20.05.2023 Söhbetdeşlik95 .

Hakydada ýaşaýan halypa


Wagtyň ganaty bar ýaly, hiç bir zada dahylsyz, öz hasaby bilen şo-ol gidip otyr. Hawa, wagt öz emri bilen gidýär, şol bir wagtyň özünde ynsanam bu panydan bakyýa göç edýär. Bu — durmuşyň talaby. Ýöne, ýazyjynyň ýazan eserleri, il-günüň, Watanyň öňündäki bitiren hyzmatlary welin, ömürlik miras galýar, ady ýagşylykda ýatlanylýar.

Meniň elimde 50 ýyl ozal, ýagny, 1973-nji ýylyň 12-nji aprelinde, penşenbe gününde çap edilen “Türkmen uniwersiteti” gazeti. Bu gazetiň “Edebiýat sahypasynda” awtoryň iki sany goşgusy bilen suraty ýerleşdirilipdir. Suratyň aşagynda şu setirler bar ekeni. “Amannazar Aşyrow birnäçe ýyl bäri goşgy ýazyp, respublikan gazet-žurnallarda ýygy-ýygydan çykyş edip gelýär. Ol, şu ýyl türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar”.

Şujagaz ýazgy bilen tanşyp ýyldyz süýnen ýaly bolup aramyzdan duýdansyz giden halypamyz Amannazar Aşyrow bilen baglanyşykly käbir maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildim.

Amannazar Aşyrow 1945-nji ýylda Murgap etrabynyň Medeniýet obasynda Aşyr Allajygyň maşgalasynda dünýä inýär.

Ökde sazanda, zehinli şahyr, ussat ýazyjy, halypa mugallym Amannazar Aşyrow ýatlanylmaga mynasyp adam. Ýazyjynyň ilkinji “Ata Köpek” atly romanynyň baýraga mynasyp bolmagy onuň “Ata Köpek o dünýäde” atly eserini ýazmagyna itergi berýär. Ussat ýazyjynyň “Men Çörliniň ogly”, “Ynjalyksyzlyk”, “Goja kişiler” powestleriniň her biri aýratyn kitap bolup çap edildi.

Ýaş ýazyjylaryň “Ýodadan ýola”, “Ynamly nesil”, “Täze öwüşgin” atly ýygyndylarynda Amannazar Aşyrowyň ilkinji hekaýalarydyr goşgulary çap edildi.

Amannazar halypa şol wagtky Türkmenistan Ýazyjylar birleşmesiniň welaýat bölüminiň jogapkär kätibi bolup işlän döwründe welaýatymyzyň ýaş ýazyjy-şahyrlarynyň taplanmagy, adykmagy, eserleriniň çap edilmegi üçin golundan gelen hemaýaty gaýgyrmandyr. Ol, şahyr agama: “Ýoluň ak bolsun, Ilmyrat!” atly makalasynda beren ak patasynda halypa maslahatyny şu setirler bilen jemleýär: “Köp işlemeli, köp döretmeli. Döredijilige has batyrgaý çemeleşmeli. Şygryýet göwnüçökgünligi halamaýar!”...

Sözümiň ahyrynda halypanyň “Türkmen uniwersiteti” gazetiniň “Edebiýat sahypasynda” çap edilen goşgularyny okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildim.

Döwletmyrat AKMYRADOW.
Murgap etrabyndaky
34-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Sagadyň jogaby


Sagadyn ýetirip çep gulagyna,
Närazy görnüşde başyn ýaýkady.
— Ýene ozýar... Ýeri hanja howlugýaň!
Güňleç hüňürdedi agyr öýkeli.

Ysgynsyz ädilýän agyr ädimin
Gorpa gidäýjek dek seresap basdy,
Birdenem, bir owaz gelip sagatdan,
Demin pessaý alyp, gulagyn asdy:

— Maňa ozýaň diýip, ýaýkama başyň,
Oňa derek özüň wagtdan galýaň.
Ýitirlen pursaty kim almalymyş —
Men seniň ýetmezňi doldurjak bolýan...

Çaky bar özüň köşeşdirmäniň


Käte öz-özümi köşeşdirýärin,
Ýatlaýan ötüren günlermiň baryn,
Nämeler bitirdim?
Nämedir kärim?
Söz tapman özümi köşeşdirýärin.

Iş bary örboýa galdy gün-günden,
Okamak, oýlanmak bar pişäm boldy.
Dost “geleňsiz” diýip zeýrendi menden,
Dabaram kän boldy, az işim boldy.

Bir gün ýowuz söýgi baglady meni,
Paşmady, bilmedim söýüşmäň tärin.
Ýöne, söýen gyzym beýik ekeni,
Şeý diýip, özümi köşeşdirýärin.

Gaýgyny nädeýin?
Boldum şadyýan,
Ýaz bolup açyldym, maýsa meňzedim.
Boldum işçi,
mugallym,
çölde padyman, —
Diýýän: ýeri, anyk haýsa meňzediň?

Arzuw etdim belentlikden belendi,
Ýöne maňlaýymdan çogmady derim.
Bir ýerde-de aýak yzym galmady,
Küýsäp garaşsa-da, bu ene ýerim.

Gaýta, aladalam öňdedir diýip,
Şeý diýip, özümi köşeşdirýärin.
Ýöne, daýhan ogly,
Her kim bolsaňam,
Işläwer, çaky bar köşeşdirmäniň...


Amannazar AŞYROW.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 11.05.2023

Tmpedagog