16.03.2023 Söhbetdeşlik156 .

Pendi ýaýlasynyň pedagog perzendi
(oçerk)


 Ýagşy zatlaryň ýaza deňelmeginiň sebäbini düşündirip oturmagyň, megerem, zerurlygy ýok bolsa gerek. Togsan dolup, ýere ýyly gireninden soň, eýýäm, fewralyň soňky hepdesinde tebigat janlanyp ugraýar. Martyň 1-inden bolsa, bahar pasly başlanýar. Tutuş Zemin janlanyşa girýär. Ýere ýyly gireni bilen hemme ösümlik birden gögeribermeýär. Ir gögerýänleri-hä gögerýär, gögermedikleri-de uzak saklanybilmeýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýşi ýaly, älem-jahanyň reňki özgeriş tapyp, «Gögermedik giýalar gögerip rowan peýda» boluberýär.

 Şeýle ajaýyp pursatlarda Pendi ýaýlasyny synlap gördüňizmi?! Gören bolsaňyz, has gowy, görmedik bolsaňyz, hökman görüň! Çünki baharyň şol pursatlarynda türkmen sährasynyň, aýratyn hem Pendi ýaýlasynyň gözelliginden göwni-gözi ganan adam ýazyň hakyky keşbini görer. Ýazyň nämedigine düşüner. Diňe bir ýazyň hem däl, «Bahar, ýaz» goşundyly at dakylan adamlaryňam tebigatyna düşünmäge mümkinçilik taparlar.

 Edil Nowruz baýramçylygynyň yzysüre, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Gulja obasynda 1962-njy ýylyň 26-njy martynda dünýä inen çagajyklaryň biriniň adyna hem Ýazmyrat dakypdyr ata-enesi. «Ogul boldy» buşlugynyň yzyna düşüp gelenlerem, näme, ýürekleriniň töründen «Adyna mynasyp bolsun!» diýip, dileg edipdirler. Iň gyzykly ýeri hem, «Il agzy — keramat» diýlişi kimin, şol mähriban we mähirli köňülleriň dilegleriniň hasyl bolanlygynda. Ýazmyrat edil şeýle ýigit bolup kemala geldi.

 Bu günki söhbedimiz Pendi ýaýlasynyň pedagog ýigidi Ýazmyrat Gullyýew dogrusynda. Ony gören adamlar, onuň bilen didarlaşyp, salamlaşyp gatnaşyk açan adamlar, hakykatdan hem, onuň kalbynyň Pendi ýaýlasy ýaly gözeldigini, diliniň bahar howasy deýin ýakymlydygyny — süýjüdilli ýigitdigini aýratyn ýatlaýarlar. Oba durmuşy şäher durmuşyndan gatnaşyk babatynda, bir-birege baryş-geliş etmek babatynda tapawutlyrak. Toý-tomgy bolsa, saçak başyna jemlenişiler. Gyzyklydan-gyzykly gürrüňler ediler. Ana, şonda Ýazmyrat mugallymyň orny aýratyndyr. Toý-baýramçylyklar seýrekläberse, dagy bolmasa, kimdir biriniň doglan gün dabarasam saçak başynda üýşüp, bir-biregiň didaryndan ganmaga bahanadyr. Şeýle pursatlarda Ýazmyrat mugallymyň bir işi çykyp, eglenen bolaýsa, ýa gelibilmedik bolsa-ha, orny oýulyp durandyr.

 Ýazmyrat Gullyýew Pendi ýaýlasynyň pedagog perzendidi. Ýazmyradyň ýokary okuw mekdebini tamamlap, oba mekdebinde sapak berip başlan ýyllarynda okap başlan çagalardan tä ömrüniň paýawlanan pursadyna çenli okadan çagalarynyň hemmesi Ýazmyrada «Salam mugallym» diýip ýüzlenýärdiler. Özi-de diňe mekdep çäginde däl, nirede bolaýsyn, hatda toý-tomguda bolsa-da «Salam mugallymdyr». Onsoň obanyň tas ýarysyndan gowragy oňa «mugallym» diýip ýörensoň, näme, galan ýarysyna golaýragam köplüge goşulaýmaly bolýar-da. Şeýdip Ýazmyrat tutuş obanyň ähli ilaty tarapyndan mugallym hökmünde ykrar edildi. Çakylyk habaryny ugradanlarynda hem «Ýazmyrat mugallymlar ýatdan çykaýmasyn» diýlip hökman tekrarlanardy.

 Ýazmyrat mugallymdy. Ol diňe orta mekdepde sapak berýändigi üçin däl-de, eýsem, durmuşda hem ajaýyp görelde görkezip bilýärdi. Onuň öýüne islendik wagtda baran adam türkmençilige mahsus mähribanlykdan paýyny alýar. Onuň boş wagty ýokdur. Ýa mellekde oduk-buduk işlere güýmenýändir ýa-da öýlerinde kitap-depdere. Pendi ýaýlasynyň pedagog perzendi «Öwrenip aňyrsyna çykyp bolmaýan» diýilýänlerdendi. Onuň ýadamaýşyny diýsene. Eýsem, mugallymam bir ýadarmy?! Onda-da okamakdan, öwrenmekden. Halk içinde seýran edip ýören pähimlerden birisi şu wagt hakydama gelýär. «Öwrenjek bolsaň, okuwçy tutun». Juda jaýdar aýdylan pähim eken şu. Ýazmyrat öz kärine durky-düýrmegi bilen berlen adam, ol okuwçylara ylym-bilim bermeli. Ylym-bilim bermek üçin hem hökman özüň öwrenmeli. Edebiýat ylmynyň bolsa örüsi giň. Başy bar-da aýagy ýok. Onsoň ýöne okabermeli bolýar-da. Mahlasy, Ýazmyrat mugallym okuwçylary we obadaşlary üçin okamak babatynda göreldedi.

 Biraz yza çekilsek. Halkymyzda bir nakyl bar: «Duza gaçan duz bolar» diýip. Ýazmyradyň doglup, önüp-ösen maşgalasy ylym-bilim ojagynyň wekilleri. Onsoň halk aýtmyşlaýyn: onuň «gözüni açyp göreni», ähli oýnagy kitap-depderdir kagyz-galam bolupdyr. Ýazmyradyň kakasy Abdylla bilen ejesi Agsoltanyň hem mugallym bolmagy onuň durmuşda kär-hünär saýlamagyndaky meselesini aýdyňlaşdyrýar. Okuwçy döwründen edebiýata meýliniň güýçlüdigi duýlup, etrap gazetinde goşgulary çap edilýär. Ol orta mekdebi tamamlanyndan soň 1980 —1982-nji ýyllar aralygynda Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirýär. Çagyryş boýunça harby gulluk nesibesi ony Owgan topragyna alyp gidýär. Watan öňündäki harby gulluk borjy berjaý etmek hem Ýazmyrat üçin aýratyn bir mekdep bolýar. Parahatçylygyň nämedigine göz ýetirmäge mümkinçilik döreýär. Parahatçylygyň bahasyna, gymmatyna düşünmäge esas bolýan ençeme wakalara gatnaşýar. Şeýlelikde, durmuş ony gowy terbiýeleýär. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek. Ol uruşly kinolary görmäge kän höwesek däldi. Emma parahatçylygyň gadyryny bilmek, düşünmek we düşündirmek üçin käte öz isleginiň garşysyna gitmeli bolýan wagtlary-da bolaýýardy.

 Şonuň üçin hem harby gulluk borjuny tamamlap gelenden soň, Ýazmyrat Gullyýew Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. 1986-njy ýylda bu ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, öz okan mekdebinde — Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 10-njy orta mekdebinde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işe başlaýar. 2018-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli şol orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy, müdiriň orunbasary we mekdep müdiri ýaly dürli wezipelerde zähmet çekip, ýaşlara döwrebap bilim terbiýe berýär.

 Pendi ýaýlasynyň ýazy ýaly ýakymly perzendi Ýazmyrat Gullyýew 2020-nji ýylyň 12-nji maýynda aradan çykdy. Daşyndan göräýmäge agras görünse-de, kalby ýaz ýaly ýakymly, göwni çaga kalby ýaly kireňsiz adamdy. Käri mugallym bolany üçin her bir sözüni islendik adama düşündireninde hem edil okuwça düşündiren ýaly düşündirerdi. Pikirlerini nakyllardyr atalar sözleri, rowaýatdyr tymsallar bilen berçinlärdi. Çeper eserleri, gündelik neşirleri, gazet-žurnallary yzygiderli okaýardy. Aýratyn hem «Kowusnamada» beýan edilýän sargytlary köp aýdardy. Ýadamazdy, ýaltanmazdy öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin irginsiz zähmet çekerdi. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem Ýazmyrat mugallym «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, kakasy Abdylla mugallymdan miras galan kitaplarynyň üstüni häzirki zaman kitaplar bilen dolup, kitaplary aýap saklaýardy. Onuň öýünde häzir hem öz kitap gaznasy bar.

 Sapagyň gyzykly we täsirli bolmagy üçin köp tagallalary edendigini mugallymyň okuw esbaplarynyň arasyndaky görkezme esbaplar aýdyň subut edýär. Bir gezegem, Ýazmyradyň kärdeşi hem şägirdi Taňryberdi Amanowyň gürrüň berşi ýaly, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli çäre geçirilýän pursadynda geçirilen dabarada Ýazmyrat mugallym mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öňünde söz sözleýär. Parahatçylygyň gymmatyna hemmeleriň düşünýändigi hem-de Watanyň merdana ogly Berdimuhamet Annaýewiň nusgalyk häsiýetleri dogrusynda anyk maglumatlar bilen diýseň täsirli çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda eseriň 11 ýaşly gahrymanyň, ýagny Mälikgulynyň dogumly hem merdana häsýetleriniň özeniniň Berdimuhamet mugallymyň hemişe ýanyndan goýmaýan «akyl sandygynyň» içindäki kitaplaryň süňňündedigini nygtaýar. Taňryberdi mugallymyň sözüne görä, ata-babalaryň merdanalygyny, mertebesini dabaralandyrýan eserleriň ähmiýetini şeýlebir gowy düşündiripdir. Ol şonda türkmen mertebesiniň beýikligini tassyk edýän «akyl sandygynyň» eýesi bolan Berdimuhamet aganyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna-da öz islegi bilen gidip, edermenlik görkezip, gaýdyp geleninden soň hem ýene öňki kärini — mugallymçylygyny dowam etdirendigini gürrüň beripdir. Agyr uruşdan soň Watanyň ýagty ertirlerini gurjak sowatly nesilleri ýetişdirmegiň hem edil söweş meýdanynda Watany goramak bilen deň derejeli ähmiýetlidigini düşündirmek üçin ýazyjy Nowruz Gurbanmyradowyň «Manyly ömrüň menzilleri» atly kitapçasynyň sahypalaryny açyp, Berdimuhamet mugallymyň ýer titremesinden soňky sözlerini okap berýär. Ilki bolup, jaýyň ara oklarynyň kerpiçleriniň aşagynda galan Berdimuhamet aga: kömege gelen onuň öňki okuwçysy, şol döwürde kolhoz başlygynyň orunbasary bolup işlän hem-de goňşulary bolup ýaşaýan Nurçanyň: «Mugallym, gözüňi açsana!» diýip zaryn gygyranyndan bolsa gerek, kakam zordan gepläp: «Nurça, gyzym, çagalar dirimi, näme atom ýaryldymy?» diýip sorady. Bizem ýerli-ýerden: «Biz diri, ýer yrandy» diýdik. Şonda kakamyň: «Atom ýarylyp, uruş turmadyk bolsa, ýene ýagşy, dowamat bolar, nesil ýaşar» diýen iň soňky sözi şindizem gulagymdan gidenok» diýen sözlerini okap bereninde, owgan topragynda bileje tirkeşen gullukdaşlarynyň käbirini «goýup gaýdandygy» ýadyna düşüp, agras göwresine gelişmeýän halda damagy dolupdyr. Hamsykjak bolupdyr. Hemmeler ahwala düşünensoň dym-dyrslyk bolupdyr. Birmeýdan dymyşlykdan soň: «Hawa, eziz adamlar, parahatçylygyň gadyryna, hemişelik Bitaraplygyň gadyryna ýarag sesini eşitmän, gowgaly günleriň pajygasyny görmän düşünmekden gowusy ýokdur» diýipdir. Ýazmyrat mugallymyň bu sözleri onuň öz durmuş ýoluna juda meňzeş bolandygy üçin hemmeler üçin diýseň ynandyryjydy.

 Ýazmyrat mugallym aýaly Arnagül gelneje bilen bäş çagasy, ýagny iki ogly we üç gyzy terbiýeläp ýetişdirdiler. Ýazmyrat mugallym barada onuň körpe ogly Remezan bize şeýle gürrüň berdi: «Öýümizdäki kitap tekjelerinde kakamyň dürli döwürlerde ýygnan kitaplaryndan ýaňa ýer ýok. Ol biziň obamyzyň seýrek neşirler saklanýan kitaphanasy ýaly. Gerek wagty islän eseriňi alyp gaýdyp, okap yzyna tabşyrybermeli. Kakamyňky ýaly mugallymçylyk kärini saýlamasam hem men onuň Watan asudalygyny üpjün etmek arzuwlaryny dowam etdirýändigime örän buýsanýaryn. Watan goragynda kakamyň watançylyk duýgusy meni hemişe goldaýar. Kakamyň şöhratly durmuş we zähmet ýoly, watançylyk ruhy biz üçin hemişe ajaýyp göreldedir. Kakamyň Watan goragynyň mukaddesligi baradaky aýdanlary we sargytlary maňa gulluk işimde ýol-ýörelge bolýar. Bir hakykaty arkaýyn aýdyp biljek, olam — kakam baradaky hakydanyň diňe bir biziň öz maşgalamyzyň däl, eýsem, obadaşlarymyzyň we kakamyň okadan okuwçylarynyň, şeýle hem ony tanaýan adamlaryň ählisiniň kalplarynda ýaşaýandygyna ynanýaryn. Sebäbi ol ömrüni ýaşlara bilim bermek ýaly asylly käre bagyşlan hakyky watançy ynsandy. Iň gowy görýän zatlarynyň biri-de Watan gözelligidi. Pendi ýaýlasydy. Özi ýazda doglany üçin ýaz aýlarynda tebigatda bolmagy, wagtyny maşgala agzalarymyz bilen sährada geçirmegi gowy görýärdi».

 Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak hem-de pugtalandyrmak bilen bagly ençeme Kararnamalary kabul etmek boýunça başlangyçlaryň gözbaşynda duran, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň ösüşlerini ösüşlere utgaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ata Watanymyz öz şöhratly taryhyny dowam edýär. Diýmek, asudalygyň nämedigine aňryýany bilen düşünýän adamlaryň arzuwlary, edil şol arzuwlar ýaly dowamly ýagdaýda hasyl bolýar. Bagtly döwürleriň bagtyýarlykdan heýjana gelýän pursatlarynyň hözirini görýän halkyň gündelik ownuk-uşak aladalarynyň özi-de bagtyýarlykdyr.

 Munuň şeýledigine Ýazmyrat mugallym ýaly kalby ýaz ýaly ýakymly, göwünleri sähra ýaly giň adamlaryň terbiýesini alyp kemala gelenler kemsiz düşünýärler. Olar hem öz gezeginde öwrenenlerini nesillerine geçirerler. Ýaşaýyş şeýdip öz akymy bilen dowam edip dursa, bagtyýarlygyň dowamat-dowamlygyny aňladýan bir ajaýyp alamatdyr.

  Pendi ýaýlasyna ýene-de ýaz gelipdir...

Aşyrmät GARLY
"Garagum" žurnaly, №1-2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog