21.10.2023 Söhbetdeşlik104 .

Hemişe döredijilikli gözlegde


Kärdeşleri: “Ogulsuraý mugallymçylyk kärini saýlap ýalňyşmandyr. Onuň kärine bolan söýgüsi, yhlasy egsiler ýaly däl” diýip, baha berýärler. Şeýle diýmez ýaly hem däl. Çünki, biregne 28 ýyl bäri işläp gelýän Ogulsuraý Alladyýewa mekdebiň medeni-köpçülik çärelerini guramakda ýakyndan ýardam berýär. Bir görseň-ä, sapakdan soň okuwçylary bilen edebiýat agşamyna taýýarlanýandyr, birde-de, mugallymlaryň arasynda guralýan “Ýylyň mugallymy” atly bäsleşige taýýarlyk görüp ýörendir.

1-nji derejeli başlangyç synp mugallymy Ogulsuraý Alladyýewa 1995-nji ýylda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, şondan bäri ýaş nesle başlangyç synplarda bilim-terbiýe berýär. Mugallymyň giň düşünjeli, zehinli bolmalydygyna oňat düşünýän halypa mugallym, çeper, ylmy edebiýatlary köp okaýar. Sapakda görkezme esbaplarynyň dürli görnüşlerini, suratlary ýerlikli ulanmagy başarýar. Ogulsuraý mugallym her bir temany geçende, okuwçylarynyň ünsüni çekmegi başarýar.

Ogulsuraý Alladyýewanyň zähmet çekýän Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesindäki 40-njy orta mekdebe baryp görseňiz, onuň synp otagyny synlamagy unutmaň! Synp otagynyň döwrebap abzallaşdyrylyşyny, diwarlyklaryň temalar boýunça gelşikli ýerleşdirilişini, arassaçylygy görüp, okuwçylardyr mugallymyň bu synp otagyna uly yhlas siňdirýändigine göz ýetirersiňiz. Mugallymyň etrap boýunça guraýan görelde açyk sapaklary kärdeşleriniň oňat bahasyna mynasyp bolýar. Onuň baý halypalyk tejribesi bar.

Halypanyň şägirdi Jeren Atamyradowanyň okuwçylary etrap, welaýat ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar.

Üstümizdäki — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da Ogulsuraý mugallymyň döredijilikli gözlegleri her bir sapagyň baý mazmunly, gyzykly bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Mugallym ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, tutanýerli kemala gelmeginiň derejesiniň okadylýan sapaklaryň many- -mazmunyndan gözbaş alýandygyna oňat düşünýär. Şeýle bolansoň, ol hemişe döredijilikli gözlegde.

Galina RAHIMOWA.
“Maru — şahu jahan”.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 19.10.2023

Tmpedagog