08.01.2023 Pedagogika166

Edebiýat dersini okatmak, onda ritorik baglanşyk


 Edebiýat dersi döwrebap usullaryň hatarynda mekdeplerde alnyp barylýar. Biz edebiýat dersinde okatmagyň "Ritorik" usulyny işjeň peýdanlanýarys. Öz gözbaşyny gadymy Gressiýadan alyp gaýdýan bu ylym, okuwçylarda çeper sözleýiş endiklerine ösdürmeklige uly ýardam bolup hyzmat edýär. Bu usuly toparlaýyn sahna görnüşinde ýerine getirilse gowy, şonda iň pes okuwçy hem işjeň gatnaşýar. Dessanlar, romanlar sahnalaşdyrylsa öz täsirini berýär.

 Dessanda ýer-ýurt atlary köp duş gelýär, şonda ritorikanyň "el hereket" usuly bilen kartadan sahna gatnaşmaýan okuwçyňa tapdyrmaly. Ýene bir bellemeli zat ritorikanyň "ýagtylykda çykyş etmek" usuly has peýdaly, ýagtylykda adam jogapkärçiligi duýýar, şonuň üçin hem telekameralarda ýagtylyk goýlandyr, eýýäm sen çykyş etmäge başlamalydygyňy aňladýar.

 Ritorikanyň ýene bir usuly bolan "Köpçülik sorag" usuly, esasan dessanlarda, romanlarda ulanylsa has peýdaly. Sebäbi waka köp bolýar. Meselem: Siziň halan we halamadyk gahrymanlaryňyz haýsy wakalaryň içinde? Şeýle sorag bilen gahryman okuwçynyň ýadynda galýar. Wakalar her okuwçynyň beýnisinde bulaşmaz ýaly aýyl-saýyl bolýar.

 Ritorikanyň "sözleriň görnüşleri, olary ýerine ýetirmek" usuly. Dessanlardan gahrymanlaryň begenjini, gynananjyny okuwça ýerine ýetirtmek.

 Umuman aýdanyňda ritorika ylmy edebiýat dersini okatmaklykda uly ýardamçydyr. Sebäbi bu ylym özüniň gadymylygy bilen häzirki wagtda dünýä ýüzüne orun aldy. Mugallymçylyk işimizde okatmagyň täze usullaryny gözläp, geljekki nesillere ýetirýäris. Çünki nesiller şu günümiz we ertirimizdir.

Uzukjemal Amanowa,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Akwekil geňeşliginiň
18-nji orta mekdebiniň mugallymy.



Tmpedagog