03.06.2023 Söhbetdeşlik134 .

Kärdeşimize guwanýarys


Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolup, hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edileli bäri geçen wagt taryh üçin uly bir döwür däl. Ýöne şu geçen ýyllaryň içinde biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bedew bady bilen ösüp, halkara derejesinde batly gadamlar bilen ösýän ýurtlaryň hataryna ymykly goşuldy. Daşary syýasat babatda gazanylýan üstünlikler bilen bir hatarda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudagynda ýetilýän belent sepgitler bu günki günde hemmeleri buýsandyrýar.

Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanýan üstünliklerem kalplary joşa getirýär. Munuň şeýledigine biz — mugallymlar hasam çuňňur düşünýäris. Şeýle belent sepgitlere eýe bolunýandygyna, ýaşlara bilim, terbiýe bermekde döwrebap däplere, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine eýerilýändigine öz mekdebimiziň yhlasly mugallymlarynyň mysalynda hem göz ýetirýäris.

Şeýle mugallymlaryň birem biziň mekdebimiziň ýokary derejeli biologiýa mugallymy Annagözel Berdiýewadyr. Ol 1991-nji ýylda Türkmenabadyň Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, şu günki güne çenli mugallymçylyk kärinde yhlas bilen zähmet çekýär. Ol 33 ýyllyk zähmet ýolunda mugallymçylyk kärinde baý tejribe toplady. Onuň bilim, terbiýe beren okuwçylary bu günki günde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda uly abraý bilen işläp ýörler. Olar haýsy ýerde, haýsy hünärde işleselerem Annagözel mugallymy uly buýsanç hem guwanç bilen ýatlaýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Annagözel mugallyma üstünlikler yzygiderli ýar bolýar. Onuň şunça ýyllyk iş tejribesine daýanyp, bilim-terbiýe berýän okuwçylary “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Annagözel Berdiýewanyň 11-nji “A” synp okuwçysy Ogulşeker Çaryýarowa şu ýyl bäsleşigiň şäher tapgyrynda 2-nji orna, 9-njy synp okuwçysy Söhbet Azadow 3-nji orna, şol synp okwuçysy Ogulsuraý Tirkişowa we 11-nji synp okuwçysy Aýläle Baýramowa Hormat hatyna mynasyp boldular. Ogulşeker Çaryýarowa bolsa “Altyn asyryň altyn zehinleri” taslama bäsleşiginde hem 3-nji orna mynasyp boldy. Gürrüňi edilýän mugallyma we mekdebe şeýle abraý getirýän okuwçylar başga-da köp. Bu bolsa Annagözel mugallymyň yhlasynyň ýerine düşýändigini görkezýär.

Annagözel Berdiýewanyň şäheriň mekdeplerinde zähmet çekýän kärdeşleriniň arasynda hem abraýy uly, sarpasy belent. Ol şäher boýunça biologiýa mugallymlarynyň ylmy-usuly birleşmesine ýolbaşçylyk etmek bilen, kärdeşleriniň hem tejribesiniň artmagyna ýardam edýär.

Gürrüňi edilýän mugallym jemgyýetçilik işlerine hem işjeň gatnaşýar, ol radio we teleýaýlymlarda yzygiderli çykyş edip durýar. Kärdeşleri — rus dili mugallymy Walentina Selemençuk, matematika mugallymy Ogulkeýik Diniýewa, informatika mugallymy Laçyn Jumaýewa bilen tejribe alşyp, okatmagyň kämil usullaryny görkezýär.

Annagözel Berdiýewa mugallym hökmünde köplere görelde bolýar. Ol welaýat baş bilim müdirliginiň TDP-niň şäher komiteti we TMÝG-niň şäher geňeşi bilen bilelikde geçiren “Işjeňe sarpa” atly bäsleşiginde 1-nji orna eýe bolup, mekdebimiziň zähmet toparyny, diýseň, guwandyrdy.

Hawa, halypa mugallym mydama gözlegde, ol hemişe kämilleşmäge ymtylýar. Bu oňa başardýaram. Bizem yhlasly kärdeşimize: “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gadamlaryň has-da batly bolsun!” diýýäris.

Kümüş GURBANOWA.
Mary şäherindäki 1-nji orta mekdebiň
başlangyç synp mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 01.06.2023

Tmpedagog