Okuwçylara çyzgylary düşündirmek
Ylmyň we tehniki ösüşiň häzirki zaman eýýamynda ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny ösdürmäge, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem ökde hünärmenleriň işläp taýýarlan täze tilsimatlary we taslamalary arkaly halkyň durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Şonuň üçin bilimli adam bolup ýetişip, öz zähmetiň bilen Watana peýda getirmek üçin çyzuw dersini düýpleýin öwrenmek möhüm ugurlaryň biridir.
Çyzgy islendik hünärdäki adamyň hemişelik hemrasy bolup durýar. Çyzgy fizika, matematika we geografiýa ýaly dersleri we başga-da birnäçe ylymlary öwrenmekde giňden ulanylýar. Önümi ýasamak, ony täzeden işlemek ýa-da oňa gözegçilik etmek üçin, onuň çyzgysyny ýerine ýetirmek zerur bolup durýar. Şol çyzgyny çyzyp bilmegi we ol baradaky esasy maglumatlary ýazyp we okap bilmegi öwretmek inženerçilik grafika dersiniň paýyna düşýär. Inženerçilik hünärleri boýunça hünärmenleri taýýarlamakda inženerçilik grafika dersiniň aýratyn orny bardyr. Bu dersde öwrenilýän şekilleri gurmak, proýeksion meseleleri çözmek, çyzgylary çyzmagyň we olary resmileşdirmegiň düzgünleri baradaky bilimler taslamalary işläp düzmekde we olary iş ýüzünde ýerine ýetirmekde giňden ulanylýar.
Inžener grafika dersiniň esasy maksady ähli inženerçilik hünärler boýunça çyzgylaryň kömegi bilen pikirleri çyzga geçirip bilmegi, şeýle hem çyzgy boýunça şekillendirilen tehniki önümiň çyzgylaryna düşünmek üçin bilim, başarnyk bermekdir. Inženerçilik grafika dersini çuňňur öwrenmegiň netijesinde şulary bilmek zerurdyr: nokadyň, göni çyzyklaryň, tekizligiň we üstleriň şekillerini, şeýle hem aksonometriki şekilleri gurmagyň nazaryýet esaslaryny özleşdirmek; geometriki figuralaryň özara degişlilik we özara kesişmek, şeýle hem tekiz geometriki figuralaryň hakyky ululyklaryny kesgitlemek meseleleriniň çözülişleri bilen tanyşmak; ýönekeý geometriki figuralaryň gönüburçly proýeksiýada, aksonometiýada şekilleriniň gurluş usullaryny öwrenmek we ol talaplary takyk ýerine ýetirmek; şekili boýunça ýönekeý geometriki figuralaryň görnüşlerini kesgitläp bilmegi we bu şekili asyl nusgadan we önümleriň gurnama çyzgylary boýunça ýerine ýetirip bilmegi başarmak; iki-üç şekilli şaýlaryň birikdirmeleriniň şekilleri bilen tanyşmak; 10-14 şaýdan ybarat bolan tehniki önümleriň gurnaýyş çyzgysyny okap bilmek; şeýle hem standartyň talabyna laýyklykda bu çyzgylary takyk ýerine ýetirip bilmek ýaly ugurlardan ybaratdyr.
Konstruktoryň esasy döredijilik işi önümiň gurluşy bejerilende we ulanylanda materiallary hem-de zähmeti az sarp edip, niýetlenen maksadyna laýyk gelýän şekilde işläp bejermek bolup durýar. Çyzgy — bu konstruktoryň ýasalmaga degişli bolan önümiň işlenip bejerilen gurluşy barada öz görkezmesini we pikirini ýerine ýetirijä geçirmäge kömek edýän tehniki serişdesidir.
Gülälek TÄÇMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
134-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 18.10.2023