01.11.2023 Söhbetdeşlik119 .

Usulyýet işiniň ussady hakynda söhbet


Sapagyň öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak döwri mekdepde geçilýän sapagyň aýrylmaz bölegi bolup, ol mugallymyň yhlasynyň, başarnygynyň nä derejede ýerine düşendigini, okuwçylaryň bolsa öwredilen temany näderejede kabul edendigini aýdyňlaşdyrýan döwür bolup durýar. Öý işiniň yzygiderlikde, talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak mugallymyň öý işini soramakdaky tärlerine we usullaryna, galyberse-de, durmuş tejribesine baglydyr.

Mugallymyň adaty we adaty däl görnüşde öý işini soramak döwrüni guramagy sapaga synp tagtasynyň öňüne geçip jogap bermek däbini üýtgetmegi, ýeri gelende mugallymyň hem öz ornuny synpyň içinde üýtgetmegi, beýleki sapaklarda adaty sapaga jogap berýän okuwçylaryň ünsüni, sapaga bolan garaýşyny üýtgedýär. Özümiň durmuş ýolumy mugallymçylyk bilen baglanymdan soň, okuwça temany düşündirip, öwreden temamy aýdyp bermegini gazanmak aňsat bolmady. Hernäçe jan edip, adaty ýollar bilen öý işini soramak döwrüni gurajak bolmagym garaşylýan netijäni bermeýärdi. Ýokary okuw mekdebinde okan döwrümizde usulyýetçi mugallymlarymyzyň aýdýan sözleri gulagymda ýaňlanýardy. «Mugallym öz ugrundan näçe ökde bolsa-da, bilýän zadyny okuwça öwredip, aňyna siňdirmegi başarmasa, onuň göwni suw içmez» diýşi ýaly, men hem öz-özümden nägiledim.

Orta mekdepde okaýan döwrümizde ähli okuwçylaryň aňynda talap ediji, özüni sylatmagy başarýan, öz käriniň ussady hökmünde tanalýan mugallymymyz bardy. Özüm mugallym bolup, işe başlan günümden onuň nä derejede ussatdygyna, sapagy ýokary derejede öwredýändigine ýene bir ýola göz ýetirdim.

Mekdebiň 7-nji synpyndan tä mekdebi tamamlaýançak Türkmenistanyň taryhy, Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary, ählumumy taryh, jemgyýeti öwreniş derslerinden okadan Ogulkeýik Çopanowa öz sapagyny amaly we nazary sapaklaryna bölýärdi. Nazary sapaklarynda mugallym temany doly derejede düşündirýärdi. Wakalar anyk, takyk maglumatlar bilen beýan edilip, bize düşündirýän mahaly hiç birimizden ses çykmaýardy. Synpyň okuwçylary temanyň düşündirilişiniň täsirinden ýaňa başga zada üns hem bermeýärdiler. Depderimize tema degişli ýerlerden bellikler etdirýärdi. Temada gabat gelýän wakalaryň seneleri iş depderimiziň arka ýüzüne ýazdyrardy. Nazary sapagynda ýazylan bellikleri okap, amaly sapaga taýýarlanýan mahalymyz, nazary sapakda tema düşündirişi ýaly mugallymymyz göz öňümizde janlanýardy. Amaly sapakda mugallym diňe bizi diňlärdi we geçilen seneleri, wakalary bilmegimizi gazanýardy.

Amaly sapak başlanandan, synpa girip, mugallym oturyp-oturmazdan okuwçylara ýüzlenip, bir kagyz almagy tabşyrardy. Mugallymyň talabyna belet okuwçylar, öňden taýýarlap goýan kagyzlaryny depderdir gündelikleriniň arasyndan çykaryp, onuň ýokarsyna adyny, familiýasyny ýazyp, ýokardan aşaklygyna 1-den 10-çenli belgilärdi. Okuwçylaryň taýýarlygyna nazary düşen mugallym geçen ýerimizden taryhy wakalary aýdýar, biz bolsa şol wakanyň gününi, aýyny we ýylyny ýazardyk. Ýa-da bir senäni aýdýar, biz bolsa şol senede nähili taryhy wakanyň bolup geçendigini ýazmaly bolardyk. Şeýle yzygider görnüşde taryhy seneleri bilşimizi amaly sapaklarda barlap durardy.

Göräýmäge kagyzyň bir bölegine ýazylyp alnan barlagnamalar ýönekeýje usul ýaly görünse-de, bu yzygiderli barlagnamalar okuwçynyň aňyna taryhy wakalary anyk senesi bilen ýazýan eken. Bu görnüşdäki barlagnamalar 2-3 minutdan uzaga çekmeýär we olary barlanymyzda bolsa gapdalymyzdaky ýoldaşymyzyň işini özüniň gözegçiliginde özümize barladýardy. Bu usul okuwçynyň öz ýoldaşyna bolan garaýşyny, oňa bolan sylanşygyny gowulyga tarap artdyrýardy. Özümize az salymlyk bolsa-da «mugallymçylyk» edip, ýazan işimize baha goýmaga mümkinçilik berýärdi. Sapagyň galan böleginde tema soraýardy. Tema soranda mugallym synpyň iň soňky partasyna geçip oturýar we beýan sapagynda bize münberden çykyş etmegi talap edýärdi. Hiç bir okuwçy münbere münmezden temany aýtmagyna ýol bermeýärdi.

Görüp otursam, mugallym öz okuwçysyna şahsyýet hökmünde seredip, öz ýoluna — mugallymçylyk kärine söýgini oýarýan ekeni.

Mekdebi tamamlanymyz bäri birnäçe ýyl geçse-de, bile okan deň-duşlarymyz bilen sataşan wagtymyz, mekdep döwrümizi ýatlaýsak, hökmany suratda göz öňümize taryh mugallymymyz gelýär. Okadan mugallymlarymyzy ýatlasak, hökmany suratda şol mugallym sanawyň başynda bolýar.

Guwanç TOÝLYÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
94-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 01.11.2023

Tmpedagog