18.08.2023 Söhbetdeşlik265 .

Uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry


Türk­men hal­ky di­leg eden­de: «Uzak ýa­şa!», «Öm­rüň uzak bol­sun!», «Gö­rog­ly­nyň ýa­şy­ny ýa­şa» di­ýäý­me­si bar­dyr. Bu di­leg-ar­zuw — her ki­miň eşit­mek is­le­ýän ke­la­my, jüm­le­si. Se­bä­bi uzak ýa­şa­ma­gy ar­zuw et­me­ýän yn­san ýok­dur. As­lyn­da, öm­rüň uzak­ly­gy sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz­da sport hem be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän il­deş­le­ri­miz şol di­leg­ler­dä­ki ýag­şy ar­zuw-is­leg­le­re öz­le­ri eýe bol­ýar­lar: uzak ýa­şa­ýar­lar, sag­dyn hem bag­ty­ýar dur­muş­da döw­ran sür­ýär­ler. Ine, sag­dyn­ly­gyň hem bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny ha­sap­la­nyl­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de er­ka­na ýa­şa­ýan uzak ýaş­ly ata-ene­le­ri­mi­zi diň­lä­ni­miz­de, uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry­nyň bag­ty­ýar­lyk­da, zäh­met­de, yzy­gi­der­li he­re­ket­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni berk ber­jaý et­mek­de jem­len­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­ýär­ler. Bi­zem 60 ýyl bäri mugallymçylyk edip gelýän Te­jen et­ra­byn­da­ky 5-nji or­ta mek­de­biň 87 ýaş­ly mu­gal­ly­my Gow­şut Ese­no­wyň uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry ba­ra­da­ky be­ren gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ni okyjylar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik:

— Ada­myň dur­muş­da esa­sy ar­zuw­la­ry­nyň bi­ri — sag­lyk bi­len uzak hem ma­ny­ly ýa­şa­mak. Bu zat­la­ram, nä­me, özü­ňe bag­ly zat. «Özü­ňe bag­ly» diý­se­mem, as­lyn­da, uzak ýa­şa­mak öz ata-ba­baň­dan do­wam edip gel­ýän ne­sil da­rag­ty­ňa hem bag­ly­dyr. Sen­den öň­ki ýa­şap ge­çen pe­der­le­riň uzak ýaş­ly­ly­gy, hök­ma­ny su­rat­da, ne­sil yzar­lap, sa­ňa-da öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ýö­ne köp ba­bat­da uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry öz eliň­de. Bu zat­la­ry öz dur­muş tej­ri­bä­mi göz öňün­de tu­tup aýd­ýa­ryn. Hä­zir­ki wagt­da men 87 ýa­şym­da, özümden uly agam Şa­dur­dy 88 ýa­şyn­da, iň uly aga­myz Ça­ry­my­rat bol­sa 90-dan aňyr­da. Biz, as­lyn­da, uzak ýaş­ly­la­ryň maş­ga­la­sy hem ha­sap­lan­ýa­rys.

Dur­muş­da bag­ty­ýar hem uzak ýa­şa­ma­gyň iň go­wy ýö­rel­ge­si — özü­ňi ra­hat hem şa­dy­ýan alyp bar­mak­dyr. Göw­na­çyk­lyk, şa­dy­ýan­lyk öm­rü­ňe uly tä­sir ed­ýär. Ada­myň ra­hat­ly­gy­na, şa­dy­ýan bol­ma­gy­na aý­dym-sa­zyň tä­si­ri hem diý­seň ulu­dyr. Men 5-6-njy synp­lar­da oka­ýar­kam, du­tar çal­ma­gy öw­ren­dim. Mu­gal­ly­mym Ata­my­rat Sol­ta­now du­tar çal­ma­gyň in­çe syr­la­ry­ny öw­ret­di. Bi­ze bir­nä­çe ge­zek toý­lar­da, mä­re­ke­ler­de aý­dym aý­dyp, ha­ly­pa­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­mak ne­sip et­di. Us­sat sa­zan­da Han Aky we gy­jak­çy Ata Ab­ly­ýew bi­len hem otu­ryş­mak ne­si­bä­miz­de bar eke­ni. Hä­zir­ki wag­ta çen­li aý­dym­la­ry bi­len hal­kyň aňyn­da ýa­şap gel­ýän ki­çi­jik Gul­ba­ba­jy­gyň ka­ka­sy Han Aky­ýew bir ge­zek bi­ze şeý­le gür­rüň be­rip­di: «Gul­ba­ba da­şar­da oý­nap ýör­kä hem, sazyň owazyndan ünsüni sowmaýar. Öý­de men du­tar ça­la­nym­da, kämahal oglumy synap görmek üçin kakuwy nädogry alyp görýärin welin, yl­gap ýa­ny­ma ge­ler-de, derrew şol säwligi aýdyp gider. Ol her bir sa­zyň ka­ku­wy­ny, owa­zy­ny, çal­nyş usu­ly­ny diý­seň gowy bi­ler­di» di­ýen söz­le­ri he­ni­zem gu­la­gym­da.

Aý­dym-sa­za bo­lan söý­gi türk­me­niň ga­nyn­da bar. Bu sun­gat ada­myň ru­hu­nyň be­lent bol­ma­gy­na, şäh­di­niň açyl­ma­gy­na tä­sir ed­ýär. Sazyň ynsan ömrüniň uzamagyna, sagdyn bolmagyna täsiriniň bardygy gadym döwürlerden bäri bellidir. Gyzamyk çykan çaga saz diňledilýändigini ýadyňyza salsaňyzam, men bilen ylalaşarsyňyz.

Uzak ýa­şa­ma­gyň ýe­ne bir sy­ry sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek­dir. Adam my­da­ma he­re­ket­de bol­sa, sport hem be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­sa, be­de­ni sag­dyn hem ber­daş­ly bol­ýar. Sag­dyn, güýç-kuw­wat­ly be­de­ne hiç bir dä­ri-der­ma­nyň ge­re­gi ýok, nä­sag­lyk hem go­la­ýy­na gel­mez. Ki­çi­käm sport bi­len gy­zyk­la­nyp, deň-duş­la­ry­myz bi­len fut­bo­ly hem wo­leý­bo­ly kän oý­nar­dyk. Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­na hem syp­dyr­man to­ma­şa eder­dik. Sport ug­run­dan bir­nä­çe ýa­ryş­la­ra hem gat­na­şar­dyk. Er­kin gö­reş bo­ýun­ça geçirilen ýa­ryşlara-da gatnaşypdym.

Hä­zir hem sä­her bi­len oýa­nyp, maşk edip, py­ýa­da ýö­re­me­gi go­wy gör­ýä­rin. Adam köp he­re­ket­de bol­sa, şa­dy­ýan hem göw­na­çyk gez­se ýa­şy­nyň hem uzal­ma­gy­na tä­si­ri bar. Ja­nyň sa­gat, maş­ga­laň aba­dan, ýur­duň pa­ra­hat, asu­da bol­sa, hök­ma­ny su­rat­da, öm­rüň hem uzal­ýar. Me­niň 3 ogul bi­len 1 gy­zym­dan 11 sa­ny ag­ty­gym, 22 sa­ny çow­lu­gym bar. Ola­ryň her bi­ri­ne sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek­le­ri­ni, sport hem be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry­ny yzy­gi­der­li sar­gyt ed­ýä­rin.

Özümden uly doganlarym Çarymyrat bilen Şadurdy hem elmydama hereketde bolmagy halaýarlar. Bilelikde gezim edýän, okalan kitaplar boýunça pikir alyşýan, saz çalyşýan wagtlarymyz kän bolýar. Çünki biz ýaş wagtymyz durmuşyň kynçylygyny görenem bolsak, Hudaýa şükür, indi bagtyýar döwrüň ýaşululary bolduk.

Uzak ýaşamagyň syry barada aýtsak, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmek durmuş endigimize öwrüldi. Hä­zir­ki wagt­da bolsa hor­mat­ly Prezidentimiziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­ti­miz­de sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler döredilýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­leriň ýur­du­myz­da bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­na, ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn hem kuw­wat­ly bol­ma­gy­na uly äh­mi­ýe­ti bar. Sag­dyn hem bag­ty­ýar bol­mak — bu uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry­dyr. Ol di­ňe bi­ziň özü­mi­ze bag­lydyr.

Hojaberdi APBAÝEW,
žurnalist.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy, 14.08.2023

Tmpedagog