15.01.2023 Pedagogika266

Andragogika näme?
Siziň mugallymyňyz pedagogmy ýa-da andragog?!


 Mugallym diýenimizde gönüden-göni kellämize «pedagog» adalgasy gelmegi mümkin. Emma bu makalanyň üsti bilen siziň köpiňizi «andragogika» bilen tanyş etmek isleýärin. Şeýle-de pedagogika bilen andragogikanyň tapawudy barada durup geçmekçi.

 Adalgalaryň ikisi-de grek sözi bolup, paidi — çaga, ago — ugrukdyrmak diýmegi aňladýar. Netijede, pedagogika adalgasy çagany bilime ugrukdyrmak diýen manyny aňladýar. Beýleki tarapdan andras — adam, ago — ugrukdyrmak diýmegi aňladýar. Ýagny, andragogika diýmek uly adamlary bilime ugrukdyrmakdyr.

Andragogikanyň taryhy
 Ilki bu bilim usulynyň taryhy barada durup geçmekçi. Bu adalga ilki nemes mugallymy Aleksandr Kapp tarapyndan 1833-nji ýylda döredildi. Andragogika Oýgen Rozenstok-Hýussi tarapyndan uly adamlar üçin bilim teoriýasyna öwrüldi. Wagtyň geçmegi bilen ABŞ-da amerikaly mugallym Malkolm Noulz tarapyndan meşhur boldy.

Andragogika — uly ýaşlylara bilim bermekde ulanylýan usullara we çemeleşmelere degişlidir. Bu usulda öwrenijiler garaşsyzdyr. Andragogika usuly öwrenijilere özlerini açmaga, ösdürmäge, hünärlerini kämilleşdirmäge uly mümkinçilik berýär.
Pedagogika — kiçi ýaşlylary ugrukdyrmak, oňa baha bermek we olaryň bilim almaklary üçin mugallyma bagly bolan bilim usulydyr.
Andragogika öz-özüňi tanamaga, tejribe toplamaga we meseläni çözmäge gönükdirilendir. Mysal üçin, okuw tejribesiniň dowamynda andragogiki çemeleşmesi talyplara mugallyma garaşsyz bolmagy we öz maksatlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
 Bir söz bilen aýdanyňda, andragogika okuwçylara, pedagogika bolsa mugallymlara esaslanýar.

 Andragogika bilen pedagogikanyň aratapawutlary
 Baglylyk:
Andragogika: Öwrenijiler garaşsyzdyr. Olar özlerini ösdürmäge gönükdirilendir.
Pedagogika: Okuwçylar okuwlaryny ýeňilleşdirmekleri we täsirli guramaklary üçin mugallyma baglydyr.

Öwrenmegiň sebäpleri
Andragogika: Öwrenijiler şahsy we hünär taýdan özlerini ösdürmek maksady bilen öwredilýär.
Pedagogika: Çagalar belli bir tapgyra geçmezden ozal möhüm öwrenmeli zatlary öwredilýär.

Okuw çeşmeleri
Andragogika: Öwrenijiler elindäki okuw meýilnamasyna has gowy düşünmek üçin öz tejribelerini we başgalaryň tejribelerini ulanýarlar.
Pedagogika: Çagalar ähli okuw çeşmeleri üçin mugallyma baglydyr. Mugallymyň wezipesi çagalara bilim bermekde täsirli usullary döretmekden we ony okuw prosesinde ulanmakdan ybaratdyr.

Üns
Andragogika: Öwrenijiler öwrenmek üçin köplenç meseläni häzirki wakalara ýa-da hakyky durmuşa gönükdirýär.
Pedagogika: Çagalara öwretmek üçin okuw meýilnamasy bilen mowzuga gönükdirilen modeldir.

Mugallymyň orny:
Andragogika: Mugallym öwrenijiler bilen hyzmatdaşlygy, birek-birege hormat goýmagy höweslendirip, utgaşdyryjy (fasilitator) hökmünde çykyş edýär.

Pedagogika: Mugallym okuwçylara bilim, ukyp-başarnyk bermekde hünärmen hökmünde hereket edýär.

Pedagogikada okuwçy mugallyma doly baglydyr. Pedagogikada mugallym okuwçylarynyň ösüşine baha berýär we okuw materiallary we netijeliligi üçin doly jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Okuwçy az ýa-da hiç hili durmuş tejribesi bolmadyk ýagdaýda okuw partasynyň başyna gelýär. Şonuň netijesinde mugallym çaga üçin iň täsirli şahsyýetleriň birine öwrülýär. Çagalar zerur ädimleri ýerine ýetirenlerinden soň öňe gidýärler. Olara indiki mowzuga geçmek üçin, belli bir mowzugy özleşdirmek üçin näme etmelidigi mugallym tarapyndan aýdylýar. Okuwlar mugallym tarapyndan bellenilýär. Okuwçylar öz ene-atalary we mugallymlary tarapyndan daşarky çeşmeler bilen höweslendirilýär.
Andragogikada öwreniji okuw prosesi üçin ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Bu usul öz-özüňe baha bermegi we belli bir ugra taýýarlanmagy talap edýär. Öwreniji durmuş tejribesini esas hökmünde ulanýar. Andragogikada öwrenijiler mugallymdan, şeýle hem deň-duşlaryndan öwrenýärler. 

Sözsoňy
Mugallym, ilki bilen, haýsy ýaşdaky adamy okadýandygyny bilmelidir. Eger-de mugallym çagany okadýan bolsa, ol bilim bermegiň pedagogika usulyny ulanyp, çaganyň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, höweslendirmäge ukyply bolmalydyr.

 Eger-de okadýanlary talyp ýa-da uly ýaşly adamlar bolsa mugallym andragogika usuly ulanyp, öwrenijileri ugrukdyrmagy başarmalydyr.

 Netijede, orta mekdepde okadýan mugallym pedagog, ýokary okuw mekdeplerinde okadýan mugallym bolsa andragog bolmalydyr. Siziň mugallymyňyz pedagogmy ýa-da andragog?!


Çaryguly Hanjaýew. «SalamNews».


salamnews.tm

Tmpedagog