Iňlis dili sapaklarynda kompýuterden peýdalanmak
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Her ýyl täze okuw ýylynyň başlanmagy ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan körpeler üçin uly şatlykly, ýatdan çykmajak gün bolup durýar. Birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuteriň sowgat berilmegi çagalaryň bilimler dünýäsine ilkinji gadamlary basyp, dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň üsti bilen ýokary derejede bilim almaklaryna uly mümkinçilik döredýär.
Sapagy kompýuter arkaly guramak mugallym üçin hem, okuwçy üçin hem örän amatlydyr, sebäbi, okuwçy sapaga degişli maglumatlary gözi bilen görüp, aňynda aýlap, öwrenilýän zatlary çalt we ýeňil kabul edýär. Sapakda okuwçylaryň işjeňligi artyp, olar uly höwes hem-de gyzyklanma bilen netbuklarda işleýärler.
Başlangyç synpda daşary ýurt dili sapagynda hem kompýuterden peýdalanyp sapak guramagyň özboluşly ähmiýeti we gowy netijeliligi bar. Mugallym, ilki bilen, sapakda geçjek täze temasyna degişli slaýdlary yzygiderlilikde açyp, okuwçylary täze sözler bilen, olaryň aýdylyşy we okalyşy, tema degişli suratlar bilen tanyşdyrýar. Bu bolsa okuwçynyň täze sözi hem görüp, hem eşidip, aňynda çalt we aýdyň galmagyna getirýär. Kompýuteriň kömegi bilen her okuwçy täze öwrenilen sözleri gaýtalap bilýär.
Geçilen temany berkitmekde mugallym kompýuterdäki berlen ýumuşlardan peýdalanyp, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenip çalt we dogry tapyp bilmek, ugurtapyjylyk ýaly endikleriniň has-da ösmegini gazanýar. Mysal üçin, reňkler öwredilende berlen şekiljigi ses bilen aýdylyp eşidilýän reňki dogry tapyp reňklemek. Okuwçynyň sözüň aýdylyşyny dogry eşidip, şol sözi gaýtalap we şol reňke degişli syýajygy tapyp, kompýuteriň syçanjygynyň kömegi bilen işledip bilmegi onuň ünsli diňlemegini, sözleýiş başarnygyny we işjeňligini ösdürýär. Haýwanlaryň, maşgala agzalarynyň, ýa-da pasyllaryň, aýlaryň atlary öwredilende kompýuterde surat goýup, onuň aşagynda berlen boş öýjügi doldurmak ýa-da galdyrylan harpy tapyp goýmak ýaly ýumuşlar okuwçynyň ýatkeşliginiň, okap bilmek başarnygynyň we ýazuw endiginiň ösmegine täsir edýär.
Sanlar geçilende ýörite slaýdlarda berlen sanlaryň kömegi bilen gurlan şekilde san yzygiderliligini bozýan sany tapyp, kompýuter syçanjygynyň kömegi bilen ony ýüze çykarmak. Bu usul okuwçynyň ünsüni bir ýere jemlemekde, ýatkeşligini, sözleýiş endigini we işjeňligini ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Şeýle-de, okuwçylaryň sözleýiş we okap bilmek endiklerini ösdürmek üçin kompýuteriň kömegi bilen slaýdlarda bir wakanyň bolup duran pursadyny görkezýärin. Edilýän herekete görä aşakda görkezilip berlen sözlerden sözlem düzmek arkaly ýumuşlary almak, diňe bir sözleýiş we okap bilmek endigini däl-de, eýsem, okuwçynyň grammatika kadalaryny hem öwrenmegine mümkinçilik döredýär. Ýokarda görkezilen işjeň usullar öz netijeliligini sapagyň soňunda has aýdyň görkezýär.
Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa MOWLÝAMOWA,
Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 04.10.2023