Körpelerde hasaplama endiklerini kemala getirmek
Çagalaryň durmuşynda olara ýönekeýje hasaplama endiklerini öwretmek möhümdir. Ýönekeý hasaplamalar bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilip başlanýar. Uly toparlarda guralýan ýönekeý matematik düşünjeleri öwretmek sapagynda elde ýasalan görkezme esbaplary we kompýuterlerde taýýarlanan ýörite slaýdlary multimedia tagtasynda görkezip, peýdalanmak mümkin.
Çagalara ýörite temalar boýunça ýeňil hasaplamalar berilmeli. Berlen hasaplamalar surat üsti, şekil üsti bilen düşündirilse, çaganyň ýadynda galmagy üçin has ýeňil bolýar. Körpelere birden ona çenli sanamak we hasaplamak öwredilýän döwründe ýönekeýje mysallaryň üsti bilen olaryň ünsüni çekmek bolýar. Meselem: slaýddaky şekiller esasynda çagalara sorag bilen ýüzlenmeli: «Çagalar, kölde näçe sany ördek ýüzüp ýör?». Munda çagalar suratdaky kölde ýüzüp ýören ördekleri sanaýarlar we dogry jogap berýärler. Olara şu surat bilen baglanyşykly ýene-de sorag berip bolýar. «Çagalar, eger ýüzüp ýören ördekleriň ikisini kölden çykarsaň, onda kölde näçe ördek galar?” diýen soraga çagalar özbaşdak pikirlenip başlaýarlar. Olar ýa elleriniň barmaklarynda ýa-da hasaplama çöpjagazlarynda çaltlyk bilen 10-dan 2-ni aýryp, dogry jogap bermäge çalyşýarlar. Bu mysalda haýsy çaga ilkinji we dogry jogap berse, ol şekiljikler bilen höweslendirilýär.
Mysallaryň üsti bilen çagalara ýatdan hasaplamagy öwretmek hem zerurdyr. Şonuň üçinem çagalara görkezilýän mysallary ilki olara ýönekeý dilde düşündirip, olaryň özbaşdak pikirlenip bilmeklerini gazanmaly. Slaýdlardaky mysallary suratlaryň üsti bilen tanyşdyrmaly we düşündirmeli. Meselem: «Çagalar, suratda näçe sany towşan bar? Birinji towşanyň öňünde näçe sany käşir bar?» ýaly mysaly hödürläp bolýar. Munda çagalar derrew towşanyň ikidigini we birinji towşanyň öňünde dokuz sany käşiriň durandygyny dogry aýtmagy başarýarlar. Şu ýerde çagalaryň ünsüni ikinji hödürlejek mysalyňa çekmeli. Olara şu suratdaky indiki soragyň mysalyny ýatdan hasaplamalydygyny ýatlatmaly we mysaly düşündirmeli, ýagny: «Çagalar, birinji suratdaky towşanyň öňünde dokuz käşir dur. Ikinji suratdaky şol towşan dokuz käşiriň näçesini iýipdir?» diýen sorag tamamlanan pursatda çagalar suratdaky dokuz käşiriň näçesiniň iýlendigini çaltlyk bilen pikirlenip, dogry jogap bermegi başarýarlar.
Mysallar tamamlanandan soňra çagalara öýlerine hem hasaplamasy ýeňil we olara tanyş bolan hasaplamalary özbaşdak ýumuş hökmünde tabşyryp bolýar. Mysal üçin, “Çagalar, siziň öýüňizde näçe sany käse bar, agşam naharynda olaryň näçesinde çaý içildi we näçesi arassa durdy?” ýaly soraglar bilen çagalaryň öýde wagtlarynda hem öwrenip gezmeklerini gazanmak bolýar.
Oguljan MÄMEDOWA,
Tejen etrabyndaky 31-nji çagalar bagynyň müdiri.
“Mugallymlar gazeti”, 08.02.2023