27.02.2023 Söhbetdeşlik118 .

Ylym ýoly şowly bolsun!


 Ogulnur Durdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde okan ýyllarynda ylmy döredijilik bilen yzygiderli meşgullandy. Ondan öň bolsa, ýagny orta mekdepde okan ýyllarynda ders, taslama we döredijililk bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelipdir. Şonuň üçinem uniwersitetde okap başlan ilkinji ýylyndan köp zatlary öwrenmäge höwesek boldy. Meşgullanjak ugruny tiz wagtyň içinde saýlap almaga taýýarlykly talyp hökmünde öňe saýlanmagy başardy. Ylaýta-da, ol häzirki zaman dünýä ylmynda, edebiýat ylmynda iň täze we derwaýys ylmy garaýyşlar, pikirler täze ylmy mekdepleriň usullary bilen köp gyzyklanýar. Ylmy işlerinde-de bu aýratynlyk ýiti duýulýar. Makalalarynda, ylmy-amaly maslahatlardaky çykyşlarynda şol aýratynlygy görmek, duýmak bolýar.

 Talyp ýyllarynda ylmy gözlegler bilen yzygiderli meşgullanmak bilen, diplom işiniň mowzugyny saýlanda-da derwaýys meseleleri öňe sürýän mowzuga ýüzlendi. «Gurbannazar Ezizowyň şygryýetiniň senotiki seljermeleri» atly mowzukdan ýazan diplom işi soň mugallymlaryň, alymlaryň gowy pikirlerine mynasyp boldy. Ol bu mowzugyň üstünde işlän wagtlary, esasan edebiýat senotikasy we edebi strukturalizm, ýagny gurluş usullaryna aýratyn üns berdi, bu babatdaky gymmatly maglumatlary, ylmy garaýyşlary öz işlerinde ulanmaga çalyşdy.

 Hormatly Prezidentimiziň dünýä ylmynyň gazananlaryny öz milli ylmymyza ornaşdyrmak baradaky syýasatyndan ugur alyp ýazylan diplom işde, ylaýta-da, fransuz strukturalizmi we rus senotiki mekdebiniň görnükli wekilleriniň pikirleri täzeden döredijilikli işlenilýär hem-de milli folklorymyzyň we edebiýatymyzyň özboluşly gaýtalanmajak aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilýär.

 Ol diplom işiniň mowzugy bilen bagly makalalar bilen milli metbugatymyzda çykyş etdi. «Garagum» žurnalynda-da sanawaçlaryň çeper gurluş aýratynlygy hakyndaky makala bilen çykyş edip, türkmen halk döredijiligini hem-de G. Ezizowyň şygryýetini ylmy taýdan täzeçe düşündirmekde şol usullary ýerlikli we netijeli peýdalanmagy başardy. Ogulnur her bir makalasynda maglumatlary ýerlikli ulanyp, öz pikirini beýan edýär.

 Ýaşlarymyzyň ylma höwesli bolmagy, döredijilikli çemeleşmekleri geljekde biziň öz milli ylmymyzyň dünýä derejesine çykmagyna mümkinçilikleri artdyrýar.

 Elbetde, Ogulnur ýaş hünärmen we ylmy döredijilige ýaňy girişdi. Şonuň üçinem birbada ýokary kämillik derejesinde bolmajagy görnüp duran zat, ýöne iki sany möhüm pursady aýratyn bellemek gerek: birinjiden, Ogulnurda ylmy işe, ylmy döredijilige ukyp we zehiniň barlygy jedelsiz, ikinjiden, döwrüň talaplaryndan, hormatly Prezidentimiziň ylym baradaky syýasatlaryndan ugur alyp, hakyky, çynlakaý ylmy gözlegleriň ýoluna düşenligi guwandyryjy.

 Uniwersiteti üstünlikli tamamlap, zähmet ýoluna gadam basan Ogulnur Durdyýewanyň ylym ýoly şowly bolsun! Oňa edebi hem ylmy döredijilikde ak ýol arzuw edýäris.

Amannepes ŞYHNEPESOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

"Garagum" žurnaly, №11-2021

Tmpedagog