10.02.2023 Söhbetdeşlik336 .

Nädip mugallymçylyga arzyly, hormatly hünär diýmejek?!


 Mugallymçylyk asylly hem-de jogapkärli hünär. Şahyr , alym, görnükli pedagog Aman Kekilow:

   Mugallym, mugallym, gör ne gözel at,
   Sende gözün açýar ilki adamzat.
    “A” harpyndan başlap alymlyga çen,
   Gol berip , goltuklap alyp barýaň sen

 - diýip belleýär. Hakykatdanan hem ynsanlaryň durmuşyna mugallymyň hyzmaty uly täsir edýär. Kim bolanlygyňa garamazdan mugallym saňa iňňän köp zatlary öwredýär, durmuş atly mekdebe çenli taýýarlaýar. Nädip mugallymçylyga arzyly, hormatly hünär diýmejek?! Mugallymçylyga tutuş ömrüňi baglap öz ýetişdiren okuwçylaryň üstünliklerine guwanmakdan, buýsanmakdan özge bagty islemeýärsiň.

 Halaç etrabynyň 13-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Annagül Kullyýewa hünärinde kämilleşip halypalyga ýetişen mugallym. Annagül mugallymyň köpýyllyk iş tejribesi köpler üçin nusgalykdyr.

 Ol orta mekdebi tamamlap ýokary okuw mekdebine gitjegini ejesidir kakasyna aýdanda-da olar hem oňa garşy bolmaýarlar. Kakasy Döwran agadyr, ejesi Ogulsoltan gelneje gyzyny ak pata berip ýokary okuw jaýyna ugradany ýaňy ýakynda ýaly bolsa-da ondan bäri ara köp ýyllar düşüpdir. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynda okan ýyllary hem göreldeli talyp hökmünde özüni tanadýar. Talyplyk ýyllarynda döredijilige bolan höwesi has-da güýçlenýär. Şol wagtlar welaýat gazetinde yzygiderli makalalar, şygyrdyr-hekaýalar bilen çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary bilen pikir alyşýar.

 Annagül Kullyýewa 1990-njy ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutyny üstünlikli tamamlaýar. Çagalykdan ýüreginde göteren arzuwlaryny durmuşa geçiren mugallym bu gün halypa hökmünde tanalýar. Indi 34 ýyldan bäri mugallymçylyk hünärinde zähmet çekýän Annagül mugallymyň iş otagyna baranyňda müzeýiň içine düşen ýaly bolýarsyň. Sebäbi onuň iş otagynda ýerleşdirilen okuw görkezme sebaplary, türkmen diline we edebiýatymyza degişli kitaplar, mugallymyň döwürleýin metbugatda çap edilen şygyrdyr hekaýalary, usuly gollanmalary, dürli ýyllarda okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine gurnan gezelençleriniň, ýurdumyzyň döredijilik-sungat işgärleri bilen bolan duşuşyklarda düşürlen suratlary aýratyn bezeg berýär. Bu ýerde ýerleşdirilen maglumatlardan görnüşi ýaly onuň işiniň daşyndan-da döredijiligi ünsden düşürmeýändigini görmek bolýar. Aýratynda mugallyma dürli ýyllarda edebiýatymyzyň görnükli ägirtleri Kerim Gurbannepesow, Kaýum Taňrygulyýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Atamyrat Atabaýew ýaly ägirtlerden mugallyma sowgat berlen ýadygärlik ýazgy ýazylan kitaplary aýawly sakalap geçýän sapaklarynda yzygiderli ulanýar.

 Annagül mugallymyň zähmet çekýän mekdebinde häzirki wagtda iki müňe golaý okuwçylara tejribeli , öz hünärine ussat mugallymlaryň ýüze golaýy bilim-terbiýe berýär. Mugallymalaryň ählisine işinde, durmuşda görelde bolýan halypa mugallymyň iş tejribesini öz işdeşlerine , ýaş hünärmenlerine yzygiderli öwredýär. Annagül mugallymyň mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallylarynyň usuly birleşmesine ýolbaşçylyk etmek bilen mugallymlaryň öz üstlerine yzygiderli işläp kämilleşmekleri ugrunda hem aladalanýar.

 Halypa mugallymyň işdeşlerine her bir okuwçynyň psihologiýasyna görä çemeleşmelidigini nygtaýar. Işe mugallymçylyga başlan ilkinji günlerimizde mugallymyň: -“Her bir çaga özboluşly dünýädir, zehindir. Asla başarnyksyz çaga bolmaýar. Mugallym okuwçynyň haýsy ugra höweslidigini, näme ökdedigini açyp bilip olary şol ugra gönükdirip bilse, mugallymçylykda ondan uly bagt megerem ýok bolsa gerek. Emma mugallym zehini açyp bilmän yza terse ondan gynançly zat bolubam bilmez.” -diýen sözleriniň aňyrsynda çuňňur many bar.

 Türkmen dili we edebidaty sapaklaryndan mekdepde, etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçýän görelde sapaklarynda öz işdeş kärdeşleri bilen tejribe alyşýar. Bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, sergilere işjeň gatnaşýar. Işlän uzak ýyllaryň dowamynda Annagül mugallymyň zehinli okuwçylaryň onlarçasy ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinler” ders hem-de onuň çäklerinde geçirilýän taslama döredijilik bäsleşikleriniň etrap, welaýat hem-de döwlet derejesinde baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Olardan Şirin Ismatowa, Ogulsapar Geldiýewa, Aýgül Karaýewa, Jahan Öwlýakulyýewa Mylaýym Kömekowa dagylary mugallym buysanç bilen ýatalýar. Şu okuw ýylynda hem mugallymyň 11-nji synp okuwçysy Mähri Myradowanyň ders bäsleşiginiň Halaç etrap tapgyrynda birinji orna mynasyp bolmagy aýdanlarymyzy has-da aýdyňlaşdyrýar. Geçen okuw ýylynda Mähri Myradowa Lebap welaýat tapgyrynda hem üstünlikli çykyş edip döwlet tapgyryna gatnaşypdy. Bu bolsa mugallymyň zähmetiniň ýerine düşýändiginiň aýdyň mysalydyr.

 Okuwçylar bilen mekdep partasyndaka döredijilige, ylyma iterýän Annagül mugallym Türkmenistanyň Ylymlar akdemiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphansy bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Häzirki wagtda mugallymyň goldaw bermeginde okuwçylar “Häzirki zaman türkmen edebiýatyň eserlerinde edebi däp we täzeçillik”, “Garaşsyzlyk döwrüniň şygyrýetinde parahatçylygyň waspy”, “Garaşsyzlyk edebiýatynda dokumentallyk" diýen temalardan taslama-döredijilik işiniň üstünde işleýärler. Geçen okuw ýylynda mugallymyň okuwçysy Ajaýyp Babamyradowa taslama döredijilik bäsleşiginiň Lebap welat tapgyrynda baýrakly 2-nji orny eýelemegi başardy.

 Bulardan başgada Annagül mugallym 2015-nji ýylda geçirilen “Ýylyň mugallymy” hünär bäsleşiginiň Halaç etrap, Lebap welaýat derejesinde 1-nji baýrakly orunlary eýeläp döwlet tapgyrynda-da şowly çykyş etmegi başardy. Makalamyzyň başyda aýdyşymyz ýaly döredijiligi hemra edinen mugallym bilim işgärleriniň arasynda Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günleri mynasybetli geçirilýän şygyrýet bäsleşiginde 2017-nji ýylda joşgunly şygyrlary bilen çykyş edip etrapda 1-nji, welaýat derejesinde 2-nji baýrakly ýerleri eýelemegi başarýar. 2019-njy, 2022-nji okuw ýyllarynda bolsa mugallymyň okuwçylary düzme ýazmak boýunça geçirilen bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda 2-nji baýrakly orny eýelediler.

 Häzirki wagtda Annagül mugallymyň bilim beren okuwçylary ata-watanymyzyň çar künjeklerinde, dürli hünärlerde halal zähmet çekip ata watanymyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Olaryň arasynda mugallym bilen bilelikde zähmet çekýän mugallymlarda, müň derdiň dermanyny agtarýan lukmanlarda, ýurdumyzyň her günki ösüşlerini gyzgyny bilen ilimize ýaýýan žurnalistlerde, aýdym aýdyp ile lezzet paýlap ýören bagşy sazandalaryda, ene toprakdan bol hasyl alyp ýören bagbanyda, hünär öwrenip ýören bagtyýar talyplaryda bar.

 Her bir geçýän sapaklarynda multumedia, innowasion usullary ulanýan halypa mugallym öz tejribesini ýaş hünärmenlere öwretmekde hem görelde görkezýär. Ýurdumuzyñ neşirlerinde öz tejribesini kärdeşleri bilen paýlaşýar. Sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bu ulgamynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Sanly tehnologiýalardan ezber baş çykarýan Annagül mugallym geçýän sapaklaryndan internet ulgamynyň, sanly ulgamyň münkinçiliklerinden giňden ulanýandygy aýratyn bellärliklidir. Mugallymyň metbugat.gov.tm, türkmenmetbugat.gov.tm, kitaphana.net, science.gov.tm şeýle-de ýakynda açylan tmpedagog.com.tm internet sahypalaryndan gerekli kitaplary ýa-da beýleki maglumatlary tiz wagtda tapmaga ýardam berýändigini işdeşlerine aýdýar. Her bir sapaga degişli şekilli animasiýalary taýýarlamgy, tehnologiýa enjamlary bilen didadiki oýunlaryň guralmagy okuwçylarda sapaklara bolan höwesi has-da ösdürýär. Häzirki wagtda mekedepde türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň usuly birleşmesine hem ýolbaşçylyk edýär.

 Paýhas çesmesi atly ajaýyp kitapda “Işleseň il tanar” diýilişi ýaly ussat mugallym Annagül Kullyýewany bu günki gün ýurdumyzda tejribeli pedagog hökmünde tanalýar. Onuň işinde gazanýan üstünlikleri mugallymy täze zähmet üstünliklerine, gözleglerine ugrukdyrýar. Halypa mugallym Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň permany bilen 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglandy. Şeýle-de 2013-nji ýylda “Zähmet weterany” diýen adyň eýesidir. Anngül mugallym uzak ýyllaryň dowamynda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde çeken asylly zähmeti göz öňünde tutulyp ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hormat hatlarynyň birnäçesine mynasyp boldy.

 Bagtyýar zamanamyzyň bagtly enesi, asylly hünäriň eýesi Annagül mugallymyň ýurdumyzda bolup geçýän beýik ösüşlere guwanjynyň, buýsanjynyň çägi ýok. Işinden boş wagtlary ene-mamalarymyzdan miras galan el işleri bilen meşgullanýar. Onuň haly sungatymyz , keçe ýasamak bilen hem meşgullanyp obasynda, etrapda bu ugurdan hem ussat hünärmen hökmünde tanalýandygy Annagül mugallymyň milliliklermize buýsanjynyň çäksizdigini görkezýär.

 Halypa mugallym ýadamany, ýaltanmay bilmeýär. Bar yhlasyny ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe berip, ýaşlarymyzda milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, şöhratly geçmiş taryhymyza, gözel tebigatymyza belent söýgi döredip, eziz Diýarymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýjak nesilleri kemala getirmek mundan beýläkde ussat mugallymyň belent maksady bolup durýar. Geljekde-de öz hünäriniň ussady, ajaýyp zamanamyzyň bagtly enesi Annagül mugallyma asylly işlerinde üstünlikler arzuw edýäris.

Serdar ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy, žurnalist.



Tmpedagog