23.09.2023 Söhbetdeşlik129 .

Başlangyç bilimiň ähmiýeti ýokary


Bilim ojaklarynda iş tejribesinden ýüki ýetik mugallymlar yhlas bilen zähmet çekýärler. Olar diňe bir körpe nesillerimize sapak bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary okuw jaýlaryny gutaryp gelýän ýaş mugallymlara hem halypalyk edýärler. Eýýäm ençeme ýyl bäri bilim ulgamynda zähmet çekip, işgärleriň arasynda uly abraýdan peýdalanýan mugallymlaryň biri hem Altyn Nurberdiýewadyr.

Altyn mugallym Mary şäherindäki 25-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet çekýär. Ol öz sapaklarynyň täsirliligini gazanmak üçin okatmagyň dürli usullaryndan ugur alyp, mekdebiň 2-nji “A” synp okuwçylaryna başlangyç bilimini berýär. Mugallym körpe nesillerimize başlangyç bilimi bermekde ussat, halypa mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Altyn mugallym okuwçylara kompýuterde işlemegiň usullaryny hem içgin öwredip, olaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmakda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. Onuň okuwçylara yhlas bilen bilim hem terbiýe berşinden ene-atalar hoşal bolup, mugallyma çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.

Sülgün ŞADYÝEWA.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 21.09.2023

Tmpedagog