Hünär ugurly okuwlarda sapak ýazgysynyň taýýarlanylyşy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň bagtyýar geljegi bolan ýaşlarymyzyň häzirki zaman bilimli, giň gözýetimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýärler.
2023 — 2024-nji okuw ýylynda umumybilim we ýörite bilim edaralarynda hünär okuwynyň girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 53 belgili buýrugy bilen «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdiriji», 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda çykaran 234 belgili buýrugy bilen bolsa «Umumybilim we ýörite bilim edaralarynda hünär ugurly okuwlary guramak hem-de jemleýji döwlet synagyny geçirmek boýunça Gözükdirijiler» tassyklandy we okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylyp başlandy.
Umumybilim berýän mekdeplerde hünär öwrediji dersleri okadýan mugallymlaryň taýýarlaýan sapak ýazgylary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrylmalydyr.
Umumybilim edarasynda düzülýän sapaklaryň tertibinde hünär öwrediji dersleriň ady görkezilip, sapaklaryň goşalandyrylyp goýulýandygyny göz öňünde tutup, hünär öwrediji derslerde nazary we amaly okuwlar yzygiderli hem-de sazlaşykly alnyp barylmalydyr.
Ýokarda aýdylyp geçilen talaplara laýyklykda, hünär öwrediji «Agaç ussasy» dersinden 11-nji synpda «Agaç serişdeleri» diýen tema boýunça sapak ýazgysynyň mysaly nusgasynyň taýýarlanylyşyna seredip geçeliň.
Sapak ýazgysyna bildirilýän talaplara laýyklykda «Sapagyň temasy» diýen 1-nji bölümde «Agaç serişdeleri» diýip ýazylýar.
Sapagyň maksadynda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda, olary terbiýelemek hem utgaşykly alnyp barylsa maksadalaýyk bolardy.
Durmuş zähmeti dersiniň okuw maksatnamasyna laýyklykda «Agaç serişdeleri» diýen tema boýunça okuwçylara ilkinji düşünjeler berilýär. Hünär öwrediji «Agaç ussasy» dersi boýunça bolsa okuwçylara giňişleýin maglumatlar berilýär.
Ýagny, sapagyň maksadynyň bilim berijilik bölümçesinde: «Okuwçylara agaç serişdeleri barada giňişleýin düşünje bermek we agaç serişdeleriniň durmuşda peýdalanylyşyny, onuň görnüşlerini, häsiýetlerini öwretmek» diýip ýazylsa maksadalaýyk bolar.
Geçilýän sapagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ata-babalarymyz tarapyndan agaçdan dürli önümleriň ýasalyp, olary durmuşda ulanandyklaryny suratlaryň üsti bilen görkezmek bolar.
Sapak ýazgysynyň «Terbiýeçilik maksady» diýen bölümçesinde: «Agaç serişdelerinden dürli önümler ýasalanda çyzgylaryň üsti bilen ýasamagy öwretmek, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi ündemek» diýip ýazylýar.
Usuly Gözükdirijä laýyklykda, sapagyň birnäçe görnüşleri bar. Mugallym şol görnüşleriň birini saýlap, şoňa laýyklykda sapak ýazgysyny ýazýar.
Hünär öwrediji «Agaç ussasy» dersi boýunça «Agaç serişdeleri» diýen tema geçilende okuwçylara agaçlar barada giňişleýin täze maglumatlaryň berilýändigini göz öňünde tutup, «Sapagyň görnüşi» diýen bölüminde «Täze maglumatlary öwretmek sapagy» diýen ýazgy ýazylýar.
«Sapakda ulanylýan okuw-görkezme esbaplar, sanly serişdeler, paýlama maglumatlar» diýen bölüminde «Kompýuter interaktiw tagta, tanyşdyrmalar, agaçlaryň görnüşleri, tema degişli tablisa» diýip ýazylýar.
«Sapagyň gidişi» diýen bölümiň «Sapagyň guramaçylyk döwri» diýen bölümçesinde «Salamlaşmak, gatnaşygy barlamak we synp žurnalyna gatnaşyk barada degişli bellik etmek. Okuwçylaryň iş orunlaryny işe taýýarlamaklygy gözden geçirmek» diýip ýazylýar.
Soňra synpdaky okuwçylardan geçen sapakda öwrenilen tema boýunça düşünjeleri sorag-jogap alyşmak arkaly barlanýar. Beriljek soraglar, ýumuşlar mugallym tarapyndan öňünden taýýarlanylýar. Okuwçylara beriljek ýumuşlar synp tagtasynda ýazylýar ýa-da paýlanyp berilýär.
«Öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak» diýen bölümçede okuwçylara aşakdaky ýaly soraglar hödürlenip bilner:
1. Agaç ussasy werstagy haýsy böleklerden durýar?
2. Beýgeldip-peseldýän we ýygnalýan daýançlar haýsy işler ýerine ýetirilende ulanylýar?
3. Agaç ussasy werstagynyň nowasy nämä niýetlenen?
4. Agaç serişdesi işlenende haýsy gysgyçlara birikdirilýär?
«Geçilen temany jemlemek» diýen bölümçede agaç ussasy werstagyň agaç serişdelerini işläp taýýarlamak üçin niýetlenendigini aýdyp, mugallym geçilen temany gysgaça jemleýär.
Täze öwrediljek «Agaç serişdeleri» diýen tema mugallymdan onuň many-mazmunyny çuňňur we jikme-jik özleşdirmegi, ondaky esasy düşünjeleri tapawutlandyryp bilmegi hem-de tema boýunça zerur tanyşdyrmalary taýýarlamagy talap edýär.
Sapak ýazgysynyň «Täze temany düşündirmek» diýen bölümçesinde temany düşündirmegiň mysaly meýilnamasyny aşakdaky ýaly görnüşde ýazmagy mugallyma maslahat berýäris:
1. Agaç serişdeleriniň halk hojalygynda peýdalanylyşy.
2. Agaç serişdeleriniň görnüşleri (pürli, ýaprakly, gaty, ýumşak agaçlar).
3. Agaçlaryň sütüniniň gurluş aýratynlygy.
4. Agaçlaryň häsiýetleri.
5. Agaçlaryň berkligi.
6. Agaçlaryň kemçilikleri.
7. Agaçlaryň guradylyşy.
Mugallym temany düşündirmegiň meýilnamasyny işläp düzenden soňra, öňde beýan edilen şol mysaly meýilnama laýyklykda, sapak ýazgysynda gysgaça ýazgylary ýazýar.
Soňra mugallym sapak ýazgysynda okuwçylaryň täze temany öwrenmek bilen nämeleri bilmelidiklerini we nämeleri başarmalydyklaryny aýdyň göz öňüne getirmelidir hem-de olary sapak ýazgysynda anyk beýan etmelidir. Munuň üçin ol umumy orta bilimiň döwlet standartynyň hem-de hünär öwrediji agaç ussasy dersiň okuw maksatnamasynyň talaplaryndan ugur almalydyr.
Okuw maksatnamasyna laýyklykda «Agaç serişdeleri» diýen temany öwrenmek bilen okuwçylar aşakdakylary bilmelidirler:
— agaç serişdeleriniň dürli görnüşlerini;
— ýurdumyzda ösdürip ýetişdirilýän agaç ösümlikleri we olardan taýýarlanylýan agaç serişdelerini;
— agaç serişdeleriniň halk hojalygynda ulanylyşyny, olardan dürli önümleriň (ak öýleriň agaç esbaplary, azal oky, agaç ýabak, gaňňa, zähmet gurallarynyň saplary, jaý gurluşygynda, mebel bezeglerinde we ş.m.) ýasalyşyny;
— agaç serişdeleriniň häsiýetlerini;
— agaç serişdeleriniň häsiýetlerine, görnüşlerine görä ulanylyşyny;
— agaç serişdeleriniň saklanyş we tygşytly ulanylyş düzgünlerini.
Temany öwrenmegiň netijesinde okuwçylar aşakdakylary başarmalydyrlar:
— agaç serişdeleriniň görnüşlerini deňeşdirmegi hem-de olary biri-birinden tapawutlandyryp bilmegi;
— agaçlaryň gatylygyny ýa-da ýumşaklygyny anyklamaklygy;
— agaç serişdeleriniň kemçiliklerini anyklamaklygy.
Hünär öwrediji «Agaç ussasy» dersinde okuwçylaryň hünär başarnyklary we endikleri nazary hem-de amaly okuwlaryň üsti bilen kemala getirilýär.
Sapak ýazgysynyň «Täze temany berkitmek» diýen bölümçesinde okuwçylar bilen täze temany berkitmek üçin mugallym öňünden soraglary we ýumuşlary düzüp, olaryň kömegi arkaly okuwçylaryň täze tema boýunça nähili bilimleri öwrenendiklerini we nämeleri başarýandyklaryny barlap görmeli.
Hünär öwrediji derslerde sapaklaryň nazary we amaly okuwlardan ybarat bolmalydygyny nazara alyp, sapak ýazgysynyň «Täze temany berkitmek» diýen bölümçesinde: Amaly işi «Agaç serişdeleri, agaçdan dürli önümleri ýasalýandygyny öwretmek» diýip ýazmagy maslahat berýäris.
Amaly işiň maksadynda: «Agaç serişdeleriniň görnüşlerini tanamagy, her biriniň häsiýetli alamatlaryny, ýasalýan önümleriň haýsy agaçlardan ýasalandygyny, onuň berkligi, çeýeligi we peýdasy baradaky düşünjelerini giňeltmek we nazaryýetde alan bilimlerini amaly işlerde berkitmek» diýlip bellenilýär.
Geçilen täze tema boýunça mugallym okuwçylar bilen amaly işiň ýerine ýetirilişiniň netijesinde sapakda ulanan okatmak usullarynyň, usulyýet tärleriniň, didaktiki serişdeleriniň ýaş nesle ýokary hilli bilim bermekde we hünär başarnyklaryny, endiklerini öwretmekde nähili netijeleri berendigine göz ýetirmäge mümkinçilik tapýar.
Sapak ýazgysynyň «Öý işini tabşyrmak» diýen bölümçesinde şunuň ýaly mazmundaky ýazgyny ýazmagy mugallyma maslahat berýäris: «Geçilen tema boýunça maglumatlary gaýtalamak».
Sapak ýazgysynyň «Sapagy jemlemek we okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmak» diýen bölümçesinde «Geçilen temanyň gysgaça many-mazmunyny beýan edip, sapagy jemlemek» diýip ýazylýar.
Şeýle hem «Sapak wagty berlen soraglara doly we anyk jogap beren we amaly iş boýunça tabşyrylan ýumşy özbaşdak ýerine ýetirmekde aýratyn işjeňlik görkezen okuwçylaryň bilimlerini we başarnyklaryny bahalandyrmak» diýip ýazylýar.
Ýokary talaplara laýyk derejede taýýarlanylan kämil sapak ýazgysy bilen guralan sapaklar gowy netije berer, okuwçylaryň hünär başarnyklaryny ösdürer.
Begnazar GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Zähmet we hünär okuwy bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.
"Mugallymlar gazeti" gazeti, 27.11.2023