03.01.2023 Söhbetdeşlik74 .

Nesillere bilim berýän halypa


Pedagog Çerkez Esenow bilen söhbetdeşlik

√ Çerkez mugallym, söhbetdeşligimiziň başynda özüňiz hakynda gürrüň beräýseňiz.
— Men 1970-nji ýylda Seýtnazar Seỳdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamladym. Ýokary bilim alyp, 1 ýyl institutyň özünde tejribe geçip, kärimi kämil ele almaga mümkinçiligim boldy. Häzirki gün Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýőriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde matematika mugallymy bolup zähmet çekýärin.

√ Mugallymçylyk kärini saýlamagyňyza näme itergi berdi?
—Ilkinji nobat-da bu käre bolan söýgi. Ýaşlykdan göwün söýen kärimi kämil ele alyp, halal zähmet çekip, at-abraý gazanmak, çagalara bilim bermek, ýurdumyza, mähriban halkymyza peýdaly adam bolup, ýetişmek arzuwymdy. Yhlas etseň öňde goýan maksadyňa ýetip bolýar. Döredilen şertlerden peýdalanyp arzuwymy durmuşa geçirip bilendigime çäksiz buýsanýaryn.

√ Halypalaryň käriňizi kämil ele almagyňyzda tutan orny.
—1973-nji ýylda Balkanabat şäheriniň 9-njy orta mekdebine matematika mugallymy bolup, işe geldim. Işe gelen döwrüm bu ýerde tejribeli mugallymlar bardy. Olaryň goldawy bilen okatmagyň, berilýän bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň dürli usullaryny öwrendim. Şol bir wagtyň özünde matematika degişli žurnallary, türkmen we dünýä edebiýatynyň hazynasyna girýän ajaýyp eserleri okadym, güýçli matematikleriň işlerini öwrendim. Bular meniň hünär ussatlygymy has-da ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

√ Innowasion tehnologiýalaryň barha ösýän zamanynda kitap okamaga bolan höwesi okuwçylarda döretmek başardýarmy?
—Häzirki döwürde çagalary internediň ýetirýän ýaramaz täsirinden goramak gerek. Men hemişe okuwçylaryma wagtlaryny boş sarp etmezligi ündeýän. Okuwçylaryň ene-atalary bilen hem, bu mesele boýunça yzygiderli pikir alyşýan. Kitap çagalaryň gözýetimini giňeldýär. Ýaş nesilde kitap okamak endigini döretmegiň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem çeper eserleri, ýurdumyzda çap edilýän döwrebap gazet-žurnallary köp okamagy maslahat berýän. Munuň üçin welaýat kitaphanamyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Kitaplar elektron görnüşinde hem elýeterli. Ýurdumyzda ýokary hilli, mazmun taýyndan baý kitaplar çap edilýär. Bu kitaplary ele alyp okamagyň özi aýratyn lezzet.

√ Sapagyň dowamynda nähili eserlerden peýdalanylsa, sapagy has-da kämilleşdirip bolar?
—“Matematika sapaklarynda milli medeni mirasyň türkmen halk döredijiliginiň we çeper eserleriň esasynda döredilen bilim-terbiýeçilik maksatly öwüt-ündewli maglumatlary ulanmak” diýen temanyň üstünde işleýän. Sapakda tema bilen baglanyşdyryp, nakyllary, atalar sözlerini ulanýan. Ýaş nesliň terbiýesinde olaryň ähmiýeti uludyr. Çünki akyl-paýhasa ýugrulan, many-mazmuna baý setirlere ata babalarymyzyň bize miras galdyran durmuş tejribesi siňendir. Şonuň üçin hem sapaklarymy dürli kitapda toplanan dürdäne setirleri peýdalanyp, baýlaşdyrýan. Şeýle hem, türkmen halkynyň dünýä belli, dana şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerine siňen öwüt-nesihatlaryny okap berýän. Okuwçylar bilen sapakdan daşary döredijilik duşuşyklaryny hem geçirýän.

√ Mugallymçylyk bilen bagly tutuş ykbalyňyzdaky iň ajaýyp pursatlar.
—2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” medaly bilen sylaglanmagym, 2019-njy ýylda bolsa maňa Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen belent adyň dakylmagy boldy. Işime, döredijiligime şeýle uly baha bermegi meni has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

√ Çerkez mugallym, biz size mundan beýläk hem işiňizde üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýäris!

Söhbetdeşligi geçiren:
Amanbagt Kömekowa.



Tmpedagog