Çagany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň oýun mekdebi
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak bilen bagly durmuşa geçirýän beýik işleriniň düýp maksady ýaşlara sagdyn terbiýe bermekdir. Sportuň dürli hereketli we aň-paýhas görnüşli ugurlary bilen meşgullanmak ýaşlarda, şol sanda mekdep okuwçylarynda az hereketlilik sebäpli döreýän kemçilikleriň öňüni almaga ýardam berýär. Munuň özi olaryň boş wagtlarynyň esasy bölegini hereketsiz, kompýuterleriň we el telefonlarynyň başynda geçirmekleriniň ornuny çalyşýar.
Küşt oýny halkymyzyň arasynda gadym döwürlerden bäri söýlüp oýnalýan aň-paýhas oýnudyr. Muňa asly türkmen topragyndan bolan As-Suliniň dünýäde küşt boýunça resmi däl ilkinji çempion hasaplanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de, 1939-njy ýylda türkmen küştçüsi Täşli Taýlyýew öňki soýuzyň kolhozçylarynyň arasynda geçirilen ýaryşyň çempiony bolupdyr. Halypa küştçi Amanmyrat Kakageldiýew öz manyly ömründe 8 gezek Türkmenistanyň, 2 gezek SSSR-iň çempiony bolupdy. Mähri Geldiýewa iki gezek (1996-njy we 1998- nji ýyllarda) Bütindünýä küşt Olimpiadasynyň çempionynyň belent münberine çykypdy.
Küşt oýny ýaşlaryň aň-düşünjesini ösdürmekde we şahsyýeti kämilleşdirmekde ähmiýetli oýun görnüşidir. Ol boş wagtyňy işjeň we peýdaly geçirmek, akyl-paýhas ukybyňy artdyrmak ýaly ugurlarda ajaýyp mümkinçilikdir. Bedeni berkitmek üçin edilýän maşklar ýaly, küşt hem akyl-paýhas ukybyňy, zehiniňi, başarnygyňy tijäp durmak üçin ajaýyp türgenleşikdir. Küşt oýny, hünärmenleriň belleýşi ýaly, adamyň durmuşa taýýarlyk derejesini kesgitleýän yzygiderli (logiki) we nazary pikir ýöredip bilijilik; duýgurlyk; pikiriňi çalt jemläp bilijilik we çusluk; erjellik; sabyrlylyk, jogapkärçilik, ýatkeşlik; meýilleşdirip, seljerip we ugrukdyryp bilijilik; özüňe erk etmek we erki terbiýeläp bilijilik ukyplaryny ösdürýär. Şonuň ýaly-da, özgäniň pikirine hormat goýmak, gözelligi duýmak, göwünçökgünligi ýeňmek häsiýetlerini terbiýeleýär.
Mekdep okuwçylaryna küşt oýny bilen baglanyşykly meseleler matematiki olimpiadalarda has köp gabat gelýär. Matematigiň we küştçiniň pikirleniş usullary meňzeşdir. Şonuň üçinde şahsyýetiň matematiki başarnyklary bilen küştdäki üstünlikleri köplenç halatda gabat gelýär. Meselem, dünýäniň küşt boýunça çempionlary E. Lasker, M. Eýwe matematika ylymlarynyň doktorlarydyr. Şundan daşgary M. Eýwe matematika dersinden sapak berýän mugallym, Gollandiýanyň Matematika merkeziniň ýolbaşçysy ýaly wezipelerde hem işläpdir. Dünýäniň çempionlary M. Talyň we A. Karpowyň hem matematiki başarnyklary ýokary bolupdyr.
Aýdylanlardan görnüşi ýaly, küşt şahsyýeti intellektual we aň taýdan ösdürüjidir. Belli pedagog W. A. Suhomlinskiý: «Küştsüz akyl başarnyklaryny we ýady terbiýelemegi göz öňüne getirmek hem mümkin däl» diýip belläpdir. Şundan hem görnüşi ýaly, çaga terbiýesinde küşt oýnunyň ornuny çalşyp bolmajak ähmiýeti bardyr. Dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde orta mekdeplerde küşt oýny boýunça geçirilen ýörite ylmy synaglar küşt oýny bilen meşgullanýan okuwçylaryň dürli dersler boýunça sapaklaryna ýetişikleriniň küşt oýnamaýan okuwçylaryňkydan, takmynan, 35-40 göterim ýokary bolýandygyny görkezipdir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Merkezi Aziýada, Ýewropa ýurtlaryndan Russiýa Federasiýasynda, Niderlandlarda, Italiýada, Wengriýada, Ispaniýada küşt oýny mekdebiň okuw meýilnamasyna girizilendir. Gündogar ýurtlarynda hem küşt oýnuna meňzeş «Go» diýip atlandyrylýan oýun Çagany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň oýun mekdebi. Sport we terbiýe mekdepde öwredilýän dersleriň sanawynda orun tapdy.
Diýmek, küşt çaganyň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmegiň türgenleşdirijisi bolmak bilen bir wagtda geljekki ýeňişleriň psihologik mekdebidir. Bu oýun çaganyň ünslüligini (garşydaşyň göçümini yzarlamak), aň ýetirijiligini (geljekki göçümi we mümkin bolan nusgalary (wariantlary) aňynda aýlamak), pikir ýöredişini (iň oňat göçümi gözlemek), sabyrlylygyny we yzygider maksada ymtylmagyny türgenleşdirýär.
Küşt oýnap başlan çaga dogry logiki çözgüdi tapmaga ymtylýar. Şunuň özi hem çaganyň aň ösüşi üçin örän peýdalydyr. Çünki ol turuwbaşdan emele gelen ýagdaýa seljerme bermäge, pikirlenmäge we dogry usuly saýlap almaga ugrukýar. Göçüm eden wagtynda özbaşdak çözgüt kabul etmegi öwrenýär. Oýun kämilleşdigiçe, ol özbaşdak hereket edip bilýändigine göz ýetirýär. Özüne bolan ynamy artýar. Onda şahsyýet kemala gelip başlaýar, zehini açylýar. Küşt çaga çekinjeňligi ýeňip geçmäge ýardam berýär.
Aýdylanlardan görnüşi ýaly, küşt beýniniň ösmegi üçin ajaýyp oýundyr, ol oýun wagtynda beýniniň iki ýarymşarynyň hem sazlaşykly işlemegini üpjün edýär, şol sebäpli şahsyýetiň hem logiki, hem abstrakt pikirlenmek ukyby ýokarlanýar. Şeýlelikde, okuwçy isle, mekdepde — okuw sapaklarynda bolsun, isle, gündelik durmuşda ýüze çykýan ýagdaýlarda bolsun, tiz we dogry çözgüt etmek mümkinçiligine eýe bolýar. Bu gazanan üstünligi oňa geljekki durmuş ýolunda hem mynasyp ýardam we goldaw bolýar.
Biz ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň bagtly geljegi ugrunda ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Suraý DURDYÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky
10-njy orta mekdebiň
bedenterbiýe mugallymy.
«7/24.tm: «Türkmenistan Sport»
halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 23.01.2023