21.10.2023 Söhbetdeşlik217 .

Baýry mugallymyň belent sarpasy


...Sapak gyzgalaňly gidip durdy. Çagalar indiki geçiriljek tejribe işiniň netijesine sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Bu ugurdan baý tejribesi bolan mugallym taýýar duran aýna gaplardaky suwuň bugarmak hadysasynyň nähili ýagdaýda geçýändigi hakda gysgaça düşündiriş bermäge başlapdy. Okuwçylar gulaga öwrülipdiler. Içi suwly aýna gabyň aşagyna kükürdi çakyp, suwuň gyzdyrylmagyny ýola goýan mugallymyň nazary her bir kiçijik hereketi üns bilen synlaýardy. Bu ýagdaýy gözlerini gyrpman synlap oturan okuwçylaryň görnüşi asuda ýaly bolsa-da, olaryň kalbynda gopýan harasat kiçi-girim däldi. Aýna gapdaky suwuň içinde emele gelen bug damjalary kem-kemden ulalyp, suwuň ýüzüne çykmaga howlugýardylar. Olar basym ýokaryk galkyp ýarylarlar-partlarlar. Ana, şeýdibem suw bugaryp, howa ýaýrar. Aýbibi mugallym bulary mylaýymlyk bilen gürrüň berip durşuna düýrmegi bilen bu hadysanyň içine giripdi. Birdenkä daşarda ýagýan ýagşyň şapyrdysy, ýeliň şuwwuldysy eşidilip, gözüniň öňünde münder-münder bulutlar, ýyldyrym peýda boldy. Soňundanam gar tozgalary... Durşy bilen göze, gulaga öwrülen okuwçylaryň käsi çalaja tisginen ýaly gozganýardylar. Mugallym okuwçylarynyň bu gizlin ruhy ahwalatyny şobada duýýardy. Birdenkä onuň göz öňünde birmahalky orta mekdepde okadan fizika mugallymy Meret Öräýewiň keşbi peýda bolup: «Aýbibi, saňa näme bolýar?» diýäýjek ýaly, reňki boz-ýaz boldy. Çünki dokuzynjyda okaýarka fizika dersinden Daşoguz şäherinde döwlet derejesinde geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolupdy, hünär saýlamaly bolanda fizikany saýlapdy. Şonda Meret mugallym oňa ak pata beripdi. 1983-nji ýylda orta mekdebi tamamlan badyna Maksim Gorkiý adyndaky (häzirki Magtymguly adyndaky) Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetine okuwa giripdi. Bu zatlary demsalym pikirinde aýlan Aýbibi mugallym şobada-da özüni ele aldy. Bu ugra baş goşmagyna sebäp bolan ilkinji halypasynyň göz öňüne gelmegine monça bolup, tejribe geçmegi tamamlady. Çagalar bilen mylaýym hoşlaşyp, öýüne dolandy.

...Aýbibi mugallym ýene täze oýlara batyp, mekdebe tarap ýola düşdi. Bu gün fizika dersinden açyk sapak geçmelidi. Sapakda fizikanyň durmuşdaky hadysalar bilen baglanyşygyny görkezmelidi. Ösen innowasiýa tehnologiýalarynyň üsti bilen. Oňa ýoldaşlary garaşýardylar. Mekdebe gelen badyna okuwçylarynyň bir topary onuň öňünden ylgap çykyp «Daşoguz habarlary» gazetiniň täzeje sanyny eline berdiler. Bu gazetde Aýbibiniň medeni mirasa degişli bolan «Gymmatly hazyna» atly makalasy bardy. Mugallym üçin şunuň ýaly pursadyň gymmatyny diýsene! Ol çaga ýaly begenip, biygtyýar ýatlamalara çümdi. Okuwçy döwrüdi. Deň-duşlary bilen edebiýat gurnagyny geçirmäge taýýarlanyp ýördüler. Duýdansyz pursatda gapydan eli bir topar gazetli edebiýat mugallymy Baýram Amanýazow girdi. Ol Akdepede neşir edilen «Watan» atly gazetini aldy-da, «Ýowar geçirildi» diýen makalany Aýbibiniň synpdaşlaryna okap beripdi. Baýram mugallym öz okuwçysynyň makalasyny görüp, çaga ýaly begenipdi. Ol Aýbibiniň gazetde çykan ilkinji makalasydy. Muny dessine Aýbibiniň ejesine buşlamaga gidipdi. Şu pursat ýadyna düşende Aýbibi mugallymyň kalbyna hyjuw, zybanyna çeper jümleler gelen ýaly bolýardy. «Ýokary mekdebi fizika boýunça okaryn, edebiýatam özüme hemişelik hemra edinerin» diýip, öz-özüne beren wadasy ýadyna düşýärdi. Onsoň ejesi Gurbangül mugallymam kalby joşgundan, aýdymdan doly mährem ynsandy ahyryn. Häli-häzirlerem ýadymda, Milli bilim institutynyň Daşoguza iş bilen gelen bölüm müdiri, baýry bilim işgäri Yklym Seýisow Gurbangül mugallymyň sapagyna gatnaşyp: «Gurbangül ýaly mugallymlar köp bolsady» diýipdir. Şondan biraz wagtdan soňam Yklym aga «Halypa» žurnalynda «Başarjaň mugallyma» diýen at bilen oňa bagyşlap ýazan makalasyny çap etdiripdi...

...Aýbibi dem salymdan oýlanmalardan saplanyp, özüni rastlady. Açyk sapak başlandy. Diffuziýanyň gazlarda, suwuklyklarda, gaty maddalarda bolýandygy okuwçylaryň görüp ýören mysallary bilen düşündirilip ugraldy. Irki döwürde keçäni güllemek üçin ýüňleri, haly ýüplüklerini boýanlarynda boýagyň gyzgyn suwa salnyşy, netijede, dürli reňkli sapaklaryň we ýüňleriň alnyşy hakynda durlup geçildi. Ene-mamalarymyzyň dünýä ýaň salan nepis halylary dokaýşy, keçeleri taýýarlaýşy okuwçylaryň öňünde özüniň kemsiz beýanyny tapdy. Sapak mekdep müdiri Şemşat Pirjanowa bilen okuw işleri boýunça orunbasary Rejepmät Pudakowyň ýürekden hoşallygy bilen tamamlandy.

Talyplyk ýyllary ötegçi guşlaryň alys illere hatar gurap ýola rowana bolşy ýaly, hä diýmän geçip gitdi. Aýbibi uniwersiteti tamamlap, 1988-nji ýylda Akdepe şäherçesindäki 33-nji orta mekdebe fizika mugallymy bolup işe geldi. Mugallymyň hysyrdyly, nesilleriň öňündäki juda jogapkärçilikli zähmet ýoly başlandy. Soňky ýyl obadaş ýigidi Hangeldi Orazow bilen durmuş toýuny tutdy. Yzysüre gelin bolup düşen ýerine — Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 54-nji orta mekdebe işe ýerleşdi. Ol her gün işe ugranda bilim beren halypa mugallymlaryny ýatlaýardy. Olaryň sapak geçişi, tälim-terbiýesi göz öňünden gitmezdi. Aýbibiniň täze iş ýerinde baýry mugallym, Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigi Täçmyrat Ýazmyradow oňa halypa boldy. Ýaş hünärmene degerli maslahatdyr, kömek-goldawyny gaýgyrmady. Durmuşda hemme zat öz erkiňe bagly bolubam duranok. Ýaňy kämillige gol beren mugallym öwrenişen çagalaryndan aýra düşmeli boldy. Maşgalasy bilen etrap merkezine göçüp gelip 1-nji, soňra 93-nji orta mekdeplerde işledi. Eýýäm bu geçen döwrüň içinde Aýbibi bilim işgärleriniň usuly okuwlarynda, konferensiýalarynda, okuwçylaryň bäsleşiklerinde özüni zehinli mugallym, tejribeli guramaçy hökmünde tanatdy. Eli işden sypynan halatynda metbugatda, telewideniýe üçin çykyşlara taýýarlanýardy. Ony mawy ekranda görenler, makalalaryny okaýanlar sagbolsun aýdyp, jaň edýärdiler, gutlaýardylar, ondan maslahat soraýardylar. Aýbibä dürli döwürlerde yhlasly çekilen zähmetiň netijesinde ýurdumyzda geçirilýän uly syýasy forumlara — GDA gatnaşyjy döwletleriň we ylmy intelligensiýasynyň döredijilik işgärleriniň VII forumyna, TKA-nyň III, IV, V, TDP-niň VII gurultaýlaryna, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň geçiren «Türkmenistanda aýallaryň hukuklary» atly maslahatyna we «Ýylyň zenany» bäsleşiklerine gatnaşmak bagty miýesser etdi. Ýokarda atlary agzalan döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlarynyň otuzdan gowragyna mynasyp boldy. Hasap edip otursaň, mekdepden başlanan ak ýol uzalyp, alyslyklara ýaýrady. Mugallymçylygyň bassyr 35 ýylyny biregne arka atan Aýbibiden sapak alan şägirtleriň sany köpeldi. Olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işleşip ýörler.

Baýry mugallym Aýbibi Rejepowanyň döwletli maşgalasy bar. Ýanýoldaşy Hangeldi saglyk ulgamynda, uly ogly Eziz Köneürgenç pagta egriji kärhanasynda işçi, gelni Nurbibi şol kärhanada ykdysatçy, ikinji ogly Menzil harby bölümde, gyzy Aýtäç çagalar sungat mekdebinde zähmet çekýärler. Uly oglundan üç, ikinji oglundan iki sany agtygy bar. Ondan özüniň bagtly pursatlary hakynda soranyňda:

— Men 2010-njy ýylda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň täze binasy açylanda astronomiýa dersinden sapak berdim. Oňa Gahryman Arkadagymyzyň hut özi gatnaşdy. Munuň özi meniň üçin iň bagtly pursatlaryň biri boldy. Soňra «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldym. Meniň Gahryman Arkadagymyzdan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan, ilimden-günümden hoşallygymyň çägi ýok — diýip, buýsançly jogap berýär.

Ine, ýene gökde bulutlar lemmer-lemmer bolup, gezmeläp ugradylar. Sanlyja minutlardan ýagşyň ysy çisňäp gelip, şapyrdap-şapyrdap doly guýdy. Gök gübürdäp ýyldyrym çakdy. Az salymdan asman çüýşe ýaly durlandy. Aýbibi mugallym äpişgeden seredip durşuna şahyr Annaberdi Agabaýewiň:

Ýene gökde älemgoşar doguldy,
...Biri ýaşyl, biri sary, biri ak...

— diýen setirlerini biygtyýar ýada salýardy. Çünki ol fizikanyň durmuş bilen baglanyşygy hakda oýlara batypdy. Baýry mugallymyň ähli oý-pikiri sapagyň durmuşylygyny gazanmak, körpelere çuň bilim, gowy terbiýe bermek hakdady.

Meret ÝAGŞYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
37-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 19.10.2023

Tmpedagog