16.08.2023 Söhbetdeşlik308 .

Zehinli dilçi alym, halypa mugallym


Dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty, dosent Rejepaly Nazarow barada söhbet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň örän ir döwürlerden bäri ylym-bilim öwrenmek, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýet bolup ýetişmek üçin halal we döredijilikli zähmeti, tutanýerliligi, durmuşa bolan çäksiz söýgüsi bilen uly mertebä eýe bolan halypalar sanardan kän. Şeýle sarpaly halypalaryň biri-de, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň dil we edebiýat bölüminiň müdiri, dilçi alym, halypa pedagog Rejepaly Nazarowdyr.

Dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty, dosent R.Nazarow ýurdumyzda iňlis dilini we ony okatmagyň usulyýetini öwrenmäge, iňlis dili boýunça döwrebap okuw kitaplaryny taýýarlamaga önjeýli goşant goşan zehinli alymlaryň, halypa pedagoglaryň biridir. Ol 1943-nji ýylyň 28-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde dünýä inýär.

Uniwersitetde ýokary bahalar bilen we göreldeli okandygy üçin R.Nazarowy şol ýerde mugallym wezipesinde işe alyp galýarlar. Şeýlelikde, ýaş hünärmen öz zähmet ýoluny şu ýokary okuw mekdebinde başlaýar. 1966 — 1967-nji ýyllarda harby gullukda bolandan soňra, ýene-de öz bilim alan mähriban ýokary okuw mekdebine dolanyp gelýär hem-de mugallymçylyk işini dowam edýär.

R.Nazarow 1966 — 1997-nji ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde biregne 30 ýyla golaý zähmet çeken döwründe mugallymlykdan aspirantlyga, iňlis diliniň filologiýasy kafedrasynyň müdirine çenli abraýly zähmet ýoluny geçdi. Talyplara dürli derslerden sapak berdi, olaryň ýyllyk we diplom işlerine ýolbaşçylyk etdi, uniwersitetiň jemgyýetçilik-köpçülik işlerine ýakyndan gatnaşdy, ylmy-barlag işlerini alyp bardy.

Ol 1967 — 1970-nji ýyllar aralygynda Moskwada döwlet mugallymçylyk institutynda aspiranturada okady, iňlis diliniň filologiýasynyň wajyp meseleleri boýunça düýpli ylmy barlaglary geçirdi. Köp ýyllaryň dowamynda çekilen irginsiz we tutanýerli zähmetiň netijesinde dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa işini taýýarlady. Onuň bu işi dil we edebiýat ylymlarynda juda kyn we jedelli meselelere — iňlis we türkmen dillerinde eýerjeňli goşma sözlemleriň degşirmesine bagyşlanan düýpli ylmy işdi. R.Nazarow şol düýpli ylmy işini ady agzalan abraýly ýokary okuw mekdebiň ýanyndaky ýöriteleşdirilen Alymlar geňeşinde üstünlikli gorady. Şeýlelikde, institutyň Alymlar geňeşi tarapyndan R.Nazarowa dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesi berilýär. Ýaňy 28 ýaşyny dolduran ýaş alymyň gazanan bu üstünligi, halal zähmeti bilen ýeten derejesi ony täze ylmy gözleglere we üstünliklere ruhlandyrýar. Ol öz ylmy ýolbaşçysyny — professsor Wladimir Dmitriýewiç Arakini uly hormat we hoşallyk duýgusy bilen häli-şindi ýatlaýar. Özüniň iňlis dili boýunça alym bolup ýetişmeginde bu meşhur alymyň uly yhlasynyň we irginsiz zähmetiniň bardygyny ýatlap, W.D.Arakiniň dil we edebiýat ylymlaryny ösdürmekde uly hyzmatlary bitirendigini, ýüzlerçe ylmy makalalarynyň, ençeme kitaplarynyň, şol sanda alty dilde ýazylan we neşir edilen sözlükleriniň bardygyny nygtap belleýär.

Ylmy işiň resmi synçylarynyň (opponentleriniň) biri, meşhur rus alymy, professor Aleksandr Petrowiç Posuliýewskiniň ýaş türkmen alymynyň dissertasiýa işiniň hiline, many-mazmunyna, ylmy we amaly ähmiýetine ýokary baha berendigini R.Nazarow uly tolgunma we ýakymly ýatlamalar bilen gürrüň berýär.

Ýaş alym Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde zähmet çekmegini dowam edýär. Öňküden hem hyjuwly, yhlasly we döredijilikli zähmet çekip, geçýän her bir sapagynyň talyplar üçin gyzykly we täsirli bolmagy barada uly alada edýär. Dilçi alym ylymda we okatmagyň usulyýetinde bolýan täzelikleri irginsizlik bilen gözleýär, agtarýar, olary okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmagyň aladasy bilen ýaşaýar.

1972-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde iňlis filologiýasy kafedrasynyň müdiri wezipesine başlaýar. Indi ýaş alymyň iş-aladasy has hem artýar. Şol döwürde bu abraýly ýokary okuw mekdebinde professor-mugallymlar düzüminiň sany boýunça uly kafedralaryň birine ýolbaşçylyk etmek ýokary guramaçylygy, tutanýerliligi, bilim-ylym we usulyýet taýdan ýokary taýýarlygy, başarjaňlygy, kafedranyň her bir agzasy bilen umumy dil tapyp we agzybirlikde işläp, okuw-terbiýeçilik we ylmy-usuly işleri döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramagy talap edýär. R.Nazarow bularyň hemmesiniň abraý bilen hötdesinden gelmegi başarýar.

R.Nazarow 1986 — 1989-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde doktoranturada okaýar. Iňlis diliniň filologiýasy boýunça düýpli ylmy barlaglary geçirýär, öz hünär derejesini ýokarlandyrýar we mugallymçylyk ussatlygyny has-da kämilleşdirýär.

Zehinli alym, halypa mugallym R.Nazarow 1986 — 1997-nji ýyllar aralygynda ady agzalan uniwersitetiň leksika we fonetika kafedrasynyň müdiri-professory wezipesinde yhlasly zähmet çekýär. Bu döwürde onuň ýolbaşçylygynda kafedrada okuw-terbiýeçilik hem-de ylmy-usuly işler giň gerimde ýola goýuldy. Ýokary bilimli we ökde hünärli milli hünärmenleriň giden bir nesli taýýarlandy we halk hojalygynyň dürli pudaklaryna ýollandy.

Zehinli dilçi alymyň ylmy ýolbaşçylygynda ýaş alymlaryň birnäçesiniň dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin taýýarlan dissertasiýa işlerini üstünlikli gorap, alym bolandyklaryny hem bellemek möhümdir.

R.Nazarow tarapyndan iňlis dili boýunça orta mekdepler üçin häzire çenli döredilen hem-de neşir edilen okuw kitaplarynyň umumy sany 20-den gowrak. Dilçi alymyň ýiti zehininden, egsilmez yhlasyndan we tutanýerli zähmetinden dörän şol okuw kitaplary boýunça ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň I — XI synplarynyň okuwçylary iňlis dilini uly höwes we yhlas bilen öwrenýärler. Ösüp gelýän ýaş nesle bilim we terbiýe berýän, olara iňlis dilini öwredýän mugallymlar bolsa halypa alyma şeýle döwrebap okuw kitaplaryny döredýändigi üçin çäksiz alkyşlaryny we hoşallygyny aýdýarlar.

Häzirki günlerde halypa alym iňlis dili boýunça ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepler üçin döwrebap okuw kitaplaryny döretmegiň üstünde işleýär. Ol bu möhüm ugurda üstünlikleri gazandy.

Halypa mugallymyň öz şägirtleri H.Kadyrow we G.Aşyrowa bilen çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda iňlis dilini öwretmek boýunça usuly gollanmasynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän bagtyýar körpelere iňlis dilini öwretmekde terbiýeçiler, mugallymlar üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýändigini hem bellemek gerek.

Rejepaly Nazarow indi birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ýanyndaky Okuw-usuly geňeşiniň daşary ýurt dilleri bölümine ýolbaşçylyk edýär. Halypa alymyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň mekdebe çenli hem-de umumybilim edaralary üçin niýetlenilip taýýarlanylýan okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň many-mazmunyna, hiline ylmy-usuly taýdan düýpli seljermeler berilýär. Olardan many-mazmuny, gurluşy we hili ylmy-usulyýet babatda döwrüň talaplaryna laýyk gelýänlerini neşir etmäge hödürleýärler. Bu işler Okuw-usuly geňeşiň agzalaryndan, aýratyn hem onuň ýolbaşçysyndan tutanýerliligi, ýokary hünär derejesini, adalatlylygy, her bir ýagdaýda ylmyň sözi bilen baha bermegi talap edýär. Institutymyzyň aksakgaly, ulynyň-kiçiniň hormat-sylagyna mynasyp bolan halypamyz bularyň ählisiniň abraý bilen hötdesinden gelmegi başarýar.

Bir gün halypanyň Türkmenistanyň Milli bilim institutyndaky iş otagyna ylmy-usuly işimiz bilen baglanyşykly mesele boýunça maslahat soramaga baranymda, ol pähim-parasatly türkmen aksakgalyna mahsus tämiz akly we baý durmuş tejribesi bilen maňa gymmatly maslahatlaryny berdi-de, eline alyp oturan umumy bilim berýän orta mekdepleriň VII synpy üçin ýazan we täze neşir edilen okuw kitabyny görkezdi hem-de onuň döreýşi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. Rejepaly aganyň gürrüň bermegine görä, bu okuw kitabynyň «Türkmenistanyň tebigaty» diýen babyna epigraf hökmünde türkmeniň guýmagursak zehinli ajaýyp şahyry, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň mukaddes ene topraga bagyşlap ýazan şygrynyň bir bendini alypdyr-da, ony iňlis diline terjime edipdir. Onuň yz ýanyndan bolsa türkmen tebigatynyň taýsyz gözelligi we täsinlikleri barada özüniň ýazan iňlis dilindäki tekstini ýerleşdiripdir. Şol tekstde halypa mugallym eziz Diýarymyzyň tebigatynyň ajaýyp gözelligini örän çeper suratlandyrypdyr. Tekstde awtor daşary ýurtly myhmanlary türkmen tebigatynyň gözelliklerini synlamaga, oňa syýahat etmäge çagyrýar. Şeýle baý mazmunly we özüneçekiji tekstiň yzyndan hem halypamyz şahyr G.Ezizowyň türkmen tebigatynyň gözelligini çeper suratlandyrýan aşakdaky şygyr bendini türkmen we iňlis dillerinde ýerleşdiripdir:

Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen,
Sen, seretsem, onki süňňüm ekeniň.
Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen,
Aýakda yz goýan seniň tikeniň.

Wherever I went, you never left me,
Oh, to be my fjesh turned out thee.
And flowers grown in faraway places,
Not worth of thorn that left on my foot traces.

Elbetde, goşgyny, onda-da Gurbannazar şahyryň çuňňur many-mazmunly şygyrlaryny iňlis diline akgynly terjime etmek asla ýeňil-ýelpaý iş däl, Şeýle-de bolsa, zehinli alym, ussat halypa R.Nazarow şol kyn, jogapkärli we hysyrdyly işiň hötdesinden ussatlyk bilen gelmegi başarýar. Alym pedagogyň okuw kitaplaryny döwrebap, okuwçylar üçin güýçýeterli, has düşnükli, özüneçekiji, täsirli we baý many-mazmunly, milli ruhly döretmek babatynda özgelere meňzemeýän özboluşly usuly çemeleşmesiniň bardygyny aýratyn bellemegi zerur hasaplaýarys. Halypa mugallym döwrebap okuw kitaplaryny döretmegiň inçe syrlaryny, onuň özboluşly usulyýetini öz şägirtlerine — ýaşlara hem irmän-arman uly yhlas bilen öwredýär. Onuň töweregi hemişe adamly, olaryň agramly bölegi bolsa yhlasly ýaşlar.

Guýmagursak zehinli dilçi alym R.Nazarowyň türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny iňlis diline terjime edip, dünýä okyjylaryna ýetirmekde hem uly hyzmatlary bitirendigini bellemelidiris.

Döwletimiz tarapyndan zehinli dilçi alymyň, halypa mugallymyň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we döredijilikli zähmetine mynasyp baha berildi. R.Nazarow türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny, möhüm jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna, watançylyk, zähmetsöýerlik häsiýetlerinde terbiýelemekde, ylym we bilim ugurlarynda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem halypanyň çeken önjeýli zähmeti nazara alnyp, ol 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. Şeýle hem, halypa mugallymyň ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazananlygy üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we döredijilikli zähmeti nazara alnyp, ol 2020-nji ýylda Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy.

Hawa, sekizinji onlugy arka atan guýmagursak zehinli dilçi alymyň, halypa mugallymyň, tüweleme, entek gujur-gaýraty egsiler ýaly däl, kalby ylhamly, bu ylhamyň gory birjigem egsilenok. Onuň çeper sözli söhbetleri ynsan köňlüni hemişe ganatlandyrýar, ruhlandyrýar, galkyndyrýar. Ömrüniň hemdemi, käri boýunça lukman Altyngözel gelnejemiziň goldawy, gyzy Saçly hem-de ogullary Eziz we Ahmet halypa pedagogyň gurşawyny hemişe ýyly mähir bilen doldurdylar. Şonuň üçin-de, halypanyň kämilligiň uzak menzillerini geçen baý many-mazmunly, bagtyýar ömür ýoly köplere, aýratyn hem ýaşlara nusga alarlyk.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 01.08.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog