orta mekdeplerde okuwçylara bilim öwretmek usulyýeti barha kämilleşdirilýär, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär. Şunda sapagyň many-mazmunyna, guralyşyna, okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmaga köp zatlar degişlidir. Bu beýan edilenler mugallymyň ussatlygyna we tejribesine bagly bolup durýar. Okuw meýilnamasyna laýyklykda, umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-nji synp okuwçylaryna biologiýa dersi boýunça «Suwotular. Olaryň umumy häsiýetnamasy» temalaryny öwretmek göz öňünde tutulýar. Şunda innowasion usullardan, tehniki serişdelerden, görkezme esbaplardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Guraýan her bir okuw sapaklarymyzyň guramaçylyk döwründe okuwçylara geçilýän temanyň mazmunyny düşündirýärin, olaryň öwrenmäge bolan höwesiniň artmagyna aýratyn üns berýärin. Sapagyň ähmiýeti barada yzygiderli düşündiriş işlerini geçirýärin.
Okuwçylaryň ösümlik dünýäsi barada gyzyklanmagy sapagy täsirli guramaga mümkinçilik berýär. Şunda suwotularyň surat şekillerini ýörite slaýd görnüşinde taýýarlamak we sapakda peýdalanmak bolar. Şeýle hem multimedia tagtasynda taýýarlanjak slaýdda suwotular hakynda esasy kesgitlemeleri ýerleşdirmeli. Multimedia tagtasynda şeýle kesgitlemeleriň ýerleşdirilmegi okuwçylaryň bu barada okuw kitabyny okamagyna täsir edýär. Okuwçylara suwotularyň umumy häsiýetnamasyny, süýji suwly howdanlarda, deňizlerde we ummanlarda ýaýran suwotular hakynda giňişleýin düşünje berýärin. Şunda köpöýjükli sapak şekilli suwotular hakynda düşündirýärin. Köpöýjükli sapak görnüşli suwotularyň inçejik sapajyklary bilen suw howdanlaryň düýbüne ýelmeşip, ol ýerde ýa-da suwuň galyňlygynda topbaklanýandygyny okuwçylara düşündirýärin. Bu hakynda düşündirmek bilen, ýörite taýýarlanan suratlary, howdanlaryň düýbüniň şekillerini görkezýärin.
Sapagyň dowamynda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyryp, multimedia tagtasyndaky suratlar arkaly olara sowallar berýärin. Şunda okuwçylar öz pikirlerini beýan edýärler, suwotular hakyndaky düşünjelerini paýlaşýarlar.
Öwredilýän maglumatlary ýönekeýleşdirmek hem-de olaryň uzak wagtlap ýatda saklanmagyny gazanmak maksady bilen, temalary tablisalaryň, shemalaryň kömegi bilen beýan etmäge çalyşýaryn. Has takygy, «Suwotular» atly tema geçilende, ony tablisada beýan edýärin.
Biologiýa dersinde ösümlikler hakynda giňişleýin maglumatlary öwrenmek mümkin. Şol maglumatlaryň okuwçylaryň ýadynda gowy galmagyny gazanmak maksady bilen tablisalarda beýan etmek usulyndan peýdalanýaryn. Mysal üçin, suwotular bilen baglanyşykly maglumatlar düşündirilende hem görkezme esbaplary ulanmak bilen bir hatarda, multimedia tagtasynda tablisalary görkezýärin. Bu bolsa okuwçylaryň ýatkeşligini artdyrýar hem-de olar suwotularyň görnüşlerini tiz öwrenýärler. Umuman, tablisalar okuwçylara temany düşündirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin olary yzygiderli peýdalanmak oňat netije berýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi. Şonuň netijesinde sapaklary döwrebap derejede guramaga, multimedia tagtasynda slaýd şekilleri taýýarlap, kämil usullar arkaly sapak guramaga giň mümkinçilikler döredilendir. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, sapagyň dowamynda okuwçylara suwotularyň ähmiýeti, olaryň deňizlerde uly ornunyň bardygy barada aýdyp, öz taýýarlan prezentasiýalarymy we wideorolikleri görkezýärin. Sapagyň ahyrynda geçilen tema boýunça okuwçylaryň sowallaryna jogap berýärin. Şeýle hem okuw kitabyndan «Suwotular, olaryň umumy häsiýetnamasy» diýen temany okamagy hem-de öwrenmegi öýe ýumuş tabşyrýaryn.
Batyr JUMAKOW,
Akdepe etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 31.01.2024