Edebiýat sapagynda Annagylyç Mätäjiniň döredijiligini öwretmek
Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Orta mekdeplerde okadylýan edebiýat sapagy hem, çeper edebiýatymyz barada düşünje bermek bilen bir hatarda, ýaşlarda belent adamkärçiligi terbiýeleýär. Edebiýat sapagynda okuwçylar şöhratly taryhymyzda ajaýyp eserleri döreden şahyrlarymyz, akyldarlarymyz bilen tanyş bolýarlar. Orta mekdepleriň 5-nji synpynda XIX asyrda ýaşan Annagylyç Mätäjiniň ömri we döredijiligi öwredilip, ol okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär.
Sapagy guramaçylykly geçmek üçin okuw kitaby, Mätäjiniň goşgular ýygyndysy we multimedia tagtasynda taýýarlanan ýörite şekiller peýdalanylýar. Sapakda şahyryň mertligi, tebigaty, durmuşy wasp edýän «Gerekdir», «Onda bar», «Dilber», «Elden gider», «Bedew», «Ýüň getirer» ýaly şygyrlary barada giňişleýin gürrüň berýärin. Bu goşgular barada ýörite şekilleri multimedia tagtasynda görkezýärin. Şeýle hem okuw kitabynda ýerleşdirilen «Bugdaý» goşgusyny labyzly okaýarys.
Sapagyň dowamynda bugdaý ekilende, daýhanlaryň köp zähmet siňdirýändigini düşündirýärin. Şonuň üçin hem Mätäjiniň «Bugdaý» atly goşgusy okuwçylarda gyzyklanma döredýär. Öz döwründe Mätäjiniň daýhançylyk we çagalary okatmak bilen meşgullanandygyny okuwçylara düşündirmek gerek. Çünki şahyryň «Bugdaý» goşgusy durmuş ýolunyň çeper beýanydyr.
Reň açar, hoş saýaly,
Seniň ysyň hoşdan, bugdaý.
Ekip, kemala getiren,
Kimdir seni başdan, bugdaý.
Bu goşgyny bugdaý şekilleri ýerleşdirilen multimedia tagtasynda görkezýärin. Bu şekiller we goşgy setirleri okuwçylarda ýatkeşligi ösdürýär, şygry ýat tutmaga, manysyna düşünmäge gyzyklanma döredýär.
Annagylyç Mätäjiniň goşgulary okuwçylaryň watansöýüjiligini ösdürýär, olarda ene topraga, mähriban Watanyna buýsanjy kemala getirýär. Şahyryň türkmen topragyny, onuň gözel tebigatyny wasp edýän «Onda bar» goşgusy hem uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem okuwçylar bilen bu goşgyny labyzly okaýarys.
Ýaşyl öwsüp, ala dagyň degresi,
Aýlanyp çykmaly ýollar onda bar,
Geýinip çykarlar mahmal, begresi,
Şeýle şahandazly iller onda bar.
Ýokarda beýan edilen setirler bilen başlanýan bu goşgyny okuwçylara ýat tutmagy tabşyrýaryn. Sapagyň ahyrynda okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýarys. Şonda okuwçylar sapaga degişli gyzykly soraglary berýärler, şahyryň döredijiligi hakynda özlerinde galan täsirleri beýan edýärler. Munuň özi okuwçylaryň sapaga bolan gatnaşygyny barlamaga we olaryň düşünjesini ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär. Sapagy şeýle giňişleýin we täsirli alyp barmak bilen, okuwçylara öýde okamaly goşgulary ýatladýaryn. Edebiýat sapagyny täsirli geçmek mugallymlaryň baý tejribesine hem baglydyr.
Gülşat MÄMMEDOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.03.2024